Men kimdir birini unudan ýaly,
Kimdir biri çykan ýaly ýadymdan...
Ýüregim käteler tisginip gidýär,
Nätanyşyň has nätanyş adyndan.
Ýerden çykan ýaly bolup bir şemal
Birdenkä sypalap geçse başymy,
Men oňa şol diýip, edýän-de güman,
Synlamaga gorkýan degre-daşymy.
Durmuş tapmaçamy,
Gurluş tapmaça?!
Soraglar ummany heläk etjekden.
Adam öz-özüni gözläp tapmasa,
Oňa kimdir birin sebäp etjekden.
Her kim göräýmäge hoşgylaw ýaly,
Başga kişi bolýar
baraňda deňne...
Ol kim,
döräýmeli goşgulam ýaly,
Meni dert-azara salarça beýle?!
Ýatdan çyksa ýatdan çykmaly zatlar,
Soň yzyna geljek bolup durmasa...
...Men ýene tisginýän nätanyş atdan,
Ýalta bakýan, nätanyş ses gürlese.
Aýgül GARAÝEWA
Syke Dali 2 years ago- Men