Türkmenistanyň tebigy gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilmegi göz öňünde tutulan tebigy gaz (swap) şertnamasy güýje girizildi. Eýranyň “Shana” saýtynyň habaryna görä, bu şertnama 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girdi.

Geçen ýyl Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde gol çekilen üçtaraplaýyn “swap” şertnamasy 1-nji ýanwarda hereket edip başlady. Gazanylan ylalaşyga görä, Eýran her ýyl 1,5-dan 2 milliard kubmetre çenli Türkmenistanyň tebigy gazyny Azerbaýjana geçirer.

Şertnama gol çekilen güni beýanat beren Eýranyň nebit ministri Jawad Owji bu gazanylan ylalaşygyň energetika hyzmatdaşlygynda möhüm bolup durýandygyny belläp, şeýle hem bu şertnamanyň gyş aýlarynda Horosan Razawi, Demirgazyk we Günorta, Golestan we Semnan welaýatlarynyň ýangyç üpjünçiligi durnuklaşdyrmaga kömek etjekdigini belledi.

Eýranyň energetika diplomatiýasyny işjeňleşdirmek we goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek strategiýasy ýurduň täze hökümetiniň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenilýär. Tebigy gaz alyş-çalyş ylalaşygynyň gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Täzelikler, LÄLEJIK_GYZ tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir