Bu käliñ
Eý, ýaranlar, size muny aýdaýyn,
Diýdigim çakyña ýetmez bu käliñ.
Käte gawun-garpyz iýip gaýdaýyn,
Mazasy çekgämden gitmez bu käliñ.
Ekenden endigan çykyp ugrady,
Yssy düşdi günbe-günden zorady,
Özgeleri tapbat alyp gurady,
Asyl biýarasy ýatmaz bu käliñ.
Her düýbi ýaýrandyr bir tanap ýere,
Gawuny çymmakdyr, garpyzy gara,
Gujaga sygmazdyr bäş garyş sere,
Bolaýşyna aklyñ çatmaz bu käliñ.
Kūnjūsi bag ýaly, kösūgi hatar,
Dūýbūnde dört adam saýalap ýatar,
Gawuny gahr edip garpyzy atar,
Gije tarkyldysy ýatmaz bu käliñ
Gowaçasy sansyz goza getirdi,
Her bir düýbi üç gadaga ýetirdi.
Suw içenden suw içmedik ötürdi,
Ýüzüniñ yzgary ýitmez bu käliñ.
Telärler maýrylar serilen sökden,
Bede deý basylan ol küde kakdan.
Gelen alyp gider gujak-gujakdan,
Eýeleri ýüzün çytmaz bu käliñ.
Berdi KERBABAÝEW
Bellik: Bu goşgy şahyryñ Kaka şäherindäki medresede okap ýörkä ýazan goşgusy bolup, köne türkmen ýazuwly öz golýazmasyndan Aşyr Salyh ogly tarapyndan geçirip alnan.
kwazimoda 3 years ago- Käl näme? Kölüň sinonimi?