4-nji dekabrda ýetip gelýän Täze ýyla bagyşlanan gyzykly we aýratyn baýramçylykdyr. Bu baýramçylyk gyş jadygöýine ynanýan hem-de Täze ýyla garaşýan her bir adama bagyşlanýar. Adatça, 4-nji dekabrda dünýäniň köp ýurtlarynda poçta bölümleri Santa Klausa hat ibermek üçin hyzmatlar berip başlaýar. Ýeri gelende aýtsak, Santa Klausyň öýünde çagalardan gelýän hatlary saklamak üçin aýratyn otag hem bolupdyr. Santa Klausa hatlar diňe bir çagalardan däl, eýsem ulular tarapyndan hem ýazylypdyr. Hatyň kim tarapyndan we haçan ýazylandygyna garamazdan, Santa Klaus gelen ähli hatlara gaty ünsli çemeleşýär. “Peri Mail” (gyş jadygöýiniň kömekçileri) ähli hatlary okap gözden geçirýärler, esasy zat bolsa takyk salgysynyň görkezilmegi bolup durýar. Käbir maglumatlara görä, çagalaryň sowgat almak isleglerini ýylsaýyn durmuşa geçirip bolmaýar. Çünki geçen asyr bilen deňeşdirilende, çagalaryň isleýän gurjak, welosiped ýa-da oýnawaçdyr şokalad diýip hatda ýazýan sowgatlyklary, häzirki wagt bilen deňeşdirilende ep-esli artdy.
Her ýurtda Santa Klausyň dürli ady bar. Şeýlelik bilen, taryhçylar IV asyrda Türkiýäniň Mira şäherinde ýaşap geçen we durmuşynda köp ýagşy işler eden Nikolaýyň Santa Klausyň hakyky şahsyýetdigini öňe sürüpdirler, şonuň üçin hem ol dünýeden ötenden soň keramatly diýlip yglan edilipdir. Wagtyň geçmegi bilen keramatly Nikolaý gowy arzuwlary ýerine ýetirýän we çagalara sowgat berýän gowy garry adama öwrülýär.
Täze ýyl agşamynda hemmämiz wagtlaýyn çaga bolýarys, gudratlara we ertekilere ynanýarys. Onda näme üçin arzuwyňyz hakda aýdyp boljak Santa Klausa hat ýazmaly däl? Psihologlaryň belleýşi ýaly, çagalar üçin Santa Klaus hakykata öwrülýän erteki bolup, jadygöýlik Santa Klausa bolan ynam ýaly zerurdyr.
Olaryň pikirine görä, kiçijik adam Santa Klausa näçe uzak ynansa, şonça-da aň-düşünjede berk ynam döräp gudratlar bolup biler. Ulalansoň, gudrata ynanmak adam psihikasynyň iň möhüm gorag mehanizmlerinden biri bolup durýar. Mundan başga-da, gudratlara ynanýan adamlar göwni açyk, aç-açan we ynamly bolup ulalýarlar. Şonuň üçin Santa Klausa hat ýazmak üçin gaty jogapkärçilikli bolmaly. Bu amal diňe bir çagaňyzyň Täze ýyl üçin haýsy sowgat almak isleýändigini anyklamaga kömek etmän, eýsem, çaganyň ähli döredijiligini we hyýalyny görkezmegini talap edýär. Hat-da çagalar ýazýan hatynda ýalňyş goýberse hem hat ýazmagyna päsgel bermeli däl. Şeýle hatyň gymmaty, araçy bolmazdan Aýaz atasyna ýüzlenmekdir. Eger-de çagaňyz heniz ýaş we hat ýazyp bilmeýän bolsa, oňa kömek ediň. Mysal üçin, isleýän sowgadynyň suratyny çekip biler. Siz hem Täze ýyl däbine goşulyň we Santa Klausa hökman hat ýazyň!
Gülşat Orunowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Maglumat ulgamlary hünäriniň talyby.
Nätänyş adam 2 years ago- Jadygoye ynanyp şirk et diysene