ARWAH GELÝÄN GIJESI (Ogulsenem Taňňyýewa)
***
Enkaň haýyşy boýunça...

Soňky döwürler Aýjahan daýza ýürekgysma keseline sataşdy. Birden-birden dünýä sygmajak bolýardy. Giň jahan gözüne dar görnüberýärdi. Ol muny garrylyga ýorjagynam bilenokdy, agtygy Gülälegiň ýetişýänine ýorjagynam. Gülälegiň ýetişip ugramagy diňe Öwezi däl, Aýjahan daýzany-da alada goýýardy. Ol ýekeje agtygyna şeýle bir öwrenişipdi welin, ony durmuşa çykarmalydygy ýadyna düşende, öýe sygman, düwläp-düwläp galyberýärdi. Köçä çykyp, ýüregini giňedýärdi. «Oglumyň birje ogul zürýady bolaýmady-da. Bu gyzam öýi boşadyp gider. Giýew diýeniňem kesekiniň erkegi. Ony öýe getirip boljakmy, bolmajakmy, kim bilýä. Getirjek bolanyňda ol geljekmi-gelmejekmi! Getireňsoň, göwnüň sygyşjakmy-sygyşmajakmy» diýip, häli-şindi alada bilen pikir öwürýärdi. Ol aladalaryny gelni Güljeren bilen ogly Öweze ýaňzydanokdy. Olary-da öz gaýgysyna batyrmak islänokdy. Ýüregini giňeltmek üçin käteler goňşy oba çykaran gyzy Nurjahanyňka giderdi. Gülälek hakdaky şol bir gürrüňleri bilen gyzynyň gulak etini gazardy.

— «Birim bar — müňüm bar» diýipdirler, eje diýip, Nurjahan ejesine göwünlik berýärdi. — Şükür et, Ýekeje zürýatsyz ötüp ýörenler bar-a dünýeden. Şol gyzam bolmadyk bolsa näderdiň?! Ine, nesipli gün gelip, öýe düşer welin, daşyňyzy çagadan dolduryp berer...

Gyzynyň gürrüňlerine Aýjahan daýza birneme köşeşerdi. «Belki şeýle bolsun-da!» diýip, birdenem şükür ederdi. Birdenem, ýene çig süýt emenligini edip, howsalaly pikirlere özüni aldyrardy. «Eri, birje ogly-da bolan bolsa bolmaýamy Öweziň. Gülälekden çaga önende-de, ol Öweziň yz-a bolmaýar. Başga kişiniň nesli bolýar-a. Çagasy ýene bolar diýip, kän garaşaýdym-da. Başy ýaşka Güljereni kowaga-da, başga birine öýeräýmeli ekenim. Beýden bolsam-da, soň ýene Öwezden hiç zat önmese näderdim?! Gülälek janam ýitirerdik. Güljerenem önelgesiz-ä däl. Gülälegi dünýä inderdi ahbetin ol. Soňky önelgesizligiň kimdenligini nä biljek?! Wagtynda doktora-da görnäýmediler. «Eliň bilen düzedip bolmaýa» diýilýän zatlar bi... Dünýäniň gudraty kän... Islegiňe görä ogullam bolup bolanok, gyzlam. Aýaly kowubam bolanok, täzesine öýlenibem. Adam pahyr özüniň däl-de, başga kimdir biriniň isleýänini berjaý edip ýören ýaly... Isläniňi däl-de, görmeliňi görýäň...»

Aýjahan daýza pikirlerine gümra bolup, bu gezegem gyzynyňkyda iki gününi dagy geçirdi. Giýewisi çopandy. Ol bir aý öýde bolsa, bir aýlap çöldedi. Aýjahan daýza giýewiniň ýok wagtyny çemläp, gyzynyňkyda häli-şindi ýüregini açar giderdi. Anna güni ol yzyna şaýlandy.

— Şu gije-de bolaýsana — diýip, gyzy ony ýene saklady. — Öň-soň ýeke özüm. Çagalar kiçi. Menem ölen-ýitenleň ruhuna ys edäýjekdim. Bir özüm töwir galdyryp oturmaýyn. Munuň ýalyda ýanyňda ýoldaş bolsa gowy. Özüňem namazly-töwirli kişi. Maňa töwir galdyryp berip git.

Ýüregi hernäçe yzyna atygsap duranam bolsa, Aýjahan daýza özüniň ýeke syrdaşy bolan gyzynyň göwnüni ýykmak islemedi. Galdy. Agşam ys edip, bile töwir galdyrdylar.

Gije Aýjahan daýza aýylganç düýş gördi. Düýşünde gapydan uzyn boýly, aýaklary atan-satan, hüýt gara zat girip gelýärmiş. Aýjahan daýza onuň ýüzüni görüp bilenok. Ol boýdan-başa gara şala bürenen ýaly. Bir seretse-de, hiç hili şal ýok-da, ol zat gap-gara tüweleýe meňzeýän ýalydy. Aýjahan daýza gara zadyň Gülälegiň ýanyna bararyndan gorkýar-da, agtygyny penalamak üçin Gülälege tarap atylýar. Gülälek öýüň bir çüňkünde öňküleri ýaly, iş tikip otyrmyş. Aýjahan daýza döş gerip, ony ýetip gelýän gara zatdan gorajak bolýar. Ýöne ýetişenok. Gara zat Aýjahan daýzadan öňürdip, Gülälegi çaga göteren ýaly ýokaryk göterýär-de, gapydan çykyp ugraýar. Aýjahan daýza onuň yzyndan ylgaýar. Gara zat Gülälegi göterip, şäherden çykýar. Kanalyň boýuna baryp, ony belent raýyşlaryň üstünde ýatyrýar-da, bogjak bolýar. Aýjahan daýza ylgap baryp, zadyň egninden tutup çekýär. «Edýäniň näme! Goýber gyzy!» diýip gygyrýar. Gara zat yzyna öwrülýär. Aýjahan daýza seretse, ol öz ogly Öwezmiş. Aýjahan Öwezden Gülälegi näme üçin bu ýere getirenini soramakçy bolýar. Onuň bolup ýörşüne gahary gelýär. Ýöne hiç zat sorap bilenok. Birsyhly:

— Öwez! Öwez! — diýip, gygyrýar.

Düýşi şu ýere ýeten halaty Aýjahan daýzany gyzy Nurjahan yralap oýardy:

— Eje, samraýaň sen!

Öz gören düýşüne Aýjahan daýzanyň keýpi bozuldy. «Eý, hudaý jan! Bu nämäniň alamatyka?!» diýip, gorky bilen pikir öwürdi. «Ýa öýde bir zat bolup ýörmükä?»

Ol çaý-çörege-de kän meýil etmän, yzyna howlukdy.

— Aýylganç düýş görüpdirin. Basymrak gideýin men! — diýip, gyzyna habaryny berdi. — Göwnüne bolmasa, öýde bir zat gopýan ýaly.

Nurjahan ejesine igendi:

— Eje jan, senem soňky wagtlar garrap ýörmüň, nämemiň, bir ýerde karar tapaňok. Bäri gelseň, aňryk gitjek, aňyrda wagtyň bäri geljek. Aglap duran çül-çagalary ýok. Özleri görer günlerini. Indi ogluň bilen gelniňem ep-esli adamlar bolupdyr-a. Gyzlaryny çykarsalar, basym agtyk görýän adamlar bolýar-a olar. Ýeke wagtym birje aý ýoldaş bolaýarlar maňa-da.

— Bir aý diýme, gideýin. Saňa alla ýar bolsun — diýip, Aýjahan daýza yzyna howlukdy. — Sen dogry aýdýaň, soňky wagtlar özümem bir hili bolupdyryn. Ýüregim dünýä syganok.

Onuň howsala düşmesi ýöne ýere bolmady. Öýüne gelenden, gelni Güljeren ýarym-ýaş bolup, oňa agşamky bolan zatlary gürrüň berdi.

Gün günorta bolanda Öwez oýanyp, daşaryk çykdy. Ol gyzynyňkydan gelen ejesiniň üstüne guduzlan ýaly bolup gygyrdy:

— Nädip geläýdiň, eje?! Entägem giýewiň maňlaýyny alyp oturmaly ekeniň-ä birki gün! Gitseň, öýüňe köwlenmelidir öýdeňok. Ýigrenýänim giýewisiniň eňegine bitip ýören adamlardy. Öz ejemizem şeýle boldy. Bu öýde nämeleň bolanyny bilýäňmi sen?!

— Ýuwaş! Ýuwaş! — diýip, Aýjahan daýza ogluna bir elini galgatdy. —Gidenim ik gün-le. Köwlenmez ýaly, ýyl aşyp gidemok. Giýewiň eňegine-de bitemok. Giýew çölde. Öýünde ýogam! — Aýjahan daýza ogluna gyssagly şeý diýensoň, demini dürsäp, biraz dymdy. Köýneginiň ýeňi bilen maňlaýyndan syrygýan burçak-burçak derini süpürip oturyşyna, başyny ýaýkady. — Öwf! Bi yssyny! Ýüregiňi çaşyryp barýa. — Birneme özüni dürsänsoň, Aýjahan daýza ogluna ýüzlendi. — Güljeren aýtdy baryny! Boljak işe çäre ýok. Boljak iş men otursam-da bolar, oturmasam-da. Gyzyň ýetişipdir. Ata bolupsyň, oglum. Oglan-oglanjyk däl-ä sen indi. Mensiz başyňy çarmany-da öwren. Haçana çenli meň başyma irişdäňi atyp gezjek sen?! Men öläýsem näme etjek?! Şonda-da «öýe geleňok» diýäge-de, käýýäp gaýdaýjakmy?! — Aýjahan daýza gepiniň soňuny öýkeli hüňürdä sapdy. —Toba-toba, mydama seni günäkärlejek bolup durlar, gyz!...

Öwez sesini birneme peseltdi:

— Ata bolamda näme! Bilýän zadym barmy meniň?! Her zadam bolsa, köpi gören sen. Bizden bir sanaç uny artyk iýen adam. Näzik daýza köp bilýän eken. Gülälek birinji gezek çaşanda, ol Gülälegiň agyz-burnuna sogan ýenjip çaldy-da, açaýdy-how ony. Ýaşy ulurak adamlaryň köpi göreni bildirýä-how!

— Näzik dogry edipdir. Al-arwahlar sataşyp, şeýtanlaýan adamy soganyň ysy basym açýandyr. Ýüzärligiň tüssesine-de köp bela-beterler gelip bilýän däldir.

— Biz şonam bilemzok-da — diýip, Güljeren pikire batyp gepledi.

— Bilýän zadyňyz barmy siziň?! Bilmeseňiz, biljek bolarlar! —Aýjahan daýza gelnine igendi. — Boýuňyzy bezäp, toý gez diýseň size. «Öýde ýüzärlik bolsun» diýibem, näçe gezekler aýtdym men. Heý, gepim ýer tutdumy?!

— Ýüzärlik bilen bela sowuljak bolsa, men häziriň özünde tapyp gelerin ony! — Öwez haltadyr orak alyp, ýola şaýlandy. — Häzir tüýs ýetişýän wagty onuň.

— Gyrak-bujaklarda kändir — diýip, Aýjahan daýza ogluna ýüzärligi nireden almalysyny salgy berdi. Soňam özüniň näme üçin agşam gelmänini düşündirdi. — Nurjahanam anna agşamy ys çykardy, tüwüjik bişirdi. Özem ýeke. «Töwir galdyryp berip gidäý» diýip duransoň, galaýdym bir gije. Wah, beýle zatlaryň boljagyny nä bileýin men. Bilen bolsam, gelerdim-le.

— Bolýa-la, gyz! — diýip, Güljeren gaýynenesini köşeşdirdi. — Her näme-de bolsa, sag-aman geçdi. Sowuldygy bolsun. Näme diýseňem, ýanyňda ýaşulyň bolsa, kyn pursatda ýüregiň suwly bolýan eken...

— Dagy näme! — diýip, Aýjahan daýza ony makullady. — Köpi gören köpi gören bor-da.

Aýjahan daýza çaý-suwuny içip, özüni tutansoň, Gülälegiň ýanyna bardy. Gepi ilki agtygynyň tikip oturan işine syrykdyrdy. Keşdäniň eýlesini-beýlesini dyrmalaşdyryp gördi:

— Tüweleme, Gülälek jan, ýakaň-a gowy bolýa. Özüňem çalt işläpsiň öýdýän. Men Nurjahan ejeňlere gitmänkäm başlapdyň-a bu ýakany. Eýýäm gutaryp barýaň.

Gülälek enesiniň gepine jogap bermedi. Işine dümtündi oturdy. Işini öňküleri ýaly çalt tikenokdy. Iňňäni maýdalyna sançýardy.

Aýjahan daýza agşamky hadysany ýadyna salyp, agtygyny gynandyrmak islänokdy. Onuň özüniň dil açaryny isleýärdi. Şu pikir bilen Aýjahan daýza sag eliniň aýasyny Gülälegiň maňlaýyna degirdi:

— Gyzgynyň-a ýok.

Gülälek onuň elini itdi:

— Azar bermesene, ene. Iňňäni elime dürtdürýäň häzir. Näme, meniň gyzgynymy barla diýdilermi saňa?!

Aýjahan daýza müýnürgedi:

— Geçen agşam ýaramansyň-a, guzym. Gyzgynyň barmyka diýip, özüm barlap görýän maňlaýyňy.

Gülälek ýene enesi bilen gepi ugrukdyrybermedi. Sesini çykarman, işine güýmendi. Ol agşamky bolan zatlaryň ählisini bilýärdi. Gulagyna eşidilýän ses, özüniň dünýäni duýman iş tikişi, bary ýadyndady. Bu sataşan belany gaýgy edip, gyzyň ýüregi häzirem daş asylan ýaly bolup durdy. Sorkuldap, yzaly sançýardy. Işe-de güýmenesi gelenokdy. Ýöne wagtyny geçirmek üçin syrym-süpürimem, tikin işinem bialaç edýärdi. Ýüzlerini ak tam edişip, gorkuşyp oturan ejesidir kakasynyň bolşuna dözmän, syr saklaýardy. Häzir ol ähli bolan zady enesine aýdyp, möňňürip, ýüregini gowzutmak isleýärdi. Ýöne ýene ejesiniň-de, kakasynyň-da gynanjagyny bilip, özüne erk edýärdi. «Belki, bu bir gün şeýle bolandyr. Belki, indi geçip gider» diýip, pikir öwrüp, öz-özüni köşeşdirýärdi.

Aýjahan daýza-da agtygyndan artykmaç zat sorap, onuň ýüregine düşüp durmady. «Geçer gider, belki, al-arwah öýe bir gijelik darap geçendir» diýip, pikir etdi.

Şunluk bilen Gülälekli gürrüň galdy. Soňky günler, gijeler hiç hili üýtgeşik hadysa gopmady. Gülälegiň hem öňki asuda bolşudy. Şeýle bolansoň, bütin maşgala ýene rahatlyk aralaşdy. Aýjahan daýza Näzik daýzanyň ýanyna gümür-ýamyra baryp, onuň öýündäkilere özi ýok wagty kömek edeni üçin taňryýalkasyn aýtdy. Agtygynyň halyna gynanyp, gözlerini ýaşlady:

— Göz boldumy, dil boldumy, ýaňy bir ýetişip, gapy açylaýjak wagty... Kim indi munuň başyna kürte atmaga ýürek eder...

— Hudaý bardyr, düzeler, gynanma — diýip, Näzik daýza goňşusyna göwünlik berdi. — Belki, geçdigidir. Gaýdyp zadam bolmaz. Eger ýene gaýtalanaýsa-da, molla çagyryp, okadyp göräýmeli bor.

— Ýa garaguşagyry tapynaýdymyka? — diýip, Aýjahan daýza pikire batdy. — Şol keselem şeýdip, duýdansyz tapylýamyş.

— Aý, ýok, garaguşagyry däl. — Näzik daýza ynamly gepledi. —Garaguşagyry bolan kişi dişlerini biri-birinden geçiräýjek bolup, gatap ýatýar, titreýär. Ýumruklaryny bek düwýär. Tutgaýy tutan wagty garaguşagyryly kişiniň ýumruklaryny açmagy her kim-her kim başarmaýaram. Güýçli kişi tapylaýmasa. Näsagyň agzyndan ak köpük gelýär. Onsoňam, garaguşagyry diýen zat bir başlasa, arasyna kän salym salman, häli-şindi bildirip durýar. Ol seniň annaňy-da bilenok, şenbäňi-de. Men garaguşagyra sataşan adamlary kän görüpdim.

— Eý, tob-a! —diýip, Aýjahan daýza uludan dem alyp, sesini süýkdürdi. Alada galdy. — Onda ol, meniň agtyjygyma sataşan bela nämekä, allajanlarym?!

Näzik daýza agras gepledi:

— Näbileýin-dä, Aýjahan! Bu düne göz ýetirerden çuň-da! Bir görseň, «Al-arwah ýok» diýip ýörler. Bir görseňem, adamlar nähilidir bir düşnüksiz zatlara sataşýarlar. Anna agşamlary ölüleriň ruhlary oýanyp, gapy-gapy gezýä diýerdi köneler. Ýöne onam gören adam-a ýok. Bi, kakyn-silkinli adamlara näme diýjek? Olar mydama kimdir biri bilen gepleşip ýörler. Olar doglanda kakynly bolup doglanoklar, ahbetin. Adama hemme zat soň sataşýa. Seniň agtygyňam kimdir biri bilen gepleşýä-de, soňam çaşyp ýykylýar.

— Dünede göze görünmeýän bir gudrat-a bar — diýip, Aýjahan daýza keýpini gaçyryp gepledi. — Şu gyza bir bela sataşjagyny düýşümde gördüm men, Näzik.

Bu sözlere tolgunyp, Näzik daýzanyň ýüzi üýtgäp gitdi:

— Goýsana, gyz?!

— Alla bar! — Aýjahan daýza sözüni dowam etdi. — Düýşümde ynsmy-jynsmy, bilemok, bir uzyn gara bela Gülälek jana topulýamyş. —Aýjahan daýza gepine birneme dyngy berip, gözlerine çyg getirdi. —Şu gyz öläýmese, Näzik...

— Goýaweri! — diýip, Näzik daýza Aýjahan daýzanyň al petinden aldy. — Toba et-de, sözüňi yzyna al. Hiç zadam bolmaz. «Düýşi görmekde däl, ýormakda» diýipdirler. Gowy zada ýorsaň, hiç zadam bolmaz!

Aýjahan daýza gözlerini süpürip, ýene bir uludan dem aldy-da, gamgyn halda sözüni dowam etdi:

— Ol gara zat Gülälegi çaga göteren ýaly göterip, bir ýerlere alyp gidýämiş. Men onuň yzyndan ýetip, egninden çekýän welin, ol öz oglum Öwezmiş. Bu gyzyň başyna Öwez sebäpli bir bela geläýmese... Gorkaýmasyn diýip, muny heniz Güljerene-de, Öweze-de aýdamok.

— Oňarýaň aýtmasaň — diýip, Näzik daýza Aýjahan daýzanyň gepini makullap, baş atdy. — Aýtsaň, olar gorkaram. Özüňem ýüregiň düşüşer ýaly, hudaýýolujyk paýlaý. — Şeý diýensoň, ol gepini dünýädäki gudratlara syrykdyrdy. — Bi, düýş diýen zada näme diýjek diýsene! Bir wagt menem oglum Emir janyň elimden gitjegini düýşümde görüpdim. Soň kakasynyň aýryljagy-da aýan boldy maňa. — Näzik daýza birdenem, öz gepleriniň Aýjahan daýzany has gorkuzjagy hakda pikir öwrüp, gepini üýtgetdi. Ýene goňşusyna göwünlik bermäge durdy. — Alada etme sen, belki, ol gara zat gudalardyr. Biri bilen guda bolup, Gülälegi çykarjaksyňyz. Gyz üçin gaýyn öýem atasy öýi ýaly bolýarmy näme! Aladadan, gowgadan doldurýarlar-a geleniň başyny. Agtygyň indi aladaly günlere gitmeli pursaty gelýändir. Gara zadyňdyr şol.

— Belki, şeýle bolsun-da, Näzik. Agzyňdan Hudaý eşitsin-dä! — diýip, Aýjahan daýza Näzik daýzanyň gepine birneme köşeşen ýalam bolsa, ýüreginden daş asylan dek bolup, gaýtmak üçin ýerinden turdy.
Dowamy bar.

Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir