Köne bir gürrüňe görä, bir gezek ýarawsyz birini hassahananyň otagyna tigirçekli krowatda getiripdirler, otagda penjiräniň öňünde ýerleşen başga-da bir hassa bar eken. Olar dostlaşypdyrlar, penjirä golaý
ýerleşen kişi daşaryk seredip, daşky dünýäni täsin suratlandyryp, düşege örklenen ýoldaşyny uzak wagtlap güýmär eken. Ol garşydaky seýilgähde bolan ajaýyp daragtlar, ýapraklaryň şemala oýnaýyşlary barada gürrüň berer eken, käte geçip gidýän ötegçileri ýoldaşyna jikme-jik suratlandyryp berer eken. Ýöne wagt geçip dur, düşege örklenen hassa bu gudratlaryň baryny öz gözleri bilen synlap bilmeýänligi üçin,
gamgyn bolup başlapdyr. Ahyry ol dertdeş ýoldaşyny halaman ugrapdyr, soňra bolsa ýigrenipdir hem. Bir gije penjiräniň öňünde ýatan hassa yzyny üzmän, gök-dalak bolup üsgüripdir, üsgülewigine boglupdyr-da, demi gelmändir. Ikinji kişi hatda lukmany hem çagyrjak bolmandyr. Irden ajaýyp görnüşleri suratlandyryp, dostunyň göwnüni göteren ol kişiniň ýogalandygyny aýdyp, onuň ýatan krowatyny hem otagdan äkidipdirler. Ikinji şobada özüni penjiräniň öňüne ge
çirmeklerini haýyş edipdir, nobatçy şepagat uýasy onuň krowatyny penjiräniň alkymyna süýşüripdir. Emma ol daşaryk seredende endam-jany elenip gidipdir: asyl penjireden görünýän ýeke-täk görnüş
tutuşlygyna kerpiçden örülen diwar eken. Täsin suratlandyrmalaryň ählisini onuň otagdaşy oýlap tapýar eken, sebäbi dostuna nebsi agyryp, onuň bu kyn pursadyny, sähelçe-de bolsa, ýeňilleşdirmek isleýär
eken. Ony beýle etmäge iteren akgöwünliligi eken.
kwazimoda 3 years ago- :( Dirikä gadyr bilinenok. Şeýle adamlar indi az.