Herkim, her ki zady bilmän çaklaýar,
Diýýarler: "plany köçe saklaýar"
Aslynda güýç-kuwwat geregem welin,
Köp ýerde ynsany päli haklaýar.
***
Dogry sözi aýtsaň, "ýalňyşdyr-ýalňyş",
Sözleseň ýalany ýaýraýar myş-myş,
Beýle pikir, niýet, nireden gelmiş
Kim bu zatlaň halallygyn haklaýan?
***
Köp isläp, azyndan galýar kimseler,
Nyrhy bolmaz, şükür edip bilseler
Alladan ýüz sowmaz gudrat görseler
Namazdyr Yslamyň ýolun haklaýan.
***
Bolýarlar hemişe, her işde kömek,
Her ýerde perzende goldawy gerek,
Janyndan jan berýär, ýürekden ýürek,
Käýýän wagty ene-atany ýoklamaň.

Umyt Nazarow.

Edebiýat, Nazarow tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir