Ýok, gyýylma, bujagaz dert – 
Çekibilmez dert däl, kaka. 
Naçar diýme, her telpeklem 
Meniň kimin mert däl, kaka. 
Sen bilýäň-ä, bu durmuşam 
Synamaz her kimi, kaka. 
Günler ýene gaýdyp berer 
Görkümi, erkimi, kaka. 
Ýükläbersin, onça ýüki 
Göterer gerdenim, kaka. 
Bu ýolda yza tesermi, 
Heý, seniň merdemiň, kaka?! 
Görýäňmi, ýognan bilegim, 
Bedenimem berkän, kaka. 
Maňa sen bilen birlikde 
Ynamyňam derkar, kaka. 
Ganyma ornapdyr zoruň, 
Hem gaýratyň, dogmuň, kaka. 
Men biriniň gelni borun, 
Seniň weli ogluň, kaka.
Aýbölek Abdyýewa
"Kaka"
- 
                Gözellik.
                3 years ago
                
 - Gaty gowy+++
 
yyldyz. 3 years ago- Arzyman gowy gyz, tüweleme hemme taraplaýyn, adamkärçilikli. Goşgylaryny özüm-ä halaýan.