Günleriň birinde Hormatly Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) äleme nur çaýýan bakyşlary bilen Hezreti Ala ýüzlenýär: - Eý, Ali! - Sizi diňleýärin, eý, Resulallah! - Allahy söýýärmiň? - Elbetde söýýärin, eý, Resulallah! - Allahyň Resulyny söýýärmiň? - Hawa, söýýärin, eý, Resulallah! - Gyzym Fatymany (Patmany) söýýärmiň ? - Hawa, söýýärin, eý, Resulallah! – diýip , ýüzi gyzarýar. - Hasan bilen Huseýini söýýärmiň ? - Hawa, söýýärin, eý, Resulallah! - Eý Ali! Köňül – bir, söýgi – dört! Ýeke-täk köňle munça söýgini nädip sygdyryp bilýäň? - ?!... Hezreti Ali birbada dymýar. Allahyň Resulyna jogap berip bilmeýär. Utançly ýagdaýda, beýik huzurdan gitmäge rugsat sorap, öýüne tarap ugraýar. Onuň mübärek ýüzünde gaýgy gasynlary bar. Heniz öýüne girip-girmänkä Hezreti Fatyma onuň ýüzündäki üýtgeşikligi we aladany aňşyrýar. Berlen salamy alanda onuň sesi hem üýtgän ýalydy. - Eý, çagalarymyň kakasy! Eger- gaýgy aladaňyz dünýä we pany zatlar üçin bolsa, bu size gelişmeýär! Emma ahyrýet üçin bolsa, aýdyň, biz hem bileli! Hezreti Ali Allahyň Resuly bilen eden gürrüňini bolşy ýaly söýgüli ýaryna gürrüň berýär. Soňra bolsa umyt bilen ýanýoldaşyna şeýle diýýär: - Ýeri, näme diýersiň, eý, Fatyma? Pygamber güli Hezreti Fatyma güneş ýaly ýylgyryp şeýle jogap berýär: - Eý, balalarymyň kakasy! Baryň-da, Pygamberler Soltanyna şeýle diýiň: “Eý, Allahyň Resuly! Bir adamyň sag-çep, öň- yz, ýokary-aşak taraplary bar. Edil şonuň ýaly-da köňlüň hem şeýle taraplary bardyr. Ynha, men Eziz ( hemişe üstün we hiç wagt ýeňilmeýän) hem Jelil (mertebesi tükeniksiz beýik) bolan Allahy akyl we imanym bilen, Allahyň Resulyny ruhum bilen, Fatymany beşeri duýgularym bilen, Hasandyr Hüseýini bolsa tebigy, kakalyk mährim bilen söýýärin. Şeýlelikde , köňlümiň her tarapynda aýry-aýry söýgä orun goýýaryn ”. Jennet zenanlarynyň soltanyndan bu jogaby alan Hezreti Ali dessine Hormatly Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) huzuryna barýar. Söýgüli ýarynyň ýokardaky sözlerini bolşy ýaly edip aýdýar. Söýgüli Pygamber (sallallahu aleýhi wesellem) ýylgyryp: - Eý, Ali! Bu getirenleriň seniň jogabyň däl. Belki-de, Pygamber daragtynyň ahasyndan goparylan bir güldür! – diýýär.
Konul bir- soygi dort....?
-
mahremchynar
14 years ago
- Allahym sheyle yure yakymly makalalar.fatiha yaly mahirli zenanlar kop bolsun.gaty minnetdar ynsan sag bolung!
-
mahremchynar
14 years ago
- Allahym sheyle yurege yakymly makalalar.fatiha yaly mahirli zenanlar kop bolsun.gaty minnetdar ynsan sag bolung!
-
ozik
14 years ago
- ynsan sag bol dost. Shunyn yaly dini mowzyklar koprak yaz, yureklere Alla tagallanyn nury singya. Hemem niyetini yagshy zatlara gonukdirmage komek berya.
-
mahremchynar
14 years ago
- ozik doly adyngyzy aydayyngda
-
ozik
14 years ago
- mahremchynar owezik@bk.ru e-maila hat ugrat. Kopchilikde doly adyny aydyp yormek gowy dal :-)
-
mahremchynar
14 years ago
- int.de loginingizmi shol
-
mahremchynar
14 years ago
- bagyshlang dodek soragym u.n
-
ozik
14 years ago
- e-mail adresym shol. Yagny Mail.ru saytyndaky loginim . Siz mana beyleki serwerlerden rambler.ru yandex.ru @gmail.com islendik serwerden sho e-maila hat ugradyp bilersiniz
-
mahremchynar
14 years ago
- sagbolyng ozik minnetdar.
-
ozik
14 years ago
- gaty gorman mahremchynar kopchilikde familyamy aydyp bilmen.
-
Gozela
14 years ago
- Ynsan tuweleme gowy tema acypsyn.kop kop minnetdar!
-
Flower
14 years ago
- Salam ynsan.kyn gormeseniz aydayyn sizem talypmy
-
Flower
14 years ago
- Salam ynsan.kyn gormeseniz aydayyn sizem talypmy
-
Flower
14 years ago
- Salam ynsan.kyn gormeseniz aydayyn sizem talypmy
-
ezka18
14 years ago
- ynsan dostum, bu temany on shakird agza achypdy, shony kopyalap goydunmy ya ozun terjime etdinmi? eger copy-paste eden bolsan ashagyndan yazsan govy bolardy.
-
ynsan
14 years ago
- ezka aga salawmaleykum. Ozum terjime etmedim teswirlerden alydym yitip baryan eken insonky mowzuk teswirlerde
-
mahremchynar
14 years ago
- salam ynsan gowy makalalar yazyangyz.ynsan adyngyzmy.
-
best
14 years ago
- salam ynsan dogan!!! şular yaly yazgylary köpräk yazsana dogan.
-
best
14 years ago
- elleriňe saglik!!!
-
nebitchi
14 years ago
- tuweleme.. alla razy bolsun... pygamberimizin durmusy yaly mysal we gorelde durmus basga yokdyr. biz gysgajyk omrumizin her pursatyndaky her durli mesele ucin cozgudi o(s.a.a)nyn durmusyndan tapyp bileris. eger meselaniz bolsa, meselanize menzes yagdayi onun durmusyndan gozlan hokman jogaby we cozgudi taparsynyz. ol dine oz asryna dal eysem ahyrzamana cenli bolan meselelerin cozgudini ozunin durmusyndan jemlan densiz taysyz sahsiyet.
yene bir zat. bestofmen.org saytynda sesberlisik bar, sol saytda pygamberimize ses berelin, 8-nji yerde durandyr. goy, dunya gorsun in gowy adamy. gayrat edin....
-
RTS
14 years ago
- hemma salam.ynsan dast gowy tema achypsyng sagja bol!!!yene de shuna menzesh temalar achyp dur
Broker 14 years ago- gorsene hayran galaymaly jogap, sagja bol ynsan maglumatyn ucin. ynsan men bn habarlash yenemen@mail.ru