Aý üçin petek.
Awtory - Aýsapar Emelowa
Men aýyň atdaşy. Bir wagtlar ol meniň syrdaşymdy. Onuň maňa syrdaş bolmagyna kiçi wagtym enemden eşiden bir ertekim sebap boldy. Heniz mekdep ýaşyna ýetmedik gyzjagaz wagtym enem maňa garaňky asmany ýagtyldýan aý hakda bir erteki aýdyp beripdi.
“Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym, gadym zamanda bir gyzjagaz bar eken. Ol juda uzak ýerlerde öz ejesi we kakasy bilen bileje ýaşaýan eken. Bir gün gyzjagazyň ejesi agyr syrkawlap aradan çykypdyr. Gyzjagazyň kakasy gyzynyň ejesiz ulalmagyny isleman ýene bir aýala öýlenipdir. Emma öweý ejesi gyzjagaza öýüň ähli işlerini etdirip, oňa juda zalymlyk edipdir. Bir gün gije gyzjagazyň öweý ejesi çeşme suwundan içesi gelip ony çeşmä suwa ugradypdyr. Gyzjagaz garaňkyda gorkup aglamaga başlapdyr. Şonda onuň ýoluny nurana aý ýagtyldypdyr. Gyzjagaz aýa seredip öz öweý ejesiniň özüne berýän azaplary barada aýydypdyr. Oňa aýyň rehmi gelip ol gyzjagazy öz ýanyna alyp gidipdir.
Seret gyzym, aýyň ýüzünde biri seredip duran ýaly bolýandyr. Ol şol gyzjagaz, her gün gije aý çykanynda kakasyny göresi gelip aýdan ýere seredip durýamyş ”
Bu erteki maňa juda täsir etdi. Hakykatdan hem aýda biri seredip duran ýaly bolup göründi maňa. Şol günden başlap men her gün aýa seredip şol gyzjagaz hakda oýlanýardym. Hyýalymda ol bilen dürli gürrüňler edýärdim. Bar-a, bar-a bu meniň endigime öwrüldi. Men oňa mekdepde kimler bilen dostlaşanym, kimleri halaýanlygym, kimleri halamaýanlygym hakda aýdardym. Aýdaky gyzjagaz hem men bilen deň ulalýan ýalydy. Göýä ol hem maňa bir zatlar aýdasy gelýän ýaly duýulýardy.
Meniň bu hyýalymdan klasdaş dostum Myradyň habary bardy.Ol hemişe meniň ýanyma gelende: “Aýa, aýdaky joraňa salam aýt. ” diyip gülüp, degişerdi. Myradyň öýi bize has ýakyn bolanlygy sebäpli ol bize geler gider durardy. Baýramçylyklarda ylaýta-da doglan günümde ol meni şatlandyrmaga, hyýallarymdan uzaklaşdyryp ünsümi özüne çekmek üçin her hili oýunlar tapardy. Heniz kiçi bolanlygym üçinmi ýa-da çagalygymda eşiden şol ertekim, şol aýdaky gyzjagaz hakdaky hyýallarym sebäplimi onuň oýunlaryna gülsemem ol diýen üns beremokdym. Myrat üçin aýdaky gyzjagaz hakdaky hyýallarym juda gülkünçdi..
Bir gün ol:
—Aýa, seň şu aýdaky joraň bar-a...
—hawa?
—M-m-m-m, ol bilen nämeleri gürleşýäň, oňa nämeleri gürrüň berýäň?
—Özüm hakda, mekdepde bolup geçýän wakalar hakda, durmuşymda bolýan wakalar hakda gürrüň berýän.
—Ha-ha-hah, Aýa, ulalaý-how indi. Sen ýaş çaga däl-ä how. Bu aý, aýdaky gyzjagaz çagalary uklatmak üçin aýdylýan erteki-laý - diýip ýene öňkisi ýaly gülmäge başlady.
— Myrat, gülmegiňi bes et, bes et diýýän!
—Heh, bolýa, Aýa, saňa bir sorag, Sen oňa men hakda-da gürrüň berýäňmi, ýa meni joraňdan
gysganýaňmy?
—Ýok-la, seni nämä gysganaýyn, sen bilen ýöne klasdaş, goňşy men. Başga ýakynlygymyz
ýog-a diýdim. Şol wagt onuň ýüzündäki ýylgyryş birden soldy we:
—Başga ýakynlygymyz.... Bolýa, men ýöredim. Diýip öýüne dolandy. Şol wagt men oňa kän üns bermedim. Emma ol şol günden başlap menden uzaklaşmaga başlady. Mekdepde tiz, tiz ýanyma gelip men bilen oýun edip , gülüşýän Myrat meni görse görmedik bolardy. Başga gyzlar bilen gürleşip, gülüşerdi. Ilki başda muňa onça üns bermesemem soňa baka Myradyň bu bolşuna geň galdym. Mekdebi tamamlanymyzdan soňa meni umuman unutdy. Meniň hiç bir baýramym, hiç bir doglan günüm onsuz geçmändi. Wagt geçdigi saýy onuň degişmelerini, her baýramda, doglan günümde maňa berýän üýtgeşik degişme sowgatlaryny küýsedim. Her ýyl doglan günümde ol ilkinji bolup gutlardy. Emma bu ýyl ondan derek ýok. “Näme üçin? Näme üçinkä?” diýen soraglar kellämden gidenok. Myrada juda öwrenişenimi duýdum. Her kim geldi doglan günüme emma Myradyň ýeri belli bolýardy. Her ýyl bolşy ýaly onuň bilen doglan gün süýjüligini kesmegi, degişmeler aýdyp gülüşmek isleýardim. Emma ondan derek ýok. Doglan günüm sowuldy, ähli myhmanlar gitdi. Meniň bolsa ýüregimde bir harasat gopýan ýalydy. Bir wagt gapy kakyldy, Myratdyr öýdüp ylgap gapyny açdym, emma bu onuň jigisidi. Ol maňa: “Muny saňa Myrat ugratdy” diýip bir hatly bukja berdi-de gaýdyp gitdi. Men howlukmaçlyk bilen bukjany açdym, onuň içinde ýene bir bukja bardy.Ol bukjanyň ýüzünde “Aý üçin petek” diýen ýazgy bardy. Ol bukjanyň arasynda-da eplegli bir zatlaryň barlygy bildirip durdy emma men ony açasym gelmedi. Sebäbi mende: “Aýa petek bilen uçulmaýany belli zat. Ol mana beýle sowgat ugratmak bilen özünden uzaklara gitmegimi isleýändir” diýen pikir döredi. Ondan juda öýkelidigim sebäpli özümiň hem ondan uzagrak bir ýere gidesim gelýädi. Şol sebäpli hem paýtagta garyndaşlaryma gitmegi ýüregime düwdüm. Ertesi güni men paýtagta petek almak üçin ýola çykdym. Howa menziline baryp petek üçin nobata durdum. Biraz wagt geçensoň meniň gapdalymda biri seslendi:
—Nobatyň soňy sizmi?
Men seretmän hawa diýen manyda baş atdym. Bu ses tanyş eşidilsede aşa öýkelidigim we gaharlydygym Sebäpli: “Ýok-la, ol däl-dir. Ol bu ýerde näme işlesin” diýip pikir etdim. Bir az wagtdan ol ýene:
—Sizem petek almakçymy? diýip sorag berdi. Men ýene seretman baş atdym. Ol:
—Hä-ä, aýa üçjak bolýaňmy? Diýip güldi. Men şol bada öwrülip seretdim. Garşymda Myrat ýylgyryp:
—Haý samsyjak nira gaçyp barýaň?
—Men gaçamok, paýtagta gezmäne gitjek.
—Aýtman, diýman, hoşlaşman...
—Aýdara ýer goýduňmy?! Ýogsa-da meniň bu ýerdeligimi nirden bilýäň?
—Irden size bardym, ejeň aýtdy. Aýperi sen meň hatymy doly okamadyň gerek? Ýanyňda bolsa okaýda.
—Okajak däl, okamasamam okan ýaly. “Aý üçin petek” diýen ýazgyny okanym hem ýetik maňa. Aýa
petek alyp uçup bolmajagy belli zat. Diýmek sen meniň uzak bir ýerlere gitmegimi isläpsiňdä. Ine gidip barýan. Begenip bilersiň.
—A gyz, meni diňle. Sen maňa “Ýakynlygymyz ýok” diýeniňe gaty gördüm. Men seni hyýallaryňdan daşlaşdyrjak bolup jan etdim bolmady. Şol ertekiniň täsirininden çykyp bilmeýäniňe men şu wagt hem haýran galýan. Men hatyň daşynda “Aý üçin petek” diýip ýazdym. Emma aýa petek bilen gidip bolmajagyny senem menem gowy bilýäs. Edil aýa gitmek üçin petegiň ýok boluşy ýaly aýdaky şol gyz hem ýok zat. Ol diňe seniň çagalyk dünýäň ertekisi. Düşünäý, sen indi uly gyz-a!
—“Sen indi uly gyz-a! sen indi uly gyz-a!” bu sözler gulagymda gaýta-gaýta ýaňlandy. Men birden ýantorbandan ikinji haty aldym, ony açamda: “Men seni söýýän” diýen ýazgyny okadym. Myrat bolsa ýylgyryp duran nazaryny menden aýyranokdy. Ol henizem çagalykdan saýlanmalylygym hakda, hyýallarymyň ertekiligi hakda janygyp bir zatlar düşündirýärdi. Emma bularyň hiç biri meniň gulagyma girenok. Şu wagt meniň gözlerim ömrümde birinji sapar okaýan şol hatdan başga zady görenokdy.
Ýüregimi üýtgeşik duýgular gaplap aldy. Gursagymda harasat gopýan ýaly. “Bu duýgular näme-kä? Bu söýgimikä? Ýok. Ýok bu söýgi däldir. A, belki söýgidir? Ýo-o-ok, beýle bolmagy mümkin däl. A, belki-de mümkin?” diýen jogapsyz pikirleriň arasynda galypdym. Bu soraglarymyň jogaby garşymda duranyna we Myratdan başga bu soraglara jogap berjek ynsan ýoklugyna gözüm ýetdi. Doglan günüme sowgat berilen “Aý üçin petek” bolsa meniň bagtyma tarap ýollanmadygyna düşündim.
Diýmek men ulalypdyryn, emma bu eýýäm başga hekaýa! (
Aý üçin petek
-
Jаdygöý
3 years ago
- Şu gyzyňam döredijiligi gowy bolmaly. Mende has täsir galdyran goşgusy :“Durmuşyň öweý gyzy men”
-
kwazimoda
3 years ago
- moda moda hazir carina surmek moda moda
Jаdygöý 3 years ago- Täsirli hekaýa.