Owadan sözler...
Aÿratyn dilde gürläris, emma meñzeş dilde dymarys...
**
3 sany zat adamy ÿadadÿar: Bagyşlamak, Gaharyñ gelip dyrka dymmak, Bolmajagyny bilibem arzuw etmek..
**
Owadany owadan edyän edepdir, edep bolsa owadany söymäge sebäpdir...
**
Gideniñ yzyndan nokat goÿuñ. Indiki geleniñ ady Baş harp bilen ÿazylar ÿaly...
**
Owadanlyk ÿüzde däl ÿürekde bolmaly...
**
Bir zady seredip öwrenip bolýan bolsady, pişikler gassap bolardy...
**
Gül ýaly owadan bol, emma dikeni ýaly zalym bolma...
**
Ýürek arassa bolsa, dilden owadan sözler çykar...
**
Ýürek ýadan wagty der gözden akar...
**
Adam puluny ýitirse garyp, erkinligini ýitirse ýesir, söýgülisini ýitirse şahyr bolýan eken...
6.10.2021 11:08
Owadan sözler...
-
kwazimoda
3 years ago
- Dory sozli bolmak dogrydyr, yone hemishe dogryñy aytmagam dogry daldir.
-
kwazimoda
3 years ago
- Çagaňyza diýilmeli sözler:
1. Men seni söýýärin
2. Näme bolsada seni söýýärin.
3. Sen maňa gahar edeniňde-de seni söýýärin.
4. Saňa gaharym gelse-de seni söýýärin.
5. Menden uzakda bolsaňam seni söýýärin. Meniň söýgim elmydama ýanyňda.
6. Ýer ýüzünde islendik çagany saýlamaga mümkinçilik berilen bolsa-da, şonda-da seni saýlardym balam.
7. Men sizi ýyldyzlaryň arasyndaky aýa çenli we aýdan gaýdyşyn ýere çenli, söýýärin.
8. Sag bol.
9. Bu gün seň bilen oýnamakdan lezzet aldym.
10. Meniň iň gowy görýän ýatlamalaryň pursatyndan seniň we meniň bilelikde bir zatlar eden günümdir!
Aýdyp beriň:
11. Olaryň dünýä inmegi ýa-da ogullyga alynmagy barada bolan wakany.
12. Kiçijik wagtlary olar bilen nädip mähirli bolanyňyz hakda.
13. Olaryň atlaryny nädip saýlandygyňyz hakda wakany.
14. Olaryň ýaşlarynda özüňiz nähili bolanyňyz barada.
15. Olaryň ene-atalarynyň nädip duşuşandygy barada.
16. Halaýan reňkleriňiz haýsylar?
17. Kämahal size-de kyn düşýär.
18. Elini tutup, 3 gezek gysanyňyzda, bu gizlin kod bolup, * * Men seni söýýärin * diýmekdir.
19. Siziň meýilnamaňyz näme?
20. Şuwagt siz näme edýärsiňiz?
Diňläň:
21. Çagaňyz awtoulagyň içinde wagty.
22. Çagaňyz oýunjaklary hakda näme diýýär we onuň üçin näderejede möhümdigi hakda pikirleniň.
23. Çagaňyz hakykatdanam bir soragyň jogabynda kömegiňize mätäç bolan wagtynda.
24. Öňkiňizden 1 sekunt köpräk biraz sabr etmek üçin, sabrlylyga öwreniň.
25. Çagaňyzyň sözleriniň yzyndaky duýgular.
Soraň:
26. Seniň pikiriňçe näme üçin beýle boldy?
27. Seniň pikiriňçe eger-de (şeýle bolsa) ..... näme bolar?
28. Biz muny nädip bileris?
29. Näme hakda pikir edýärsiň?
30. Günüň dowamynda bolan iň gowy ýatlamanyň pursady näme boldy?
31. Seniň pikiriňçe "onuň" tagamy nähili?
Görkeziň:
32. Bir zady etmegi gadagan etmegiň ýerine, nädip etmelidigini.
33. Otuň baldagynda nädip sygyrmaly.
34. Kartlary nädip garmaly, ýelpewaç (веер) / jaý nädip ýasamaly.
35. Iýmitleri nädip kesmeli.
36. Geýimleri nädip eplemeli.
37. Jogabyny bilmeýän wagtyňyzda nädip maglumat gözlemeli.
38. Ýoldaşyňyza bolan bar mähriňizi.
38. Özüňe setmek, özüňe ideg etmek gaty möhümligi.
Ýörite wagt bermek:
39. Gurluşyk meýdançalaryna syn etmek üçin.
40. Guşlara seretmek üçin.
41. Nahar bişireňizde çagaňyz size kömek eder ýaly.
42. Bileje gyzykly, gowy bir ýerlere gitmek üçin.
43. Palçykda bilelikde gazmak üçin.
44. Çaganyň bir zady ýerine berjaý edişinyň badyna görä tabşyryklary ýörite ýerine ýetirmek üçin.
45. Çagaňyz oýnap ýörkä ýanynda ýöne oturmak.
Çagaňyzy bagtly ediň:
46. Geň galdyryp sowgat taýarlaň we onuň otagyna aýyryp goýuň.
47. Blinçigyň (блин) içine şokolady salyň.
48. Iýmit ýa-da naharlary ýylgyrýan ýüzli "smaýl" görnüşinde goýuň.
49. Bir zat etmäge kömek edeniňizde, ses effektleri ulanyň.
50. Olar bilen polda oýnaň.
Goýberiň:
51. Günäkärlik duýgusyny.
52. nähili bolmalydygy baradaky pikirleriňiz.
53. Özüňize gerek dogrulygy.
Bermeli:
54. Çagaňyza mähirli göz bilen serediň.
55. Haçanda çagaňyz otaga girende ýylgyryň.
56. Çagaňyz size degeninde sizem şeýle mähir bilen jogap beriň.
57. Çagaňyz sizi hakykatdanam eşidip biler ýaly bir zat aýtmazdan ozal öňünden ugruny tapyp sazlaň.
58. Çagaňyza kömek etmezden ozal olaryň nägileligini (gahar-gazabyny) çözmäge mümkinçilik beriň.
59. Uzak bolan günüň ahyrynda suwa düşüň.
60. Çagaňyza hoşniýetli bolmagyňyz üçin öz göwnüňize ýaraýan ýoluňyzy saýlaň.
alemjahan.net saytyndaky bir agzanyn yazanlaryndan
-
kwazimoda
3 years ago
- Shular yaly manyly durmushda peydasy degjek zatlaram paylashyp durun minnetdar
@Arzuw
kwazimoda 3 years ago- Oglanlar, gyzlar hemmanizi alemjahan.net saytyna cagyryan. Ol sayt dizayn owadan we admin topar seyle adalatly payhasly. Elbetde az sanly bolsada agzalary hem akylly. Gelin hic kimin zayalap bilmjek ajayyp owadan saytynda pikirler alysalyn.
Blok acylyan ayratyn bolum bar. Pikirler bolumi bar. Tazelik we kitaphana bolumi bar. Agzalar bolumi bar. Gownunize hokman yarar