Redmi Turbo 4 ilkinji gezek fotosuratda görkezildi
Ýakynda Redmi Turbo 4-iň ilkinji görkezilişi bolar, ýöne Internetde eýýäm geljekki smartfonyň dizaýnyny görkezýän surat peýda boldy diýip, ITHome habar berýär.
Suratda enjam Xiaomi-niň beýleki enjamlarynyň gapdalynda görkezilýär we goşa kameraly yzky panelini görüp bolýar.
Mundan başga-da, enjamyň jikme-jik häsiýetnamasy belli. Ondan...
Ilon Mask: Ýer ýene 500 million ýyldan soň ýaşaýyş üçin ýaramsyz bolar
SpaceX-iň we Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask Ýeriň geljegi we kosmos taslamalary baradaky pikirini ýene bir gezek paýlaşdy.
Ol öz çaklamasyny X sosial ulgamyndaky teswirinde paýlaşdy. Ulanyjylaryň biri ýene 5 milliard ýyldan Günüň partlajakdygyny, şonuň üçin diňe Marsy özleşdirilmegiň adamzady halas edip biljekdigini ýazdy.
"Günüň giňe...
Täze ýyl gutlagy
Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Goý, 2025-nji ýyl size şatlyk, rowaçlyk getirsin! Iň bir arzyly maksatlaryňyza ýetmäge mümkinçilik bersin! Geçip barýan ýylda biziň platformamyz size has elýeterli hem has ýakyn bolmaga çalyşdy: bir milliondan gowrak ulanyjy bize ynam bildirip, her gün on müňlerçe bildiriş ýerleşdirýär. Bizde mil...
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasyndaky Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy
28-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy.
Beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deň bolan ýurdumyzyň Baş arçasynyň töwereginde geçirilýän dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan çagalar gatnaşdylar. Şolaryň hatar...
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
28-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň “Akhan” we “Taýçanak” şaýollarynyň aralygynda durky täzelen...
Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyny Täze ýyl baýramy bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji dekabrda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde türkmen halkyny Täze ýyl baýramy bilen gutlady. Gutlag metbugatda çap edildi.
"Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymg...
IFFHS 2024-nji ýylda dünýäniň iň gowy futbolçylaryndan simwolik topary düzdi
Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) 2024-nji ýylyň simwolik ýygyndysyny hödürledi. Sanawa öz orunlarynda ýylyň iň gowy 11 oýunçysy girdi:
Derwezeban: Emiliano Martines (Argentina, “Aston Willa”)
Goragçylar: Dani Karwahal (Ispaniýa, Madridiň “Realy”), Ruben Diaş (Portugaliýa, “Mançester Siti”), Antonio Rýudiger (Ge...
Alymlar “başga planetaly ösümligiň” özboluşlylygyny tassykladylar
Floridanyň Tebigatyň taryhy muzeýiniň barlagçylary Ýuta ştatynyň gündogaryndan tapylan galyndylaryň häzirki bar we ýitip ýok bolup giden görnüşlere ýa-da ösümlik maşgalalaryna degişli däldigini kesgitlediler diýip, Live Science ýazýar.
Otniofiton elongatum atly görnüş, takmynan, mundan 47 million ýyl ozal bar eken. Onuň galyndylary ilkinji g...
Samsung Galaxy M16 5G üç reňkde peýda bolar. Renderler çap edildi
Android Headlines portaly ýakyn wagtda çykjak Samsung Galaxy M16 5G smartfonynyň renderlerini çap etdi. Enjamyň korpusy üç reňkde bolar: açyk ýaşyl, açyk gülgüne we gara.
Suratlara seretseň, täze önüm Galaxy M15 5G-iň daşky görnüşini gaýtalaýar, öňdäki kamera üçin U şekilli kesigi saklaýar, ýöne ekranyň çarçuwasy has inçelen. Korpusynyň Gal...
Günde 15 sany kuwwatly partlama hasaba alyndy
29-njy dekabrda Günde 15 sany kuwwatly partlama, şol sanda bir iň ýokary X derejeli partlama hasaba alyndy. Bu barada Amaly geofizika institutyna salgylanyp, TASS habar berýär.
Astronomlaryň maglumatlaryna görä, X derejeli partlama Ýere täsirini ýetirip biljek sebitde bolup geçdi.
“Deslapky maglumatlara görä, orta magnit tupanlary bil...
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Azerbaýjanyň ilçihanasynda hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew Azerbaýjanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, türkmen tarapynyň adyndan Azerbaijan Airlines-iň uçarynyň heläkçilige uçramagy zerarly adam pidalaryna gynanç bildirdi. Bu barada diplomatik wekilhananyň saýtynda habar berilýär.
Diplomat Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçi...
Türkmenistanyň DIM-nde 2025-nji ýyl üçin esasy wezipeler maslahatlaşyldy
27-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-nde ministrligiň ýolbaşçy düzüminiň we işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň deslapky netijelerini gözden geçirdiler.
Daşa...
Winisius, Ançelotti we “Real” Globe Soccer Awards baýraklaryna eýe boldular
Madridiň “Realynyň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Winisius Žunior Globe Soccer Awards tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysy we hüjümçisi diýlip ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 27-nji dekabrda BAE-de geçirildi.
2024-nji ýyl möwsüminde Winisius ähli ýaryşlarda “Realyň” we milli ýygyndynyň düzüminde 34 gol geçirdi we 16 assi...
“Realyň” prezidenti Peres ähli döwrüň iň gowy futbol klubunyň ýolbaşçysy diýlip ykrar edildi
27-nji dekabrda BAE-de Globe Soccer Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Onda Madridiň “Realynyň” oýunçylaryndan we tälimçisinden başga-da, abraýly baýrak bilen klubuň prezidenti Florentino Peres hem sylaglandy.
Ispaniýaly telekeçi Grupo ACS gurluşyk kompaniýasynyň başlygydyr. Ol 2009-njy ýyldan bäri “Real Madrid” futbol we baske...
Kriştianu Ronaldu Globe Soccer Awards-da ähli döwrüň iň gowy bombardiri diýlip ykrar edildi
Saud “Al-Nasrynyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Globe Soccer Awards dabarasynda birbada iki baýraga mynasyp boldy.
Futbolçy ähli döwrüň iň gowy bombardiri diýlip ykrar edildi. Karýerasynyň dowamynda 39 ýaşly portugaliýaly resmi oýunlarda 916 gol geçirdi.
Ikinji baýragy Ronaldu Ýakyn Gündogarda 2024-...
Täze ýyl baýramy günlerinde Türkmenistanda awtobuslaryň we taksileriň iş tertibi belli edildi
"Türkmenawtoulaglary" agentligi ilata ýokary hilli ulag hyzmatyny üpjün etmek maksady bilen, Täze ýylyň öňüsyrasynda şäher ugurlary boýunça awtobuslaryň hereket tertibine üýtgetmeleri girizdi.
Täzelenen tertibe laýyklykda,
Awtobuslar 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda sagat 6:00-dan 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda sagat 2:00-a çenli işl...
Serdar Berdimuhamedow «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow 2024-nji - «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemlenmegi bilen bagly «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlady. Bu barada döwlet Baştutany anna güni Hökümet mejlisinde habar berdi.
Döwlet Baştutany öz eserinde beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň, dünýä medeniýetine goşan ägirt...
Türkmenistanda resmi taýdan 2025-nji ýylyň şygary hem-de nyşany yglan edildi
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi.
27-nji dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
2025-nj...
Hyundai çipleri we sürüjisiz ulaglary işläp taýýarlaýan bölümini ýapdy
Günorta Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi awtoulag çiplerini we awtonom sürüş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak üçin 2022-nji ýylda döredilen “Ýarymgeçiriji strategiýasy merkezini” ýapdy. Bu barada ITHome habar berýär.
Bölümiň wezipeleri we işgärleri kompaniýanyň gözleg we programma üpjünçiligini ösdürmek bilen meşgullanýan Advanced Au...
NASA kosmosda “Roždestwo arçasynyň” haýran galdyryjy suratyny görkezdi
NASA NGC 2264 adyny alan ýaş ýyldyzlaryň üýşmeginiň suratyny hödürledi. Bu kosmiki “Roždestwo arçasy” Ýerden, takmynan, 2500 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär.
Surat 17-nji dekabrda düşürildi we ol NASA-nyň “Çandra” kosmiki rentgen obserwatoriýasynyň maglumatlaryny hem-de Arizonadaky astrofotograf Maýkl Klouwyň teleskopynyň optimiki maglumat...