DIRILIGIŇ BAŞLANYŞY

Ýol boýy ýaşulynyň aňynda ''ajalyň ýetse gidibermeli-dä'' aýlanýardy. Bu sözlem onuň kellesine gelýän pikirleri ýetişibildiginden kowjak bolýardy. Ýöne pikir boş söze eýgertmeýär.
''Pahyr göwnüne gelenini göni aýdardy. Ýöne bir gödek töhmet bolsa, hiç kim ondan gatam görjek däldi. Ol dogrusyny aýdardy. Aýbyňy ýüzüňe aýdyp dursalar kime ýakýar?''
Ýoly ýarpyraberenlerinde ýoldaşy ýaşula: ''Uly il ýaly gezibermeli-dä. Ters eden bilen nä işiň, dogry eden bilen nä işiň'' - diýdi. Ýaşuly oňa jogap bermedi. Onuň öleni ýamanlykda ýatlasy gelmedi. Ýaşuly diňe içinden ''onuňam zat bilen işi bolman geziberse, gününiň gowy geçjegine akyly ýetendir-le'' diýip, pikir etdi.
''Isa pygamberem adamlaryň bolşuny bolşy ýaly aýdany üçin agaja çüýläpdirler''.
Ynha, iki kişi ýörite onuň özüni däl, jesedini ýygnamaga barýardy. Olar merjen daşyny däl, onuň boş gapyrjagyny ýygnamaga barýardylar.
''Dirikä bir ýerde tiredeşi bolsa, ''şo däli bolsa onda barymyzam däli, bizem dälihana salyň'' diýip hökümediň jaýynyň agzyna ýygnanaýan bolsak, belki onda...'' ýaşuly daşyndan ''hmm'' etdi. Ýanyndaky onuň näme üçin beýdenine düşünmedi. Ýük agyr bolsa adam pahyr ýoluň gysgarak bolanyny isleýär. Ahyr dälihanaň diwarlaram göründi. Halasgär diwar. Ol ýumşak oturgyçda, kondisionerli kabinetda arkaýyn oturyp, arkaýyn aýlyk alan, arkaýyn edenlerini eden adamlary ondan, aýal maşgala bolsa-da dogrusyny aýdany üçin howply elemente öwrülen adamdan goran halasgär diwar. Şonda-da özüni kellesi kadaly işleýän hasaplaýan adamlaryň, ol diwary alkymlap barsa kelleleri kadasyz işleýän diýlip içine dykylanlara nebsi agyrýar.
Ýöne ol ''kadaly'' işleýänlerdenem, ''kadasyz'' işleýänlerdenem däldi.
Sag halyna dälileriň arasynda on iki ýylyny geçirip, şol ýerde-de jan bereni üçinem bu adamlar onuň jesediniň öňünde baş egäýmelidiler. Muňa olaryň ikisiniňem akyly ýetýärdi. Ony saklan diwarlaram eýmendiräýmelidi. Häzir weli o diwarlar, demir Derweze hiç zat. Olaryň dirä güýji ýetýär.
''Indi sen çagaň galdyran haýatjygyça-da ýok. Sen o pahyryň tenini saklasaňam ruhuna erkiň ýetenok. Onuň ruhy bir wagtdan bäri biziň ýokarymyzdan ýylgyryp, seredip durandyr...''
Ýaşuly serpmeden gaýdan ýaly boldy. Ruhy ýylgyrýandyr diýýäniň özi ýoldaşy bilen tirkeşip, ýylgyryp göründi.
- Men ölemok. Garyndaşlarym men ölsem meni ýygnarlarmyka ýeri? Şony biläýeýin diýdim. Ýygnajak ekeniňiz, Taňryýalkasyn.
Maşyn yzyna dolandy. Onda onuň jesedi ýokdy. Ýöne ýene olaryň ikisem dymyşyp barýardylar. Hiçisiniň ol arzylanan jesediň ýoklugyna begenmek ýadyna düşenokdy. Olaryň ikisinem gahar bilen utanç bogýardy.
Soň sähel wagtdan ol hakykatdanam ýogaldy. Ony getirmäge ýene gitdiler. Ýok diri getirmäge giden bolmady, ölüsini getirmäge gitdiler. Bu gezek maşyn jesetli dolandy. Ýaşulyň aňyndan onuň yzyndan birinji gezek gidişleri aýrylmaýardy.
''Ol dirikä diri ýakdy, ölensoňam-a ýene masgara biz bolduk''.
Ol häzirem turaga-da ''men diri'' diýäýjek ýalydy. Hakyky dirilik adam ölenden soň başlanýan bolaýmasyn, eger dirikäň diri gezen bolsaň?..

Hydyr AMANGELDI
Makalaň çapa çykan ýyly: 18.10.1990 ýyl

Makalaň metbugat çeşmesi: "Яш коммунист" gazeti

Çeşme:
http://kitapcy.com/news/diriligin_baslanysy/2021-12-23-18751

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir