Jähennemiň ýaradylmagynyň hikmetleri

Ýolagçy mysaly gonup-göçüp gidýän ynsan bu dünýäde özünden talap edilýän zatlary ýerine ýetirse, Rabbynyň huzuryna baranda arkaýyn bolar. Ol özüne berlen nygmatlary Onuň ryzasyny gazanmak üçin sarp etse, Jennete girmäge hak gazanar. Eger munuň tersine hereket etse – berlen amanata hyýanat etse, amanaty kimiň berenini bilmese, onda ol günäli bolup galar. Şol sebäpli hem, Jähennemde azap çekmeli bolar. Kuranda aýdylyşyna görä, ynsan bilen Allanyň arasyndaky özara baglanyşyk söýgi we rahmete daýanýar. Esmaýy-Hüsnanyň äleme, aýratynam, ynsana degişlilerinden diňe iki ýa-da üç sanysy gahar-gazaby aňladýar. Galanlary ikitaraplaýyn ryzalyk we muhabbet manysynda gelýär. Yslamda esasy zat guluň boýun bolmagy, Allanyň bolsa, dünýäde we ahyretde ýalkamagydyr. Jeza erbetlikleriň öňüni almak üçin ulanylýan çäredir. Ynsandaky adalat duýgusy we özygtyýarlylyk düşünjesi ahyretdäki jeza we peşgeşiň bolmagyny talap edýär.

Alla bilen bendäniň arasyndaky baglanyşykda Alla mahsus bolan rahmete we gula mahsus bolan hormat goýmagy aňladýan muhabbete daýanmak esas edilip alynmak bilen birlikde, gyňyr ynsanlary terbiýelemekde azap, beýleki dinlerde bolşy ýaly, Yslamda-da bir berk çäre görmek hökmünde ulanylypdyr.

Jennetiň we Jähennemiň barlygyna ynanmagyň ynsanyň terbiýesi we dogry ýola gönükdirilmegi üçin dünýä durmuşyna öz täsirini ýetirýändigi ikuçsyzdyr. Ynsan öz eden ýaşyryn we görnetin işleriniň hemmesine hasap bermelidigini we Jähennemde beriljek elhenç jezany ýadyna salanda, elbetde, ýedi ölçäp bir kesmelidigine akyl ýetirer.

Adamogly bu dünýädäki ynançlarynyň we eden işleriniň netijesi hökmünde ýa Jennete girer ýa-da Jähenneme. Aslynda, mümin üçin Jennet-de, Jähennem-de rahmetdir. Kuran Jähennem azabynyň elhençligini belläp, yz ýanyndan, yns we jynsa: ”Rabbyňyzyň haýsy nygmatlaryny ýalan saýýaňyz?” (”Rahman”, 55/35-36) diýip ýüzlenýär. Bu ýerde gürrüňi edilýän nygmat: Jähennemiň tutuş elhençligi bilen ynsanyň ruhuny lerzana getirip, müminiň öz durmuşyny tertibe salmagyna sebäp bolmagydyr. Jennet beýik kämil sypata eýe bolan ynsanlary belent mertebelere çykmaga iterýär. Jähennem bolsa, ahlak taýdan kämillige ýetmedik ynsanlaryň ondan gorkmak bilen durmuşyny gözden geçirip, özüni tertibe salmaklaryna sebäp bolýar. Jähennem hatarly ýoluň üstünde ýanyp duran ot ýalydyr. Ol ynsany şol ýola düşmekden gorar. Jennet bolsa, göni ýoluň ugrunda ýazylan nazy-nygmatdan doly saçak ýalydyr. Ynsany şol ýola çagyrar. Şeýlelikde, Jennet bilen Jähennem ahyrky netijä akyl ýetirip bilýän ynsanlar üçin aýry-aýrylykda nygmatdyr.

”Dünýä durmuşyny we ajaýyplyklaryny isleýänlere, şol ýerde çeken zähmetiniň hözirini birkemsiz görkezeris. Emma ahyretde olara diňe ot garaşýar” (”Hud”, 11/15-16). Biziň amallarymyz sag hem-de çep egnimizdäki perişdeler tarapyndan ýazylýar. ”Kim çigit ýalyjak haýyr iş eden bolsa, hakyny alar. Kim çigit ýalyjak şer iş eden bolsa, ol hem hakyny alar” (”Zilzal”, 99/7-8). Başarsaň, ahyretiňe maýa toplajak bolmaly. Utuş getirýän söwda – Alla bilen edilen söwdadyr. Ýürekden iman getirip, mal bilen jandan geçip, Alla ýolunda jihad etmek arkaly Jenneti satyn almak, Jähennemden bolsa halas bolmakdyr. Kuranda teswir edilýän Jähennemiň elhençlikleri ynsanyň haram keýplerden el çekmegine itergi berýär. Eger Jähennem bolmadyk bolsa, halal-haram diýmän, gabat geleni iýip-içip, keýp edip ýörmegiň, dünýäden lezzet almagyň bir manysy bolardy. Emma Jähennemiň bardygyny ýatdan çykarmalyň! Ol, aslynda, bize kän bir uzagam däl. Aslynda, Jähennemiň bardygy hem gowy zat, ýogsam, ynsan ogluny hiç zat saklap bilmezdi.

Ýanygyň yzasyna çydamak kyn. Ýekeje otluçäp dänesi hem ýanyp gutarýança barmagyňa degrip sakladanok. Sähelçe ýanyk hem ençeme günläp erbet yza berip durýar. Ömrüni günädir haramyň içinde geçirýän adamyň ýagdaýy, aslynda gözi ýumuk, uçuda ylgap barýan ýa-da eli benzin gaply ot bilen oýnaýan adamyňkydan has gözgynydyr. HezretiÝusup (a.s) Rabbynyň delillerini görendigi we haramyň hakykatyna göz ýetirendigi üçin, özüne teklip edilen günäni däl-de, tussag edilmegi saýlapdy.

Şeýtan harama ýasama owadanlyk çaýyp, ynsana al salmaga synanyşýar. Musulman bolsa, Allanyň gadagan eden zadynda haýryň ýokdugyny bilmeli we şeýtanyň hilesine aldanmaly däldir. ”Haram” diýlende, müminiň göz öňüne Jähennem we onuň gazaply ody gelmeli. Ahyrete, Jennete we Jähenneme doly iman getirmek – olara gözüň bilen görýän ýaly iman getirmekdir.

Jähennem bizden kän bir daşda-da däl. Ýer şary otdan ybarat pökginiň üstünde dur. 50 km galyňlykdaky ýer gabygynyň aşagy Jähenneme meňzeş ot üýşmeginden ybarat. Wulkanlardan zowlap çykýan gyzgyn läbikler bize aşagymyzdaky ody we Jähennemi ýatladýar. Şol sebäpli, alymlaryň käbiri Jähennemiň Ýeriň aşagynda ýerleşýändigini aýdýar.

Şeýtan käte müminiň gulagyna şeýle diýip pyşyrdaýar: ”Barybir, mümin Jähennemde ebedi ýaşamaýar, Alla onuň günälerini bagyşlaýar, bagyşlamanda-da, gysga möhlet otda ýanyp, Jennete girýär, kän bir ýitirjek zadyň ýok!” Isleseňiz, Jähennemi dünýädäki 10-15 ýyllyk tussag jezasy bilen deňeşdirip göreliň. Akyly ýerindäki adam azajyk keýp üçin ençem ýyl tussaglyga razy bolarmy? Dünýädäki berilýän ejir bilen zebanylaryň (dowzahyň perişdeleri) berjek azabyny göz öňüne getirip göreliň. Dünýä odundan 70 esse gyzgyn we güýçli ot hem-de ynsanlaryň çekjek jezasy bilen Allanyň azabynyň ululygyny deňeşdirip bilersiňiz.

Jähennem ähliniň çekýän ahmyry, ökünji olaryň ruhy taýdan çekýän jebridir. Emma olaryň lowlap ýanýan oduň içine girmekleri, ýanan hamlarynyň ýerine gaýtadan azap çekmekleri üçin, özlerine derrew täze hamyň geýdirilmegi we organlarynyň erbet ýerlerde ulanylandygyna şaýat bolmaklary ýaly ýagdaýlar bolsa, beden taýdan çekýän jebridir. Şol sebäpli, Jähennem azaby jeset bilen ruha bilelikde täsir eder.

Biziň Jennete düşjegimiz ýa-da Jähennemden halas boljagymyz doly belli däl, islendik wagt ajal ýakamyzdan tutup biler. Jennet bilen Jähennem biziň ynanjymyz we ýaşaýşymyz bilen bir-birine berk baglanyşyklydyr. Ine, şu zatlary nazarda tutup, musulmançylyk kadalaryna göre ýaşamaly we hamala az salymdan amanadyňy tabşyrýan ýaly, ahyrete gitmäge mydama taýyn bolmalydyrys.

Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) köpçülik bolup gülüp oturan adamlaryň ýanyna baryp: ”Araňyzda Jennet bilen Jähennem hakynda gürrüň edilse-de, gülüp otyrsyňyzmy?” diýdi. Şondan soň olaryň hiç biriniň gülenini gören bolmady.

Mümin Allatagala boýun bolmak bilen Jähennemiň odundan goranjak bolmaly. Jähennemiň Kuranda beýan edilen elhençligine ”ynsanyň sözüň hakyky manysynda iman bilen salyh amala ýapyşyp, bu gorkunç azapdan goranmagy üçin bir öwüt” diýip düşünilmelidir. Ynsany terbiýelemek hem-de ahlakly edip ýetişdirmek üçin, Jennete we Jähenneme bolan ynanç dünýä ýaşaýşyna görnetin täsir edýär. Ynsan öz eden ýaşyryn hem görnetin işleriniň hemmesine hasap bermelidigini we Jähennemde beriljek elhenç jezany ýadyna salanda, elbetde, ýedi ölçäp bir kesmelidigine akyl ýetirer.

”Eý, Rabbymyz! Bize dünýäde-de ýagşylyk et, ahyretde-de. Bizi Jähennem azabyndan gora!” (”Bakara”, 2/201); ”Eý, Rabbymyz! Iman getirdik; biziň günälerimizi bagyşla, bizi ot azabyndan gora!” (”Ali-Imran”, 3/16).

Bilim, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir