Işanym (dini hekaýa)
Daşary çalajadan ýagtylyp başlapdy we kiçijek penjireden gara-gök reňkde asmanyň bir bölejigi göze ilýärdi. Kiçijek otagyň içinde bir adam ýatyrdy, ol adam 60 ýaşa golaýlap barýardy. Ol adam hemişe beýle rahat ýatanokdy, ýöne şu gün, näme üçindir bir zatlar ters gidipdi we ol adam agyr uka batypdy. Ol adamy el telefonyň sesi oýarypdy. Ses kiçijek otagyň içini doldurypdy, otag adatdan daşary kiçidi, eýlesi beýlesi bary-ýogy 2 metrdan sähel geçýärdi. Ir döwürler şeýle otaglary ýörüte tirýek çekmek üçin salýardylar. Otagda ýatan adam hem şol kärden uzakda däldi. Telefon eýýäm 3-nji gezek gygyrýardy, ýöne oňa jogap berýän ýokdy. Iň soňynda telefonyň eýesi ýuwaşlyk bilen oýandy eli bilen telefony sermäp başlady. Ol ilki bilen gyma balagynyň kiselerine elini sokdy. Soň ýatan körpejesiniň aşagyna elini sokdy. Ol ýerden telefona derek müşdikdir başga zatlar ele ildi. Iň soňynda telefony tapman ol adam başyny galdyrdy we telefony gözleri bilen tapmaga mežbur boldy. Telefon tüm otagyň burçynda bir ýerde daş töwerege ýagty saçýardy. Otagyň eýesi telefonyň ýüzüne seretmän ony galdyrdy.

—Kimdir bu? —Otagyň eýesi basylan ses bilen sorady.

—Yşanym sizmi? —Telefon jogabyň ýerine öz soragyny berdi.

—Hawa, men. Sen kim bolarsyň, jaň aýlaýan wagtyňa seredeňokmy?

Otagyň eýesi telefony gulagyndan aýyryp gözüne tutdy we kimiň jaň edenini düşünjek boldy, ýöne başa barmady. Ala garaňkyň içinde telefonyň ekrany diýseň ýagtydy we gözüňi alyp gelýärdi. Telefon bolsa yzyny üzmän bir zatlar diýýärdi.

—Bala senmi? —Otagyň eýesi birden jaň edeni tanady.

—Hawa işanym men?

Bala diýilýäniň sesi bir tüýsli geň eşdilýärdi, ol oglan hamala içgili ýalydy.

—Gijäň ýary adamlary örüzip otanoňokmy Bala? —Otagyň eýesi tirsegine galyp gözlerini oýkalaşdyrdy.

—Namaz wagty boldy diýip aýlaýdym Işanym? Gapdalda metjit bar, şol ýerden azan sesiniň eşdilende eýýäm 30 minut boldy.

Azan sözüni eşideninden otagyň eýesi maňlaýyna urdy we telefony gulagyndan aýyryp oň sagadyny synlajak boldy. Ýöne sagat öldür göze ilenokdy. Turup çyrany ýakmak üçin bolsa entek ysgyn ýokdy. Näme diýseňem 60 ýaş özi barada habar berip başlapdy.

—Bala şu wagt sagat näçe? —Otagyň eýesi telefondan sorady.

—Siz näme ertirki namazy sypdyraýdyňyzmy Işanym? —Telefon duýgydaşlyk bildirip sorady, oň sözlerinde hiç hili ýazgaryş ýokdy.

—Ýokla, namazymy okap soň gyşarypdyryn, bir ýerik gitmekçidim, ýöne ýatyp galypdyryn. Ýogsada sen näme üçin jaň edýän Bala? Eýgilikmi bir, ýa-da düýş zat görüp bordurjak bolýana dälsiň?

Otagyň eýesi ýuwaş ýuwşadan oýanyp başlady, oň yzy bilen oň häsýeti hem.

—Ýokla işanym, men dogrymy aýtsam entek ýatamogam düýş görer ýaly. Men bu gün dinç alýan.

—Aýt sen doňuz, seň doňuzlygyňy mydama bilýärdimle, ýöne beýle doňuzsyň öýdemokdym. —Otagyň eýesi bir bada gaharly başlady, soň birden ýumşak ses bilen telefondan sorady:

—Ýeke özüň dinç alýaňmy, ýa-da ýanyňda beýlekilerem barmy?

—Şu gün ýeke özim işanym, —telefon jogap berdi.

—Aýt sen doňuz, men sorasam mydama ýeke bolaýýaň, ýanyňda barka welin öldür jaň edäýmersiň sen, ýogsada sen näme üçin jaň edýäň?

Otagyň eýesiniň soragyndan soň telefon oýa batdy, hamala hiç wagt gürlemedik ýaly. Otagyň eýesi bolsa pursatdan peýdalanyp daş töweregini sermeýärdi, ol adam öler ýaly çaý içesi gelýärdi. Gelinlerden biri ýarymy turmadymyka diýip ol oýlandy we bir bada pessejik penjireden howlada seretjek boldy. Howlyda bolsa ýalňyz duran düýeden başga hiç zat görnenokdy. Başga tarapa göz gezdirmek üçin ýeriňden galmalydy, ýöne ol hereketlere entek ysgyn ýokdy.

—Neme işanym, mende bir sorag bar, —Telefon bir tüýsli ýaýdanyp diýen ýaly başlady.

—Aýdyber men diňleýän, ýene biri bilen din barada jedel etdiňmi?—Otagyň eýesi gyzyklanma bildirdi.

Jaň edýän oglan dogrysy köp jaň edýärdi we esasan dina degişli soraglary berýärdi. Şeýle soraglar gartaşan işana diýseň gowy ýaraýardy. Sebäbi öz kelläňi dörmäge sebäp bolýardy. Jaň edýän bolsa köplenç biri bilen jedel edip jaň edýärdi. Otagyň eýesi bolsa edil mugallym dek, bar zady jikme jik düşündirýärdi. Telefonyň ol tarapyndaky we bu tarapyndaky adamlaryň ikisi hem samsyk adamlar däldi, ýöne näme üçindir durmuşda samsyk hereketleri diýseň köp edýärdiler.

—Ýok, jedel edemok işanym.

—Onda Magtymguly pyragy barada soragyň barmy?

Otagyň eýesi taryh bilen Magtymgulydan hem gowy baş çykarýardy, nähili geň bolsada.

—Ýok işanym, ol hem däl. Meni başga bir zat binjalyk edýär.

—Binjalyk edýän bolsa gel Bala, men şu gün boş, okap bereýin.

—Meni şol siziň okuwyňyz binjalyk edýär işanym.

—Okuwyň nämesi binjalyk edýär seni Bala, sen köpden bäri geleňokda, diňe jaň edip oňaýýaň. Bir gelseň seň ýüzüňi görsemem saňa näme bolýanyny aýdyp bilerdim.

—Nähili aýtjagymy bilemok işanym, häzir garaşyň, gabat gelýän sözleri tapaýyn, onsoň düşündirerin.

Telefon gamgyn dowam etdi, ol ýerde gürleýän oglanyň sesi indi serhoş adamyň sesi ýaly bolup eşdilenokdy. Ol ses eýýäm açylypdy. Daşarda bolsa ýuwaş ýuwaşdan täze gün öz işine başlaýardy. Eýýäm gelinleriň biri düýäni sagmak üçin oň ýanyna barypdy. Gelni görüp sygyrlar hem öz paýyny diläp başlapdylar. Ol düýäň geň ýeri, ony diňe başyňa ak ýaglyk daňsap sagyp bolýardy. Başga bir zatly düýe, ýanyna hiç kimi eltenokdy.

—Bir çal içmäge barasyma gelýär işanym, ýöne barmak barada soň. Mende bir sorag bar. Men materiýalist adama siz bilýäňizä. Men siziň okuwňyzada kän bir ynanyp baramok.

—O nähili ynanyp baraňok? —Işanyň üstinden gaýnan suw guýylan ýaly boldy. Seni adam eden kim, seni şu derejelere çykaran kim? Sen maňa duşmakaň kimdiň? Hiç kimdiň. Indem ynanyp baramok diýýäňmi? Senä tüýs doňuz ekeniň Bala.

Telefon bar zady sabyrlylyk bilen diňledi we işan dymanyndan soň dowam etdi:

—Ol zatlaryň barsyna men düşünýän, siziň maňa eden işleriňize göz ýumar ýaly däl. Men näme diýseň hem öz gözlerime ynanýan. Ýöne meň bolýan zatlara azajyk başgaça göz bilen garaýan.

—O nähili göz bilen Bala? —Işan gödek äheňde sorady.

—Häzir düşündirjek işanym, men 5 ýyl mundan öň düýbinden başga adamdym. Meň iň bärkisi Hudaýada ynanamokdym, mollalar we yşanlar barada aňarda dursyn. Indi indi men ýokarda bir güýjiň bardygyny aňjak bolýan.

—Waý muň gürlän bolşjygyny? —Işan diýilýän adam ýylgyrdy we dyzyna kakdy. —Sen bala doňuzlygyňy etmede gowsy gelsene, biz ikimiz diri gürleşelide.

—Wah işanym, men indi siziň ýanyňyza barmaga gorkýän. —Telefon ah çekdi.

—O näme üçin gorkýaň?

—Häzir düşündirjek bolaýyn. Meni mollalaryň ýany iň birinji aýalyň ugratdy. Haramzada iňňirdäp goýmady. Sen kem-rysgal, az gazanýaň, başgalar mollaň öýünden ýygnanman rysgalyny açdyrýarlar, bar senem gitde öziňi okadyp gel. Meň dogrydanam öýlenenim bäri eden işim ugryna bolanokdy, näme etsem ters bolýardy. Aýalym bolsa molladan molla, palçydan palça gatnap şol bir habary getirýärdi. Hamala seň äriň ýaman rysgally oglan, ellän zady pula öwrülmeli welin, oň ýolyny baglapdyrlar.

—Hawa, hakykatdanam şeýle, men seni gören badyma aýtdym. —Işan çydap bilmän öz teswirini aýtdy. Telefon bolda hamala hiç zat eşitmedik ýaly dowam etdi:

—Men iň soňunda aýalymyň sözinden çykyp bilmän bir mollaň ýanyna gitdim. Ol molla düýe ýüňden bir zatlar edip berdide gitde akyp ýatan suwa zyň diýdi. Men aýdylşy ýaly etdim, bir bada bar zat gowlanan ýaly hem boldy. Bir ýerlerden pul düşdi. Aýalym ana görýäňmi diýip begenip başlady.

—Men saňa düşünemok Bala, sen nämeden närazy bolýaň? Seň bar eden işiň ugryna bolup dura. —Işan çydap bilmän ýene telefonyň gepini böldi.

—Azajyk garaşyň, häzir düşündirjek. Meni bar zadyň ugryna bolýandygy alada goýýar. Men siziň kömegiňiz bilen durmuşda bar zady edindim. Meň maşynym ýokdy, men siziň ýanyňyza bir hepde gatnadym, sizden doga aldym we maşynly boldum. Pulum ýokdy, siziň ýanyňyza gatnadym we pullandym. Soň men wezipeli işlerde işläsim geldi, adamlaryň meň öňünde ýalbaryp kiçelşini göresim geldi, ýene siziň gapyňzydan geldim we ýene bar zat ugryna boldy. Meni wezipämden aýyrjak bolsalar men ylgap siziň ýanyňyza gelýän we meni aýyrjak bolýan adamyň suratyny size görkezýän we bar zat şoň bilen gutarýar. Siziň dogalaryňzdan soň meni ýigrenýän adam meni öz oglundan beter gowy görýär.

—Sen nämeden närazy Bala men entegem düşünemok saňa? Sen has belende galasyň gelýärmi? Birje aý meň ýanyma gatna, men seni has ýokary wezipeler goýarlar ýaly okap bereýin. Dogrymy aýtsam meň demim şeýle gowy düşen birinji oglan sen. Biziň jynymyz gowy alyşýamy nämemi Bala? Seni okasam şol bada bar zat ugryna bollaýar, käbir kişini aýlap okasamam täsir edip bilemok.

—Maňa wezipe gerekdäl işanym, maňa soragyma jogap gerek. Başda aýdyşym ýaly men materiýalist adam. Meň öz boluşly dünýä garaýşym bar. Mende başda hiç zat ýokdy, siz maňa dogaň-jadyň kömegi bilen bar zady alyp berdiňiz. Men ilki başda dogaň üsti bilen bir iş etseň, hökman başga tarapyňdan bir ýerden ýama açylar diýip pikir edýärdim. Mysal üçin meň çagalaryma bir zat bolar, ýa-da öz saglygyma zeper ýeter öýdýärdim. Ýöne maňa hiç zat bolanok.

—Ýogsada çagalaryň gowymy? —Otagyň eýesi çynnakaý gyzyklanma bilen sorady. —Geçen hepde gelniň gyzjagazyňyzy okatmaga getirdi. Gyzjagazyň dümewlejek bolýamy nämemi, şu wagt gowjamy?

—Sag bol işanym, şu wagtlykça çagalar gowy, ýöne haçana çenli gowy boljagyny bilemok? Meň edýän işimde hökman bir çüýrik ýer bolaýmaly?

—Bala hiç zady göwnüňe getirmesene, sende was wasy ýaly bir zat peýda bolupdyr. Şu gün eliň degse aýlan, bir okuw paýy bar.

—Ýok işanym, indi okuw bilen arany kesmesem bolanok.

—Wi, näme üçin, —işan geň galdy.

—Bu zatlaryň barsy ýöne ýerden däl işanym. Eger men size okadyp maşynly bolan bolsam, diýmek bir ýerlerde bir maşyn kemeldi. Bolmasa men maşynly bolmazdym. Siz maňa maşyny nirden alyp berdiňiz? Ýa-da aýdaly pullar nireden peýda bolýar? Men meterýalyst adam we bar ýerde matematikaň kanunlarynyň işleýänine ynanýan işanyym. Eger bir ýerde bir zat köpelse, hökman başga ýerde bir zat azalýar. Siz maňa düşünýäňizmi?

Telefonyň sözleri işany azajyk oýa batyrdy, ol adamyň ýüzü üýtgedi. Eger Bala diýilýän oglan wideoň jaňyň üsti bilen habarlaşan bolsa, işanyň üýzüni görüp gowja pikirlenerdi, sebäbi ol entek işany beýle halda görmändi.

—Gör sen nireden tutdyňow Bala? —Işan diňe şuny diýdi.

—Saglyk we wezipe barada aýdyp hem oturjak däl. Eger meň işlerim soňky 5 ýyl diňe şowuna bolsa, diýmek bir ýerlerde soňky 5 ýyl birniň işi diňe tersine bolmaly. Men dogry pikir ýöredýänmi? Siz nähili güýçli molla işan bolsaňyz hem, ýok ýerden hiç zady döredip bileňzok, siz kimdir birinden alýaňyz we maňa berýäňiz. Ýöne eliňiz bilen alaňzokda, dogaň üsti bilen alýaňyz. Maňa indi gyzykly ýeri siz maňa beren zatlaryňyzyň barsyny nireden alýaňyz? Ondan beter maňa gyzykly zat men haçan ol zatlary yzyna gaýtararyn? Sebäbi bu dünýede baky zat ýok.

—Sen Bala agşam gowja içipsiň öýdýän, sen gowsy okyňy alda maňa soňrak jaň etsene?

Işanyň sesine bir tüýsli gurçyn guýylan ýaly boldy, ol ses agraldy.

—Ýok işanym, arakdan açylanymdan soň men beýle gürrüňleri edip bilmerin. Siz maňa gowsy şu wagt jogap beriň. Siz şu zatlary almagy başarýaňyz, diýmek bu zatlaryň barsynyň nireden gelýänini hem bilýäňiz.

—Wah Bala, —işan ah çekdi. —Men häzir saňa bar zady düşündirenim bilen hem sen hiç zada düşünmersiňmikä diýýän. Seni aldap hem bilmerin, seň özin diýseň gramotny oglan, eger samsyk bolan bolsaň beýle soraglary bermezdiňem welin. Ýöne bir zady ýadyňdan çykarma, eger çeşmäň gözbaşyny agdaryp başlasaň ol çeşme kesilýämdir Bala. Sen şu wagt öz suw içýän çeşmäň düýbini gazyp başladyň.

—Maňa diňe hakykat gerek işanym, bar zady Hudaý berýär diýip başyňdan sowjak hem bolup oturma.

—Bar zady näme diýseň hem Hudaý berýär, ýöne seň sözleriňde jan bar. Kim näme okasada hiç zady ýok ýerden döredip bilenok. Seň başyňdan inen gowluklaryň barsy hakykatdan hem seňki däl. Sen olary meň kömegim bilen ele saldyň.

—Onda olar kimiňki? —Oglan howlukmaç sorady. —Bir ýerlerde soňky 5 ýyllap kimdir biri diňe hasrat üstine hasrat çekýärmi? Sen maňa türmeden hem sypmaga kömek etdiň, şu wagt kimdir biri meň ýerime zyndanda oturan däldirä?

—Edil şu wagt hiç kim seň ýeriňe zyndanda oturanok Bala, ýöne gelejekde oturmagy mümkin.

—O nähili gelejekde, näme üçin gelejekde?

—Düşünýäňmi Bala, sen meň kömegim bilen näme edinen bolsaň, şol zatlaryň barsyny gelejekgi öz nesilleriňden goparyp aldyň. Meň dogalarym bilen gutulan keselleriň barsyny sen gelejege ugratdyň. Diýmek gelejekde seň agtygyň ýady çowlugyň maýyp bolup dünýä iner. Seň başyňdan kesselläp sowmaly belalaryň barsyny gelejege zyňdyň. Gelejek bolsa yzyny üzmän bize tarap süýşip gelýär. Sen azajyk howlukma, ýene 20-30 ýyldan bar zatlar yzyna gaýdyp geler. Sen ol ýerik näme zyňan bolsaň, şol zatlaryň hasylny görersiň. Eger gelejekden maşyn goparyp alan bolsaň, diýmek seň nesilleriň pyýada gezmeli bolarlar. Eger wezipe goparyp alan bolsaň, diýmek seň nesilleriň wezipede işläp bilmezler. Hudaýyň berýän bar ýagşylyklary adamzadyň tutuş tohumyna degişli. Eger sen ýaly kimdir biri jadyň dogaň kömegi bilen bar gowluklary diňe özine çekip başlasa, diýmek ol bar zady öz gelejekgi nesillerinden goparyp alýar. Sen Hudaýa ynanmaýan bolsaňam dogry pikir ýöredýäň Bala. Hiç bir zat öz özinden peýda bolanok. Belki sen dogaň jadyň kömegi bilen gabra girinçäň alada gaýgy bilmän ýaşarsyň, ýöne seň çekmeli alada gaýgyňy seň nesilleriň çeker. Sen şoňa düşünýäňmi Bala?

—Hawa, düşünýän, dogrymy aýtsam meň özüm hem şeýle pikirdedim, ýöne maňa tassyklama gerekdi. Indi mende başga bir sorag bar. Eger bar zat şeýle ýaramaz bolsa agam, siz näme üçin maňa başdan duýdurmadyňzy? Näme üçin doga jadyň şeýleräk taraplary bar diýmediňiz? Meni diňe geliber geliber diýip çagyrdyňyz? A belki men başdan düşünen bolsam siziň ýanyňyza gatnamazdym? Siz meni aldadyňyz, hamala bar zat mugut berilýän ýaly edip görkezdiňiz. Iň bärkisi çilim gutyň daşynda hem öýkeniň üçin zyýanly diýip ýazýarlar agam. Siz welin maňa hiç zat duýdurmadyňyz.

—Sen Hudaýa ynanamok diýýäň welin Bala seň ynanjyň meňkiden hem güýçli öýdýän? —Işan geň galyp sorady. —Men öz edýän işimiň tersdigini bilsem hem, aram aram Hudaýyň gazabyndan sypaýjak ýaly bolýan. Sen welin Hudaýyň gazabyna duşjagyňa 100 göterim ynanýan ýaly? Ýenede öziňe materiýalist diýýäň. Sen Bala gowsy mende günä gözleme, meň edýän işim näme diýseň hem o diýen erbet däl. Men adamlara möhlet alyp berýän. Seň diýşiň ýaly diňe bir nogsanlyklary gelejege ugratmaga kömek edemok.

—O nämäň möhleti agam? —Telefon hamala köşeşen ýaly sorady.

—Düşünýäňmi Bala, adam ilki başda ýaradylanda Hudaý Perişdeleriň barsyna adamyň öňünde dyza çöküň diýýär. Perişdeler dyza çökýärler, bir Şeýtan gedemlik edip dyza çökenok. Şonda Beýik Hudaý Şeýtany dowzaga oklajak bolýar, ýöne Şeýtan özine möhlet sorap alýar, Hudaý bolsa möhleti berýär. Hudaý her bir günä eden adam üçim möhlet berýär. Möhleti eden ýalňyşlyklaryňa düşünmek üçin berilýär. Elbetde möhletden dogry peýdalanyp bilseň? Men saňa dogaň üsti bilen eden zadymyň barsy ýöne bir saňa möhlet alyp bermek. Ýöne ol möhleti nämä peýdalanjagyň eýýäm seň öz işiň. Hemişe möhleti toba gelmek üçin we öz eden ýalňyşlaryňa düşünmek üçin berilýär. Hudaý hem seň başyňdan wagytlaýynça öz gazabyny aýyrdy, sen şol berilen möhleti dogry peýdalanmaly. Eger dogry peýdalansaň gelejege zyňylan nogsanlyklar hem öz özinden ýitrim bolar. Sen maňa gaharyň gelmesin Bala, umuman alaňda biziň mollaryň barymyzyň edýän işimiz bir, siz ýaly bendelere Hudaýdan möhlet dilemok.

Soňy

Aşgabat

22.02.2021ý

©Rahman Zulfikarow

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir