OGUZNAMA


AŇLATMA

Türkmenleriň nesilbaşysy Oguz han özüniň
gahrymançylykly ýörişleri, berkarar döwtet gurşy, ony adalatly dolandyryşy hakda nesillere ýadygärlik galdyrmagy göz öňünde tutup, bir ajaýyp kitap ýazmagy tabşyrypdyr. Nesiller ol kitaby ''Oguznama'' diýip atlandyrypdyrlar.

XVI asyr türkmen alymy Salar Baba Gulaly ogly Salar Harydarynyň ýazan, Aşgabatda saklanýan
nusgasyndan alyndy.



BISMILLÄHIRRAHMANYRRAHYM


Türkmen halkynyň taryhçylary şeýle rowaýat edýärler. Nuh alaýhyssalam ýer şaryny perzentlerine paýlady. Gündogary, Türkmenistany we ol sebitleri uly ogly Ýafese berdi. Türkmenler Ýafese Uljaý han lakamyny berip, ol çarwaçylyk bilen meşgullanýardy. Onuň ýaýlag we gyşlagy Türkmenistan ýerlerinde ýerleşýärdi. Ýaýlagy Ynanç şähe-
riniň towereginde ýerleşýän Ärdag we Kerdag sebitlerindedi. Gyşlagy bolsa, Bursuk hem-de Garagurum ady bilen meşhur bolan Garagum sebitlerindedi. Bu iki ýerde Talas we Gärry (Kary) Saýram atly iki şäher bardy. Garry
Saýramyň kyrk dört derwezesi bolup, ol örän uly şäherdi. Häzir musulman türkiler ol ýerlerde ýaşaýarlar. Kusçy welaýatyna ýakyndyr. Uljaý han şol ýerde bolýardy. Onuň Düýp Beýgi (Ýawgu)1 atly bir ogly boldy. «Düýp» manysy
«Tagt we mertebe» diýmekdir. «Beýgi bolsa, «Döwlet ýolbaşçysy» diýmekdir. Ol örän atly patyşady. Onuň Gara han, Or han, Kör han, Ler han atly dört sany tanymal ogly bardy. Gara han atasynyň ýerine tagta çykyp, hökümdarlyk owsaryny eline aldy. Allatagalanyň permany
bilen ondan bagtyýarlyk we patyşalyk nyşanly bir ogul dünýä indi. Ol üç gije-gündizläp, enesiniň süýdüni emmedi. Enesi bu ahwalatdan gaýgy-gama batyp oturardy. Ol bir gije düýş gördi Düýşünde ogly oňa:
— Eger maňa öz süýdüňi emdirmegi isleýän bolsaň, onda ýeke-täk we taýsyz Hudaýa iman getirip, Taňrynyň şerigatyny kabul etgin - diýdi.
Ol üç gije-gündiz şu görnüşde düýş gördi. Soňra ärinden ýaşyryn, Allatagala iman getirdi. Elini asmana göterip, «Ylah-a! Men biçäräniň süýdüni bu ogul üçin şirin et!» diýip, doga etdi. Şondan soň ogly onuň süýdüni emmäge başlady. Bir ýyldan soň atasy ony görüp, owadanlygyna we jemalyna haýran bolup:
— Hergiz biziň kowum we urugymyzda munuň ýaly päkize we hupsurat ogul dogulmandy — diýdi. Ol çaga bir ýyldan soň, Isa kimin dil çykaryp, gürläp — Maňa Oguz Türkmen diýip at goýuň. Men mydama köşkde bolaryn - diýdi. Ony şol sebäpli Oguz Türkmen atlandyrdylar.
Oguz çagalyk zamanyndan kämillik ýaşyna ýetdi. Ol hemişe şükür we doga edip, Allatagalany ýat ederdi. Hemişe-de Hudaýyň keremi oňa inerdi. Edeplilikde, hünärde ok atmakda, at çapmakda, salyhatlylykda we medeniýetde dile düşüp, halk arasynda adygypdy. Atasy öz inisi Kör hanyň gyzyny oňa adaglap, öýe getirdi. Oguz ol gyzy hudaýparazlyga çagyrdy. Gyz onuň sözüni inkär etdi. Şonuň üçin ol onuň bilen söhbet tutman, oňa golaýlaşmazlygy ygtyýar etdi. Atasy ony görüp, beýleki bir inisi Ler hanyň gyzyny alyp berdi. Oguz ondan hem ol talab isledi. Ol hem inkär etdi. Oguz oňa hem üns bermedi
Atasy ýene ol haly görüp, kiçi gardaşy Or hanyň gyzyn
oňa alyp berdi. Oguz ondan hem musulman bolmagy
haýyş etdi. Gyz diýdi:
— Men saňa degişlidirin. Sen her ýola barsaň ardyňdan baryp, seniň emriňe boýun we tabyn bolar men. Oguz onuň bilen söhbet tutup, oňa mähir-muhabbeti peýda boldy, özge gyzlar oňa görübilmezçilik we bahylçylyk
edýärler.
Bir gün Oguz awa gidende, Gara han uly toý edip gelinlerini çagyrdy. Gara han nahar başynda aýtdy:
— Bu iki uly gelin görk we jemalda kiçi gelinde
ýagşyrak görünýär. Ýa, Rep! Oguz ne sebäpden ony bulardan köpräk söýýärkä?
Ol iki hatyn pursat araýardylar. Wagty ganymat kine we duşmançylyk ýüzünden diýdiler:
— Oguz bizi Hudaýa ündäp, musulmançylyga uýdy. Biz kabul etmedik. Bizden ýüzüni sowdy. Onuň bilen musulman bolanlygy üçin, oňa mähir we muhabbet peýda boldy. Gara han ol gyzy çagyrdy. Ondan bu haly sorady
ol inkär etdi. Gara han gaharlanyp, derrew garyndaş we uruglaryny häzir edip, olara diýdi:
— Oglum Oguz çagalyk zamanynda örän ýagşydy we özüne çekijidi. Indi eşidişime görä, ol öz ynanjyndyndan dönüp, özge Hudaýy tapynypdyr. Bu iş binamys we aýpdyr. Biz çaganyň bize we biziň Taňrylarymyza äsgermezlik etmegine we kemsitmegine çydam edip bilmeris. Geňeş bilen Oguzyň kasdyna çykdylar. Oguza
dertdeş we mährem bolan kiçi hatyny bu geňeşden häzir bolup, goňşularyndan bir hatyny Oguzyň gaşyna iberip
ony bu ýagdaýdan habarly etdi. Oguz ony eşidip, taýýar boldy.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.




(dowamy bar)

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir