her gezek men saňa "söýýän seni!" diýemde, sen "hany aýt, söýgi näme?" diýen soragy berýärsiň, "nädip söýýäniňi düşündirdä" diýýärsiň. men seniň bu sowalyňa kän wagt jogap gözledim. dürli kitaplary okap gördüm. deň-duşlaryma sorag berip gördüm. ýaşy menden has ulurak adamlardan hem sorap gördüm. hat-da filosofiýadan, psihologiýafan sapak berýän mugallymlarymdan hem maýyny tapyp soradym "söýgi näme?" diýip. emma, geň galmaly, men söýgi hakda hiç ýerden-de, hiç kimden-de özümi kanagatlandyrýan jogaby alyp bilmedim. şoň üçinem, men bu sowala anyk jogaby diňe öz ýüregimden gözlemekligi makul bildim. meniň diňe "sen, sen, sen..." diýip gürsüldeýän ýürejigim maňa şu zatlary saňa aýtmaklygymy maslahat berdi: söýgi – bu, meniň seniň bilen bileje geçiren her bir minudyma begenýänligim! söýgi – bu, haçan-da, meniň ýüregimiň seni her gezek gören çagym ýa-da seniň sesiňi eşden çagym, doňup galýanlygy, ýa-da, tersine, gürsüldäp urup başlaýanlygy! söýgi – bu, meniň hemme ýerde jübi telefonymy ýanymdan aýyrman, hatda ýatamda hem ony başujymda goýup ýatýanlygym. sebäbi, men sen jaň edeňde, birdenkä, eşitmän galaýmaýyn diýip, gorkýan! söýgi – bu, meniň sen hakda her minutda 60 sekunt däl, 61 sekunt pikir edýänligim! söýgi – bu, meniň dünýädäki gyzlaryň içinde senden owadan gyzyň ýoklugyna ynanýanlygym! söýgi – bu, meniň senden başga hiç bir gyzy senden owadan hasap edip bilmeýänligim! söýgi – bu meniň uka giden halatymda-da, oýanamda-da diňe sen hakda pikir edip ýatýanlygymda we oýanýanlygymda! söýgi – bu meniň agşam ýatamda seni göz öňüme getirip ýassygy gujaklap ýatyşym...!
Söýgi hakda oýlanma
- 
                menbet
                14 years ago
                
 - gowja gosgy!
 
- 
                Ayjemala
                14 years ago
                
 - Tuweleme gaty manyly yazylan setirler soygun oyunlary kan nameler etdirmeyar yone on toruna dusaysen aman sypdyranok.Soysenizem soyulmegi yatdan cykarman.
 
- 
                ezka18
                14 years ago
                
 - ibragomov, bu temany teswirlerde biri yazypdy. senmi shol?
 
- 
                enka6868
                14 years ago
                
 - Salam hôwri kôp bolsun gowja goşgy
 
- 
                Ibragimov
                14 years ago
                
 - howwa
 
- 
                RTS
                14 years ago
                
 - gowja goshgy
 
- 
                RTS
                14 years ago
                
 - söygi nameler etdirenok namelere razy edenok
 
- 
                smert
                14 years ago
                
 - söygi yok dostlar netdinize
 
- 
                trabzonlu
                14 years ago
                
 -    soygi hak  dine hak değimende bolyar 
eweli bermeli sonam hak demeli
bermezden almak allaha mahsus
şhu gyzyn anasy babasy yokmukinem 
- 
                smert
                14 years ago
                
 - rts sen söygi nameler etdirenok namelere razy edenok diyyan weli janyny berermidin söygin üçin.
 
- 
                bmw525
                14 years ago
                
 - hawwa bererdi gerek bolsa dagdanam ozuni zynar. hahahahahaaha
onun yuregi buz dalde gyzylja et, gyzmyzy gan aylanyana menzeya 
- 
                saka
                14 years ago
                
 - söygı bu orta yaşa yetenlerın toslamasy
 
Ibragimov 14 years ago
 
            
derweze uzyndyr boyun yetmesin,
menden ozge yigde gozun gitmesin,
menden ozge yigde gozun gidayse
soyuship toy etmek nesip etmesin.
men yatyryn gul yassykda har bolup,
sen gelenok derdim sorap zar bolup.
men giderin gara guma garylyp.
sen galarsyn bir gormane zar bolup.
men seni soyaydim soyaydim oydyan,
sonky gunler mana bir zada bolyar,
begenmesiz zada begenip yorun,
hemem sahel zada keypim bozulyar,
men seni soyaydim soyaydim oydyan,
gownume sen meni soymeyan yali,
juda uly sayip yoren bu bagtym,
birden inna donup yitayjek yali.