GYŞ AGŞAMY


Gar pyrlanyp, tüweleýläp,
Tupan gök ýüzün baglaýar.
Käte möjek deýin uwlap,
Käte çaga dek aglaýar.
Kä üstünde külbämiziň
Saman ýaly ses edýär ol.
Aýnamyzdan esedýär ol
Çalamydar külbämiziň
Içi gamgyn hem tüm ýaly.
Neçüýn garryja enemiz,
Dymýarsyňyz siz güň ýaly?
Ýa tupan talaň saldymy
Ýürekdäki höwesiňe?
Ýa çalaja irkildiňmi
Pyrlanýan igiň sesine?

Içmeli, garyp ýaşlygmyň
Dosty, doldur kürşgäni, gel!
Gamdan ýaňa içsek eger,
Ýüregmize şatlyk geler.
Aýdyp ber gök gözli gyzyň
Uzaklarda ümsüm gezşin.
Säher çagy şol ýalňyzyň
Sallanjyrap suwa gelsin.
Gar pyrlanyp, tüweleýläp,
Tupan gök ýüzün baglaýar.
Käte möjek deýin uwlap,
Käte çaga deý aglaýar.
Içeli garyp ýaşlygmyň,
Dosty, doldur kürşgäni gel!
Gamdan ýaňa içsek eger.
Ýüregmize şatlyk geler.



A.S. PUŞKIN


Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir