Ýaşap bilmeýşi dek balygyň suwsuz,
Ynsanam ýaşamaz ynan söýgüsiz,
Menem ýaşap bilmen söýgülim sensiz,
Ýaşamagym üçin sen gerek maňa.

Dünýade hemme zat elimde bolsa,
Mendeý ýananlary gözlerim gorse,
Arzuwyna ýetirdim näme islese,
Arzuma ýetmek üçin sen gerek maňa.

Seniň zaryň çekip otyrdym solup,
Iki aşyk geçdi öňümden gülip,
Ýan-Ýana barýarlar gol-gola girip,
Gol-Gola girmäge sen gerek maňa.

Beýlede bolarmy ýigide jepa.
Rehm edip gyzlarda bolmazmy wepa,
Annamyrat tapmaz derdine şypa,
Ýaraly kalbyma sen gerek maňa.

Begençmyrat tapmaz derdine şypa,
Ýaraly kalbyma sen gerek maňa.😎

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir