05.12.2021.
Dünýäniň döwletleri, iri abraýly halkara guramalary, ozaly bilen bolsa BMG we onuň düzüm bölekleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek  Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Bu gün Türkmenistanyň paýtagty parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Döwletimiziň halkara syỳasy gatnaşyklary çygryndaky möhüm ỳeňişleriniň biri bolsa, BMG tarapyndan Aşgabat şäheriniň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýerleşýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagydyr. Sebitde bütin dünỳä ähmiỳetli, wajyp wezipeleri berjaỳ etmek maksady bilen döredilen Merkeziň ştab-kwartirasynyň paỳtagtymyzda ỳerleşdirilmegi dünýäniñ onlarça döwletini özüne birleşdirýän BMG tarapyndan Türkmenistanyň sebitdäki we dünýädäki syýasy ornuna juda ýokary baha berilỳändiginiň we döwletimiziň bu guramanyň adaty däl-de, eýsem onuň maksatlaryny durmuşa geçirmekde agramly hem möhüm wezipeleri ỳerine ỳetirỳän abraýly agzasydygyny görkezýär. Öňüni alyş diplomatiýasy halkara gatnaşyklary çygrynda dürli sebäplere görä döreỳän gapma-garşylykly, çylşyrymly ỳagdaỳlaryň ỳaragly çaknyşyklara, uruşlara ỳa-da gaỳry ynsanperwer betbagtçylyk hadysalaryna ỳazmagynyň öňüni almak maksady bilen, araçy hökmünde çykyş edỳän döwletler ỳa-da halkara guramalary tarapyndan açyk gapma-garşylyga giren taraplaryň arasynda gepleşikleri geçirmek, olaryň ylalaşmaỳan meselelerinde “altyn ortalygy” tapmaklaryna ỳardam bermek, garşydaşlaryň ählisi üçin-de ỳaramaz netijeler getirjek ỳagdaỳlardan çykalga tapmak üçin, taraplaryň bähbitlerini utgaşdyrỳan, syỳasy-hukuk ỳagdaỳlaryny deňagramlaşdyrỳan şertleri işläp düzmek ỳaly ençeme çäreleriň amala aşyrylmagyny aňladỳar. Netijede, 2007-nji ỳylyň 10-njy dekabrynda dünýäniň onlarça ýurdundan ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmagynda paỳtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açylyp ulanyşa berildi.  Ýurdumyzyň açyklygy, sebit we dünýä meselelerini çözmekde parahatçylyk döredijilik ýörelgeleri, giň hyzmatdaşlyga taýýarlygy dünýäniň oňyn tejribelerini kabul etmekde möhüm ýagdaýlara öwrüldi.

Aýnazar Berdiýew
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby.

Bilim, Perhat Sabirovv tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir