Tokioda ýer titremä garşy durnukly 64 gatly bina guruldy
Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binalarynyň birine öwrülen täze Mori JP Tower gökdirän binasynyň gurluşygy tamamlandy. Hi-Tech-iň berýän habaryna görä, 64 gatly diňiň beýikligi 325,2 metrdir.
Gökdirän binanyň taslamasy Pelli Clarke & Partners binagärlik býurosy tarapyndan işlenip düzüldi. Bina Tokionyň ýaşyl baglyklary bilen tanalýan, gülläp-ös...
«Bornmutdan» Riçard Hýuz «Liwerpulyň» täze sport direktory bolar
Şotlandiýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Riçard Hýuz täze möwsümde «Liwerpulyň» sport direktory wezipesinde nemes Ýorg Şmadtkeniň ýerine geçirer diýip, futbol boýunça Angliýanyň 19 gezek çempionynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Hýuz «Liwerpula» goşulmak üçin «Bornmutda» tehniki direktorlyk wezipesini terk eder. Şmadtke gyşky transf...
Indoneziýanyň goranmak ministri Prabowo Subianto ýurduň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Indoneziýanyň goranmak ministri Prabowo Subianto ýurduň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Bu barada RIA Nowosti Indoneziýanyň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Prabowo Subianto Indoneziýanyň 38 welaýatynyň 36-synda we daşary ýurtlarda ýeňiş gazandy. Iki welaýatda, Açehde we Günbatar Sumatrada onuň bäsdeşi...
Gyrgyzystanda Magtymguly Pyragy barada leksiýalar girizilip bilner
20-nji martda Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi N.Golliýew respublikanyň bilim we ylym ministri D.Kendirbaýewa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistan DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen bilim we ylym pudagynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp m...
Hytaýda Aşgabadyň howa menzilini ýada salýan şekilde howa menzili gurulýar
Hytaýyň günorta-günbataryndaky Çžeszýan welaýatynda dizaýny boýunça Aşgabadyň howa menzilini ýada salýan täze Lişuý howa menzili gurulýar. MAD Architects binagärlik býurosy tarapyndan işlenip taýýarlanan taslama uçmaga taýyn ap-ak guşy ýatladýar diýip, New Atlas ýazýar.
Gurluşygy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär. “Guş...
Türkmenbaşy we Neapol portlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi
20-nji martda türkmen wekiliýetiniň Rime amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M. Çakyýew bilen Wise-premýer, Italiýanyň infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwininiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşy...
Rimiň Kapitoliý muzeýinde Türkmenistanyň arheologiki sergisi geçiriler
2025-nji ýylda Rimiň Kapitoliý muzeýinde Türkmenistanyň arheologiki sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Degişli resminama 20-nji martda türkmen wekiliýetiniň Rim şäher meriýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşynda gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Taraplar Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda...
Raşid Meredow Rimde italiýaly kärdeşi bilen gepleşikleri geçirdi
20-nji martda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýada iş saparynda boldy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, saparyň dowamynda Rimde türkmen wekiliýeti bilen Wise-premýer we Italiýanyň Daşary işler ministri Anton...
Rimde Türkmenistanyň Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasy we FAO bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy
20-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň Prezidenti Alwaro Lario bilen duşuşdy.
Taraplar Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Şol gün türkmen wekiliýetiniň Bi...
Kipriň uniwersitetleri türkmen talyplary üçin 17 sany talyp hakly ýer hödürleýär
Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy (rezidensiýasy Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde) 2024-2025-nji okuw ýylynda Kipriň uniwersitetlerinde okamak üçin talyp haklaryny almak ugrunda bäsleşik yglan edýär.
Kipriň ýokary okuw mekdepleri türkmen talyplaryna on ýedi talyp hakly ýer bermäge taýýar: bakalawr derejesi üçin on bir,...
Dr. Dre Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz aldy
Amerikaly repçi we prodýuser Dr. Dre (Dr. Dre, Andre Romell Ýang) Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz aldy. Bu barada Billboard ýazýar.
Artist resmi taýdan 2775-nji ýyldyza eýe boldy. Dabara onuň dostlary we kärdeşleri, şol sanda Eminem (hakyky ady Marşall Meters III), Snup Dogg (hakyky ady Kelwin Kordozar Brodus-kiçi) we 50 Cent (hakyky...
Milli ýygyndynyň kapitany Amanow Eýrana garşy boljak duşuşyk barada pikirini paýlaşdy
Dünýä çempionaty-2026 saýlama tapgyrynyň çäklerinde Eýranyň milli ýygyndysyna garşy geçiriljek möhüm duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow oýunlardan garaşylýan netijeler barada pikirlerini paýlaşdy diýip, milli ýygyndynyň metbugat gullugy habar berýär.
— Eýran bilen geçirjek möhüm oýunlarymyza...
Mingazow milli ýygyndynyň martda geçirjek DÇ-2026 saýlama duşuşyklaryna gatnaşyp bilmez
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow Dünýä çempionaty-2026 ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň mart aýynda geçiriljek duşuşyklarynda çykyş edip bilmez. Bu barada ýurduň milli ýygyndysynyň metbugat gullugy habar berdi.
Habarda futbolçynyň türgenleşik wagtynda şikes alandygy barada aýdylýar. Mingazow gi...
Daşoguz şäherinde täze «Derkar» söwda merkezi açyldy
Daşoguz şäherinde açylan täze söwda merkezinde türkmen önüm öndürijileri tarapyndan hödürlenýän hojalyk üçin niýetlenen howpsuz hem netijeli himiki önümleriň giň toplumyny özünde jemleýän dükanlaryň birnäçesi ýerleşýär. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Mundan başga-da, söwda merkezinde öý hem hojalyk üçin elekt...
«Airbus» Türkmenistana uzakdan monitoring hem-de kosmosdan surata düşürmek boýunça hyzmatlary hödürleýär
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň orunbasary bilen «Airbus» kompaniýasynyň wekiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenabat halkara howa menziliniň web sahypasynda habar berlişi ýaly «Airbus» Türkmenistana uzakdan monitoring hem-de kosmosdan surata düşürmek boýunça hyzmatlary tekl...
Ahal welaýatynyň çäginde balyk tutmaklyga çäklendirme girizildi
Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň Ahal welaýaty boýunça bölümi 2024-nji ýylyň 20-nji martyndan 15-nji maýyna çenli Ahal welaýatynyň çägindäki balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda balyk tutmaklyga çäklendirme girizilýändigini habar berdi. Bu barada Türkmenmetbugat ýazýar.
Bu çäre suwuň bioserişdelerini...
«Iş Nokady» Duolingo testine taýýarlyk toparyna kabul edýär
«Iş Nokady» kompaniýasy Duolingo testine taýýarlyk toparyna kabul edýändigini habar berýär.
Häzirki zaman dünýäsinde iňlis dili — bu diňe bir tapawutly artykmaçlyk däl-de, eýsem zähmet ýoluňy üstünlikli guramak we ösüş gazanmak üçin zerur şertdir. Duolingo testi iňlis dili bilimini bahalandyrmak üçin standarta öwrüldi we ony üstünlikli geçme...
Türkmenistanyň 4 welaýatynda gowaça ekişine girişildi 09:2921.03.2024 0 908
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar. Ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möwsüme 27-nji martda girişerler. Bu barada...
Gyrgyzystanda Türkmenistanyň gatnaşmagynda Nowruz baýramyna bagyşlanan konsert geçirildi
19-njy martda Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetinde “Türki dünýäsinde Nowruz” ady bilen çäre we konsert programmasy geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Özbegistandan, Türkiýeden we Azerbaýjandan diplomatlar, şeýle-de Bişkekiň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri we talyplar gatnaşdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda...
Konor Makgregor duşuşmak isleýän üç söweşijisini aýtdy
Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň irlandiýaly söweşijisi we ýarym ýeňil hem ýeňil diwizionlarda UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor söweşmek isleýän üç garşydaşynyň adyny aýtdy. Bu barada championat.com belleýär.
“Bu, elbetde, Maýkl Çendler. Ol birinji bolup biler. Maýkldan başga-da, Dastiniň ýeňendigini görmek gowy boldy. Dogrymy aýtsam,...