Ejem gitdi keselhana
Kakam gitdi keselhana,
Ýeri onsañ yzlarynda,
Kim seretdi ejiz çaga.

Ejem, kakam, diñe şolar,
Bizde başga hossar ýoga,
Halymyzdan habardar ýok,
Bize hiç kim gelenoga.

Günde mekdebe gitmeli,
Abat köwüş, köýnek gerek,
Köne eşik geýinmäge,
Kemsinmezmi çaga ýürek?

Kiçi diliñ añyrsyndan,
Göwünlik bermäge derek,
Mugallym üstümden gülýä,
Ýeri oña nämä gerek.

-"Synpymyza reñk almaly,
Gowja diñläñ okuwçylar,
Hemmämize deñ bolmaly,
Pul alýas her okuwçydan.

Reñkleri almaly nagyt,
Ertir hemmäñ puluñ gelsin,
Ýüzün sallap duran ýigit,
Saña-da aýtdygym bolsun".

Ertesi mekdebe bardyk,
Hemmelerden bäş çykdy,
Meñ bermäge pulum ýokdy,
Gözlerimden ýaş çykdy.

-"Ýeri onsañ Atajanow,
Señ şojagaz puluñ ýokmy?
Hany utanç, hany namys,
Synpyñdan utanañokmy?"

Synpda bir men halanamok,
Meni dostluga goşýan ýok,
Salamy ilki bersemem,
Meñ bilen salamlaşýan ýok.

Şeýdip on bir ýylam geçdi,
İller güldi, men agladym,
Adamlara höwes gaçdy,
Bir Alla umyt bagladym.

Allam maña galam berdi,
Allam maña pulam berdi,
11 ýyl lal bolamdan soñ,
Saýrap duran dilem berdi....
A. Atajanow
@Miss minnosh

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir