Ýalñyzlyk derdini çekýän mahalyñ,
Ne dostuñ bar, nede söýen ýaryñ bar,
Diýýärsiñ içiñden: "Hemme zat oñat".
Ýöne welin unudylmadyk derdiñ bar.

Geçip dur günleriñ ýyllaryñ bilen,
Howlugañok toý-dabara, şowhuna,
Otyrsyñ bir özüñ ýatlamañ bilen,
Jogap tapman kalbyñdaky soraga..

Penjirã bakýarsyñ soraglañ bilen,
Garaşyp gelerine ýeke çyn dostuñ,
Küýsegiñ hem ýiten ynamyñ bilen,
Diýýärsiñ içiñden: "Ýalñyzlyk gursun".

9.10.2017.ýyl
Sagat: 2:18
Garlyýew Akmyrat Şyhmuradowiç

Edebiýat, yyldyz. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir