— Heý, anna agşamy-da iş tikip bolarmy, Gülälek jan! — diýp, ejesi gyzynyň ýanyna geçip, çommalyp oturdy. — Özüňem ýadaýan bolsaň, nämä tikýäň ony?!
Gülälek ejesini diňlemedi. Ses gulagyna pyşyrdady:
— Ýanyňdaky aýalyň ýüzüne ur-da, işiňe haýda! Ol seni güýmejek bolýa! Kow ony!
Gülälek şarpygy bilen ejesiniň ýüzüni mazaly awutdy. Soňam azgyryldy:
— Gümüňi çek!
Şeý diýensoň, Gülälek ýene işine güýmendi. Özem gara der bolup, iňňäni şeýle bir çalt sançýardy welin, ellerine göz ilenokdy.
Dogup-döräli bäri bir diýlenini iki gaýtalatman, öz işi bilen bolup ýören gyzynyň bolşuna Güljeren ýüregini tutup aglap başlady:
— Waý, işim gaýtdy, doganlar! Bu gyz dälireýä! Bu gyz maňa hiç wagt gep gaýtaryp gören däldir. Ýüzüme şarpyldadyp urmasy näme onuň?!
Öwez Gülälegiň elinden işini silkip aldy-da, çete oklap goýberdi:
— Tikme şuny!
Elinden işi alnan Gülälek bir salym demini dürsemek üçin diwara ýaplandy.
— Waý, Alla jan-eý... — diýip, mejalsyz seslendi. Ysgyny gaçyp, ýene ýüregi çaşyp barýardy.
Näzik daýzadyr Aýnabat daýza bu ýagdaýa näme diýjeklerini bilmän, sadylla bolup durdular.
Ses ýene Gülälege buýruk berdi:
— Iňňäni al-da, ol adamyň gözüne sok! Ol saňa işiňi tikmäge päsgel berdi!
— Ol meniň kakam! — diýip, Gülälek ysgynsyz mydyrdady. — Men onuň gözüne iňňe sokjakgä!
— Sokarsyň! Özüňem çalt bol! — diýip, ses gazaply pyşyrdady. — Çalt bol! Çalt!
Ysgynsyz bolansoň, Gülälek emedekläp bir çetde zyňlyp ýatan köýneginiň ýanyna bardy. Sapakdan iňňäni çekip aldy. Soň mejalsyz halda ýerinden turup, Öweze golaýlaşdy. Iňňäni onuň gözlerine dürtmäge çemlendi. Öwez gyzy bat bilen itdi-de, turup, gaçdy. Eger şeýtmedik bolsa, onuň gözlerine iňňäniň çümjegi ikuçsyzdy.
— Gülälek! Sen akylyňdan azaşdyňmy? — diýip, Öwez zähre ýaryp barýan sesi bilen gygyrdy. — Edýäniň näme seniň?!
— Yzyndan ýet-de, onuň gözlerine iňňe sok! — diýip, ses Gülälege ýene buýurdy. — Çalt bol! Çalt bol!
Ses gyzyň gulaklaryny iýip, ýüregini gemrip barýardy. Onda durmaga karar goýanokdy. Şeýle bolansoň, Gülälek alaçsyz galyp, ýene kakasynyň ýanyna baryp, iňňäni onuň gözlerine dürtmäge çemlendi. Öwez indi gyzyndan gorkup başlady. Ony hernäçe gowy görýänem bolsa, öz jany-da süýji geldi. Janyny gutarmanyň aladasy bilen daşaryk çykyp gitdi.
— Indi otur-da, işiňi tik! Ol adam ýanyňa gelse, ýene gözüne iňňe sok! — diýip, ses Gülälege buýruk bermesini dowam etdi.
Gülälek zyňlyp ýatan köýnegini alyp, iňňesine sapak sapdy. Soň öňküsi ýaly, işine başlady.
— Bol! Bol! Çalt! Çalt! — diýip, ses ony howlukdyryp, janyny alyp barýardy.
— Eý, Hudaý! Eý, Hudaý! Bu zatlar nämäniň alamatyka?! — diýip, Güljeren aglamjyrady.
— Toba-toba! — diýşip, Näzik daýza bilen Aýnabat daýza ýakalaryny tutdular.
Gülälek öňküsi ýaly, gara dere batyp, işini göze ilmez çaltlyk bilen tikdi-de, ýene çaşyp ýykyldy.
— Çydamo-ok! — diýip, naýynjar iňňildedi.
— «Tiz kömegi» çagyr! Gülälek ýene çaşdy! — diýip, Güljeren daşaryk atylyp çykyp, adamsyna gygyrdy.
Näzik daýza bilen Aýnabat daýza Gülälegiň el-aýagyny düzedip ýatyrdylar. Güljeren onuň gelen-gideniň ýanynda serlip ýatmazlygy üçin, üstüne akja prostyn atdy. Saçlaryny düzedişdirdi.
Öwez içerik girip, «Tiz kömege» jaň etdi. Näzik daýza bilen Aýnabat daýza Gülälegiň el-aýagyny owkalamaga durdular. Şol wagt Näzik daýzanyň maňlaý saçyny kimdir biri emaý bilen sypan ýaly boldy. Näzik daýza bu ýagdaýa tisginip gitdi. Ýüregi ýerinden gozganan ýaly boldy.
— Waý-eý — diýip, nähili seslenenini duýman galdy. Aýnabat daýza onuň ýüzüne tiňkesini dikdi:
— Näme boldy, Näzik?
Näzik daýza tolgunmadan hopugyp gepledi:
— A gyz, göwnüme-de bolsa bilemok. Biri meňem saçymy sypan ýaly boldy-da, hakyt!
Näzik daýzanyň habaryna Güljeren aglamjyrady:
— Bu öýi arwah-jynlar eýeläpdir. Ertiriň özünde göçüp giderin bu ýerden!
Aýnabat daýza Näzik daýzanyň habaryna birbada gözlerini tegelese-de, soň ony köşeşdirdi:
— Göwnüňedir-le, gyz! Saçyňy sypar ýaly, kim bar seniň ýanyňda?!
Näzik daýza Güljerene ýüzlendi:
— Ýene bir sogan getir!
Güljeren sogan ardyp geldi. Näzik daýza ony owradyp, Gülälegiň agzyna, burnunyň daşyna çyrşap, gyzy özüne getirdi. Onýança «Tiz kömegem» geldi. Öwez bialaç halda dyza çöküp, maňlaýyny tutup oturdy.
«Tiz kömekden» süňňüeňil gopýan, ýaş wraç gyz düşdi. Onuň kiçijik çemodanjygyny göterip gelen doktor oglan wraç gyzdan-da ýaşdy.
Olary görüp, Näzik daýza bilen Aýnabat daýza Gülälegiň gapdalyndan çete çekildiler.
— Muňa näme bolýar? — diýip, wraç gyz töweregindäkileriň belli birine ýüzlenmän sorady.
Güljeren aglamjyrady:
— Muny al-arwahlar eýeläpdir. Öýländen bäri birsyhly özbaşyna samraýar. Özem aldygyna iş tikýär-de, çaşyp ýykylýar. «Tikme» diýsegem, diňlänok.
Wraç gyz Gülälegiň öýkenini, ýüregini, gan basyşyny barlady. Güljereniň sözüne ýylgyrdy:
— Al-arwahlar barmy, daýza, bi zamanda?! Sizem ýöne bir zat tapaýýaňyz. Gyzyňyzyň ýüregi, öýkeni, gan basyşy gowy. Özbaşyna samraýan bolsa, beýnisinde bir näsazlyk tapylan bolmagy mümkin. Nerwisine zeper ýeten bolmagy mümkin. Gyzyňyzy doktora mazaly barladyp, keselhana salyp, bejerdiň. Keseliň öňüni almasaňyz, soň kyn bolar.
— Haýry bolarmyka? — diýip, Güljeren gaýga galyp sorady. Öwez doňdurylan ýaly bolup otyrdy. Misli, ýüreginden daş asylan ýaly, gozganmaga-da güýç tapanokdy.
— Haýry bolar, näme bolman! — diýip, wraç gyz Güljerene hoşamaý jogap berdi. — Ösüp barýan ýaş syna. Belki, ýürekde, beýnide üýtgeşiklik bolup geçýändir.
— Belki, hudaý jan, şeýle bolawersin! — diýip, Güljeren aglamjyrady. — Ýeke çagam! Käşgä köp bolan bolsady, ýüregimiz birneme suwly bolsa-da bolardy.
— Häzir men birje sanjym edeýin. Gyzyň derrew sagalar — diýip, wraç gyz birsyhly Güljereni köşeşdirdi. Soň çemodanjygy göterip, henizem gapyda sadylla bolup duran kömekçisini ýanyna çagyrdy. — Bärik geç-de, şuňa rahatlandyryjy sanjym ur.
Kömekçi bolup gelen doktor oglan çalasynlyk bilen düşege geçip, gyza ukol urdy. Şondan soň doktorlar gaýtmak bilen boldular. Güljeren olary ugratmak üçin daşaryk çykdy.
— Häli, «iş tikme» diýleni üçin meniň-ä ýüzüme urdy, kakasynyňam gözüne iňňe sokjak boldy. Hakyt kowalady kakasyny — diýip, Güljeren wraç gyza Gülälegiň bolşuny gürrüň berdi.
Güljereniň sözlerine wraç gyz diňşirgendi.
— Ene-atada çagaka ýa-da ýaşka şeýle samrama keseli ýüze çykan bolsa, ol soňy bilen çagada-da bildirip bilýär. Siziň maşgalaňyzda şeýle keseli başyndan geçiren barmy? — Wraç gyz Güljerene tiňkesini dikdi. — Mamasy-babasynda baram bolsa, nesle geçip bilýä.
Güljeren biraz pikire çümdi. Soňra başyny ýaýkady:
— Ýo-ýok— diýip, sesini süýdürdi. — Men-ä hiç wagt samrama keseline sataşmandym. Kakasyny welin bilemok. Olaryň özler-ä maňa beýle zat hakda aýtmandylar. Menem soramandyryn. Ýaşan ömrümizde beýle gürrüňleriň geregem bolmandy.
— Bolýa, bu zatlary soň anyklarsyňyz — diýdi-de, wraç gyz özüne garaşyp duran maşyna mündi. — Gyzyňyzy psihiatora hem newrologa hökman görkeziň. Ertir ilki öz wraçyňyzy çagyryň. Ol size ýüz tutmaly ýeriňiz üçin ýörite hat berer.
«Tiz kömek» ýola düşensoň, Güljeren içerik gaýdyp geldi. Rahatlandyryjy ukolyň güýjüne Gülälek uka gitdi. Şondan soň Näzik daýza bilen Aýnabat daýza-da öýlerine gaýtdylar. Güljeren olary-da ýola saldy.
Öweziň gözüne uky gelmedi. Güljeren hernäçe «ýat» diýse-de, diňlemän, daň atýança gyzyny garawullady.
Irden Gülälek adaty günlerdäkisi ýaly bolup ýerinden galdy. Misli, hiç zat bolmadyk ýalydy. Ýuwnup-ardynyp, çaý demlendi. Çaý içdi. Öňem tämiz içeri-daşaryny syryp-süpürdi. Soň öýe girip, ýene işini tikmäge oturdy.
Onuň hereketlerinde hiç hili gorkuly zat görnenokdy. Ol öňki Gülälege öwrülipdi.
Öwez gözlerini gorkuly tegeläp, gyzyny synlap oturyşyna, oňa gep goşdy:
— Gyzym, ýagdaýyň gowumy?
Gülälek öňküleri ýaly, utanjyrap gepledi:
— Hawa, gowy.
— Iş tikmesene gyzym! — diýip, Öwez oňa gorka ýalbardy. Gülälek ýylgyrdy.
— Näme üçin, kaka?
— Sen ýaraňog-a! — Öwez şeý diýende tas aglapdy. Zordan özüne erk etdi.
Gülälek birsyhly ýylgyryp gepledi:
— O nähili ýaramok? Ýaraýan men-ä.
Öwez ondan geçen agşamky bolan zatlary soramak isledi. Birbada çekindi. «Şol wagt huşy başyndan gitdimikä munuň? Ýa-da baryny bilýämikä» diýip, içini gepletdi. Ahyry hem ýüregini bire baglap, gepini dowam etdi:
— Sen işiňi goý-da, ejeň bilen doktora görnäý, Gülälek jan.
Gülälek işine haýdap oturyşyna, Öweze sowal bilen ýüzlendi:
— Sagat janyma doktorda näme işläýin?
— Geçen agşam ýaramadyň-a sen?
Şu sözleri aýdanda Öweziň ýüregi jigläp gitdi. Gözlerini gyzyndan aýyrmady. Bu gepe gyzyň berjek jogaby onuň geçen agşam huşundamy-huşunda däldigini anyk etmelidi. Ýöne Gülälek kakasyna kanagatlanar ýaly gep aýtmady. Asla agşam hakda dilem ýarmady. Gaýdyp geplemedem.
Öwezem bir zady zol gaýtalap, gyzynyň kellesini agyrtmak islemedi.
— Gyzym, ýagdaýyň gowy bolsa, men biraz irkiljek. Gijesi bilen ýatman çykdym. — Öwez gepini başga ýana syrykdyrdy.
Gülälek kakasynyň näme üçin ýatman çykanynam sorap durmady.
— Ýagdaýym gaty gowy, kaka. Arkaýyn ýatyber — diýdi.
Öwez aýalyna Gülälekden agşamky hadysany bilýän-bilmeýänligini sorap görmegi tabşyryp, içki jaýlaryň birine girip ýatdy. Arkaýyn uklabam bilmedi. Bir irkildi, bir tisginip oýandy. Alasarmyklykda agşamky bolan wakany düýşünde görüp samrady. Bir gynandy, birdenem, gyzynyň häzirki rahat ýagdaýy ýadyna düşüp begendi.
Dowamy bar.