1-19-nji bölüme çenli
Men ömür girip görmedik,zadym bolan imo ragistrasiýa boldum.Dogrusy,oňa asla girmek niýetim ýokdy.Emma,meniň daşary ýurtda okaýan joralam,doganlam kändi.Men registrasiýa täze bolanyndanmy,kän bir imonyň içi düşüniksiz görünýärdi.Joram maňa ählisini doly öwretdi.Meni joram grupba salypdyr.Meniňem kän ýazyşýanym ýokdy.Diňe ýakynlarym jemi 5-6-dan kän däldi.Grupba-dan diňe hat gelýär.Menä dogrusy grupbany halamadym.Başda gyzlara ýazyp başladym.Sorag baryny beriberseler jogabam beremokdym.Onsaň ýörite druzýa-dan her kim stiker ugratýarlar.Menem bu kimkä diýip,görenimi dobavit etdim oturdym.Asyl olar grupbañ oglanlary ekeni.Indi şahsyma ýazyp başladylar.Hijisi bilen ýazyşasym gelmedi.Bloklap goýberdim.Olaryň biri şol gynalyp aýak-allygyna hat ýazýardy.Menem diňe şony bloklaman goýdum.Grupbadanam çykdym şol bada.Bu oglan bilen ýazyşdym.Ol bir hili beýlekilerden tapawutly,gaty akylly görünýärdi.Aý,menem erbet oglan däl bolsa ýazyşanymyñ zyýany ýokla diýip dostlaşdym.Dostlugyny kabul edemsoñ,telefon belgimi sorap başlady.Mende telefon belgi ýok diýip belgimi bermedim.Suratymy sorady,onam ugratmadym.Surat soramadym,şonda-da suratyny ugradypdyr.Uzyn boýly görmegeý daýaw oglan eken.Olam bize ýakyndy,menä şäherden bolsam,olam obadandy.Obaly bolansoň sadajady.Menem birinji gezek oglan bilen ýazyşyp görüpdüm.Belki ynanylmazdyr,emma meniñ enem-atam maña telefonymam ýaňy-ýakyn doglan günüme sowgat berdiler.Kellede diñe okuw,telefon ýokdy.Arasynda telefonymy goýsamam,şonuñ bilen ýene ýazyşasym geldi.Arasynda ýazyşýadymam,olam şol surat sorap başlaýardy.Ertesi bazar gündi,menem bazardan almaly zatlarym bolansoñ,ejemden rugsat alyp,joram bilen bazara gaýtdym.Bazarda almaly zatlarymy alyp barýarkam,şol maňa ýazýan oglany görüp tanadym.Daşyndan synladym,olam maña seretdi.Ýöne ol meni görmänsoň tananokdy.Ol ýol boýy biziñ yzymyzdan ýöräp gelýär.Indi men gorkup başladym.Jorama ana şol oglan şol diýip aýdamda joram oňa ite diýmedigini sögüp goýberdi.Ol bolsa şonda-da yzymyzdan galmady.Birdenem meniň imoma jaň geldi.Görsem yzymyzdaky oglan aýlaýar.Oňa jañyñ sesi baransoñ meni tanady.Men içimden öz-özüme igenýärdim.
Şu oglana ýazmak näme gerek boldy, diýsene!
Olam meň adymy tutyp gygyrdy.Biz öýe ýöräp gelýärdik.Olam yzymyzda,joram maňa,"Bar gyz özüñ galdyr,indi öýe ýetip barýas,masgara edäýmesin bu oglan,barybir tanady indi özüñ bir zat edäýmeseñ!"
Men biraz yza çekildim."Bar,git indi näme yzymyza düşüp gelýäň,näme meni masgara etjek bolýaňmy?"
-Seniň bilen gürleşesim gelýär Gözel!
-Ejem jaň edýär şu wagt,sen meni gaýdyp hiç ýere çykmaz ýaly etýäň galmasaň!
-Bolýar,men galýan biz ýene görüşjegmize söz ber!
-Bolýar,bar galaý indi.
Men oňa ýalbaryp diýen ýaly yzymdan galdyrdym.
-Nähili ýürege düşgünç oglan ekenile gyz,nireden sataşypdyrn toba!
-Owadan oglan ekeni özä,sypdyrma gyz gowja oglana meňzeýär.
-Ýokla gyz maňa oglan gerek däl!
Biz gybat bilen öýe nädip ýetenimizi bilmän galdyk.Joram bilen sagbollaşyp öýe girdim.Derrew nahar ataryp,öýleri syr-süpür etdim.Onsaň sapaklarymy okaýyn diýip kitaplaryma ýapyşdym.Kitaby okasam okadymam welin,hiç zat kelläme girenokdy.Diňe şol oglanyň keşbi göz öňüme gelip durdy.Sesi gulagymda ýaňlanýardy.Men öň beýle duýgyny başdan geçirip görmändim.Men ýokary okuw jaýynyñ synagyna taýynlanýardym.Imomy açsam,hat baryny ýazypdyr.Maňa ähli zatlary ýazypdyr.Men bolsa,näme etjegmi bilmän oýlanýardym."Joramam gowy diýdi ýa sözüni alaýsammykam?!Aý ýok intäk gaty ir,goý ol jan çeksinle,men okuwa girmelä,söýgi nireden çykdy diýsene!"
Men oňa razylyk bermedim.Inede 8-nji mart güni ýetip geldi.Her ýyldakylar ýaly bu günde seýilgähe gitmeli etdik.Seýilgäh şeýle hezil bolupdy.Biz seýilgähiñ içindäki restoranda garwandyk.Otyrkam,ýene şol ýigit aňyrda maňa seredip otyr eken.Menem jorama,
-Jorajan ol ýigit,ýene gelipdir,näme etsemkäm?!Maksadam bara,ol meniñ yzyma düşüp ýörse Maksat ejem daga meni aýdar öýdüp gorkýanda!
Maksat meniň kakamyň aýal doganynyñ ogludy hem synpdaşymdy.
-Bar gyz sen şuwagt turup git,olam soň gider,şu wagt hemmesi naharlary bilen üns bermezler,bolmasa hakykatdanam yzymyzdan galmaýar,düşündir özüñ!"
Men turyp daşary çyldym.Olam meñ yz ýanymdan çykdy.Menem synpdaşlam çykaÿmasyn diýip,seýilgähiñ gyrasyna arçalyk ýerlere ýöredim.Olam yzymdan galman gelýär.Men şol ýere baryp durdym.
-Aý oglan seniň kelläň üýtgedimi?!Menden başga işiň ýokmy seň?!Meni masgara etmekden başga başarýan işiň barmy bir?!
Ol meni birden gujaklady.Men gygyrjagymam bilmedim,lal boljagymam!
-Goýber Meýlis,sen my?!Men aglap başladym.Olam meni goýberdi.
-Gözel,men ilkinji gezek birini söýüp gördüm,olam sen bolduñ!Men seni şeýlebir söýýän!Maňa düşünäý,men seni ýanymdan goýberesim gelenok!Ýekeje minudam senden daş düşmek islämok.
-Aklyñdan azaşdyñmy,men seniñ dostuña!Meniñ söýgi ýadyma-da düşenok,gaýdybam meniň adymy tutaýma,maňa ýazma,yzymada düşme!Eger häzir yzyma düşseň,synpdaşlaryma aýdyp ýençdirern düşündiňmi?!
Ol maňa serdip aglap başlady.
-Sen meni ýigrenýäňmi?!Şony aýtsaň men gitjek,asla yzyňa-da düşjekdäl!
-Hawwa ýigrenýän ýokbol gelme meñ ýanyma!
Ol meniň elimden tutup,elimi gysdy.Dostuna jaň etdi,maşyny alyp gel diýdi.Meniň zähräm ýaryldy.Gorkujyma sandyrap aglap başladym...
Dowamy bar...
Cheshme:islenen.ru paylasan agza-Miss minnosh
Haýyşlar boýunça
19:57 19.12.2021