GAR TOZGASY

Güýz ornuny berdi aňzakly gyşa,
Säher dag howasy ýelpedi ýüzüm.
Al-asmandan seçelenip dökülen,
Gar tozgasy örtdi topragyň ýüzün.

Türkmen gyşy hiç bir gyşa meňzeş däl,
Bu topraga gyşyň gelşem üýtgeşik.
Guşlar owaz edip nar çybygynda,
Saýraşýarlar döwrümize ses goşup.

Mele toprak hasylyndan saplanyp,
Galyň gar astynda gidipdir uka.
Ak gyşlar ak ertirlere rowana,
Bizi alyp barýar ak bagta bakan.





Oguljemal
NYÝAZBERDIÝEWA

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir