Namaz okamagyň we uly günälerden saklanmagyň ynsanyň nä derejede hakyky wezipesidigini, ynsanyň asyl bolşuna laýykdygyny, adamzadyň ýaradylyşynyň manysydygyny görmek isleseň, şu mysaly hekaýajyga bak, ony diňle: Uruş döwründe birisi tälimli‚ işine jogapkär‚ beýlekisi bolsa‚ täze öwrenje‚ nebsewür bolan, iki esger bir otrýadda bile bolýar ekenler. Erjeň nöker tälime we jihada üns berýärdi, azyk we özüne düşjek paý hakynda hiç alada etmeýärdi. Çünki‚ iýdirmegiň, esbaplaryny bermegiň, hassa bolsa keselini bejermegiň, hatda zerur halda iýjegini agzyna tutup bermegiň hem döwletiň wezipesidigine akyl ýeirtýärdi. Özüniň asyl wezipesiniň tälim we jihatdygyny bilýärdi. Şeýle hem bolsa, ol azyk we esbap işlerinde işleýärdi. Nahar bişirýärdi, uly-uly gazanlary‚ nahar gaplaryny ýuwup daşaýardy. Ondan „Näme iş edýärsiň?“ diýip sorasalar, ol „Gara bokurdak üçin gazanç edýärin“ diýmeýär, „Döwletiň tabşyrygyny berjaý edýärin“ diýip jogap berýärdi. Beýleki horam ýaly diňe garnynyň aladasyny edýän öwrenje nökeriň bolsa‚ tälim hem, uruş hem perwaýyna däldi. „Bu zatlar döwletiň işi. Maňa näme?“ diýýärdi. Mydama öz garnyny doýurmagyň aladasynda hallan atýardy, otrýady taşlap, bazara gidýärdi, alypsatarlyk edýärdi. Bir gün tälimli ýoldaşy oňa şeýle diýdi: „Eý, dogan, seniň asyl wezipäň harby tälim we söweşmekdir. Seni bu ýere şonuň üçin äkeldiler. Patyşaha ynan, oňa daýan. Ol seni aç goýmaz. Bu onuň wezipesidir. Sen ejiz garypsyň, islendik ýerde özüňi ekläp bilmersiň. Häzir uruş wagty. Şonuň üçin saňa gaçgak diýip, jeza bererler. Görşümiz ýaly iki wezipe bar. Olaryň biri patyşanyň wezipesidir. Biz patyşanyň tabşyrygyny berjaý ederis, ol bolsa biziň iýjegimizi, geýjegimizi berer. Beýlekisi bolsa biziň öz wezipämizdir. Patyşa howandarlyk edip kömek berer, biz bolsa türgenleşeris we söweşeris“. Eger, ol başyna giden bibaş esger öz jögapkär, düzgün-nyzama uýýan ýoldaşyna gulak salmasa, onuň neneňsi bela-beterlere uçrajagyny göz öňüne getirýärňizmi?! Ine, eý, meniň biparh nebsim! Ol galagoply söweş meýdany bu çarkandakly başagaý dünýädir. Ol otrýadlara bölnen goşun bolsa, adamzat jemgyýetidir. Ol otrýad bolsa, şu asyryň musulman jemagatydyr. Ol iki esgeriň biri diniň parzlaryny bilýän we ýerine ýetirýän, uly günälerden daşda durmak we günä etmezlik üçin nebis we şeýtan bilen göreşýän takwa musulmandyr. Beýleki esger bosla gün-günazary ugrunda şeýle bir gümra bolupdyr welin‚ edil hakyky ryzk beren Allaha töhmet atýan ýaly görünýär. Parzlary terk edip, ryzk ugrunda duş gelen günä işlerden gaçmaýan, zyýana galan fasykdyr. Ol tälim we düzgün-nyzam bolsa ilki başda namaz‚ ýagny ybadatdyr. Ol söweş bolsa, nebse we boş meýillere, jyn hem yns şeýtanlaryna garşy göreşip‚ günälerden we ryswa ediji hüý-häsiýetlerden özüňi daş tutup, kalbyňy hem-de ruhuňy ebedi heläkçilikden halas etmekdir. Ol iki wezipäniň biri bize ömür beren Allanyň biziň ryzkymyzy bermegidir. Beýlekisi, ýagny, biziň wezipämiz bolsa, bizi ýaradana we ryzk berene bendelik edip ýalbarmakdyr. Oňa bil baglap, ynam etmekdir. Hawa, iň bir ajaýyp Samedany sungat mugjyzasy we iň täsin Rabbany bir hikmet bolan ýaşaýşy kim beren bolsa, bizi kim ýaradan bolsa, ryzk bilen eklejek-de, ony dowam etdirjek-de Oldur. Başgaça bolup bilmez! Delil getireýinmi? Syn et, iň ejiz, iň akylsyz jandarlar bol hem gowy iýmitlenýärler (miwä düşen gurçuklar we balyklar ýaly). Iň oňat ryzk iň güýçsüz, iň näzik ýaradylanlaryňkydyr (ýaňy dünýä inen jandarlar we çagalar ýaly). Hawa, halal ryzka ýetmegiň güýç-gaýrat we ygtyýar bilen bolmaýandygyna, gaýtam ejizlik hem güýji peslik bilen ol ryzka ýetilýändigine düşünmek üçin balyklar bilen tilkileri, ýaňy dünýä inen jandarlar bilen ýyrtyjylary, agaçlar bilen haýwanlary deňeşdirip görmek ýeterlikdir. Diýmek, güzeran üçin namazyny terk eden adam söweş wagty söweş meýdanyny taşlap, bazarda dilegçilik edýäne meňzär. Emma namaz okanyňdan soňra, başgalara ýük bolmaz ýaly‚ Jenaby-Rezzaky-Kerimiň rehmetinden döreýän ryzkyň ugrunda bolmak has göwnejaýdyr, mertlikdir‚ ol hem ybadatdyr. Ynsanyň ybadat üçin ýaradylandygyna onuň tebigaty we magnawy duýgulary şaýatlyk edýär. Sebäbi, şu dünýädäki ýaşaýyşyna zerur bolan amallary etmekde we olara güýç ýetirmekde adam‚ iň pes bir serçe guşuça-da bolup bilmez... Emma, magnywy we ahyret durmuşyna zerur bolan ylym taýdan‚ misginlik bilen Hudaý ýalbarmak taýyndan we ybadat taýdan ähli mahluklaryň soltany we serkerdesi hökmündedir. Diýmek, eý, nebsim! Eger sen dünýewi durmuşy maksat edinip‚ diňe onuň ugrunda ýüwrüp ýörseň, iň ýönekeýje şol serçe guşunyň bir nökeri hökmünde bolarsyň. Eger ahyreti maksat edinseň, bu durmuşyňy ahyret üçin sebäp we ekin meýdanyna öwürseň we şoňa görä iş etseň, şonda ähli mahluklaryň uly bir serkerdesi hökmünde bolarsyň. Bu dünýede hem Alla Tagalanyň „Çünki‚ Allah erbetliklerden gorananlar we oňat amal edenler bilen birlikdedir“ (Nahl süresi‚ 16/128) mähriban, nyýazdar bir guly, gadyrly we hormatly myhmany bolarsyň. Ine, saňa iki ýol. Isläniňi saýlap bilersiň. Dogry ýola gönüdirmegi we hemaýaty Erhamür-Rahymyndan‚ iň merhemetli Alladan isle...

Köneler, Broker tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir