Salam hormatly agzalar, Şu ýerde söýgi barada ýazylan mowzuklaryň we pikirleriň köpüsini okap bir zada göz ýetirdim: Oglanlaryň köpüsi gyzlardan ýanan (XXI asyr şeýleräk ). Onsoň bir maslahatjyk beresim geldi. Men öýlenmäkäm bir gyzy söýýärdim, olam söýýän diýýärdi. Ýöne bir gün bulanan bolup gitdi, ylgadym yzyndan kän, bolmady. Soň sypdyrdym ýüpüni, ýoguny çekip gitdi. Soňam gelmedi!!! Soň bir gün şeýle başga bir gyz bilen tanyşdym: (özümden uly), dostluk gurduk. (Köp söýgi dostlukdan başlanýar, kim näme diýse diýibersin, söýýän gyzlaryňyzy erkek dosty köp bolsa “gyzyl çyra”). Ýaňky gyz bilen 1-2 ýyl halaşamsoň olam bulanyp başlady. Oňam yzyndan ylgadym, ýalbardym. Bolmady. Onuňam ýüpüni sypdyrdym. Ýöne bilýäňizmi, ol kän wagt geçmänkä gaýdyp geldi. 1-nji gyz bilen 2- njiniň arasyndaky tapawut: Birinji gyz hakykatdanam söýenok, şonuň üçin hem bulanýar. Ikinji gyz söýýär, ýöne näz edeni üçin bulanýar. Ýöne goýberseň söýýän gyz gaýdyp gelýär az salymdan. Hökmän gelýär, gelmese gynanmaň, sebäbi söýenok we sizi bagtly edip biljek däl eken. Söýmeýän gyzy saklajak bolup özüňi horlamagyň manysy ýok, ynanaýyň. Saklasaňyz hem bir gün bolmasa bir gün ýene bulaşýar , durmuş gursaňyz hem ýüzüňize arkaýyn depip gider ýa-da ömür boýu "gul" bolarsyňyz . Başda ol gyz näçe söýýän diýen hem bolsa, wagtlaýynça sypatyňyzy halandyr, maşynyňyzy halandyr, wezipäňizi halandyr, ýürejigi gysandyr, wagtlaýynça hümürdeşesi gelendir, kömek gerek bolandyr ýa şoňa meňzeş bir zatdyr. Soňam keýpi düzelensoň, hakyky söýýän oglanyny tapyp sizden geçendir. Hakyky söýgi diwardan aslyan sagatdan çykýan baýguş ýaly gelip gidip durmaýar. Bir gyzy ýatdan çykarmak barada aýdylanda bolsa, islendik gyz hem perişde däl. Islendik gyz bilen bir aý habarlaşmasaňyz ýatdan çykýar, ynanaýyň. Näçe ýatdan çykmajak ýaly bolsa-da, aňyry gitse 2-3 aý. Soň onsoň özüňize diýersiňiz: “Dogurdanam men samsyk maňa şeýle eden gyzyň yzyndan näme üçin ylgadym???” diýip. Bu wagt köp gyzlar (elbetde oglanlaram) ýeňil kelleräk, biri bir zat diýse özlerine şoduryn öýdýäler. 18-25 ýaş aralygyndaky gyzlaryň 58%-i Şizofreniýa keselini başdan geçirýärler (Harvard research). Obýektiw pikirlenmek mümkinçiliginden mahrum. Köpüsiniň içinde sexual duýgular bolýar we bir oglany görüp garmony özüne çekensoň söýýändirin öýdýäler. Ol oglan bilen bagtly bolarmy? Ol oglan akyllymy? Ol oglan hemişe ýoldaş bolarmy? Ol oglan aktiwmi? Ol oglan mertmi? Ol oglan batyrmy? Ol oglan işeňňirmi ? – bu soraglary jogapsyz goýýarlar. Diňe oglan bilen özlerini postelde göz öňlerine getirýärler, şeýdip hem söýýändirin öýdýäler Hindi kinolardaky ýaly. Eger söýýän gyzyňyz sizden köp zady gizleýän bolsa...sypdyr kürräni gitsin... Eger söýýän gyzyňyz “oglanparaz” bolsa... sypdyr kürräni gitsin... Eger söýýän gyzyňyz arkaýyn siziň ýüzüňizi alyp bilýän bolsa...sypdyr eşegi saklama... Eger söýýän gyzyňyz ýanyňyzda öz dost oglany bilen duýguly gürleşip bilýän bolsa...sypdyr. Eger söýýän gyzyňyz puly gowy görýän bolsa, sypdyr kürräni eşeginiň ýanyna... Eger söýýän gyzyňyz telefonundaky kontaktlarynyň hemmesini görkezmeýän bolsa, sen kürre.. Eger söýýän gyzyňyz sizi arkaýyn allap bilýän bolsa, sypdyrsanaý bu gezegem eşegi ...soňam allar. Eger söýýän gyzyňyz sizi gabanmaýan bolsa, onda söýenok. Goýber kürräni... Eger söýýän gyzyňyz size juda kän ýalbardýan bolsa, sizi samsyk hasaplaýar...Samsyk kürräni sypdyr. Eger söýýän gyzyňyz bilden aşakdaky sözleri köp ulanýan bolsa, kürräniň ýüpüni gowşadyber. Eger söýýän gyzyňyz oglanlar bilen ýeke gyz bolup bir ýerde oturyp bilýän bolsa, goýber agyla, kürredir.. Eger söýýän gyzyňyz hat ýazanyňyzda 1 hepde soň jogap berse, goýber kürräni... Eger skype ýa-da Agentinde oglandan kän zat ýok bolsa, onda senem şol kürreleriň biri. UMUMAN, TO SUM UP: Söýýän gyz yzyndan kän ylgatmaýar (gaty utanjaň bolaýmasa). Onsoň söýmeýän gyz bilen durmuş gurmak üçin azara galyp ýörmek IŇ ULY SAMSYKLYK. Gysga wagtlyk söýgi üçin tutuş ömri kül edäýmek ondanam beter samsyklyk. Bu durmuş BAGTLY ýaşanyňyza degýär. Bardyr her kimiň öz güli! Gülüňizi gözläberiň, ysyny göni alarsyňyz duşsa. Aýyplaşmaweriň doganlar we jigiler. Men de facto ajy hakykatlary ýazdym. Ýanymda gelnim hem meniň üstümden gülýär şulary ýazýanym üçin şu wagt. Ýöne ol meni söýýär. Menem ony... ) Allajan bizi biri-birimizden aýyrmasyn.

Köneler, ynsan tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir