Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň The World University Rankings sanawyna girmegi başardy. Bu barada «MIR 24» habar berýär. Türkmen ýokary okuw mekdebi bu ýokary netijäni hereket edip başlanyndan soň, bary-ýogy üç ýylyň dowamynda gazandy.

Uniwersitetleriň ählumumy reýtingi ýokary bilim hakynda abraýly britan neşiri tarapyndan neşir edilýär. Sanawda, adatça, Oksford, Garward, Prinston uniwersitetleri öňdeligi eýeleýär.
Ýokary okuw mekdebiniň umumy netijesi bäş sany görkezijiniň esasynda: bilim, barlaglar, salgylanmak, senagatdan girdejileri we halkara utgaşygy esasynda toplanylýar.
Belläp geçsek, türkmen ýokary okuw mekdebinda 21 ugur boýunça hünärmen taýýarlanylýar.

Täzelikler, TrustORG tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir