Gaññalyñ oýunda-Tejende galdy
Meniñ ýigit wagtym,seniñ gyz wagtyñ
Okgeçmez ýylgynlañ içinde galdy
Meniñ ýigit wagtym,seniñ gyz wagtyñ
Bir ýandan uruşdy,bir ýandan hasrat
Hasrat bolçylykdy,hezillik gahat
Şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat
Meniñ ýigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ.
Däriler ýanýardy,ys köpelýärdi
Gidýänler gidýänden has köpelýärdi
Toýlar azalýardy ýas köpelýärdi
Meniñ ýigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ.
Söýüşmek düşmejek ýalydy ýada
Emma söýgi diýen jadyly zada
Höküm etmez hiç hili kada
Heniz ýigit wagtym Heniz gyz wagtyñ
Diýerdim: \"Geregim,çen boldy oýlan!
Ähli boýdaşlaryñ başlary boglan\"
Sen diýerdiñ:\"Garrap barýarmyñ oglan?
Äwmañ öz bagty bar, Sabyryñ öz bagty!\"
Boýnuñdan gelerdi jeññeliñ ysy
Goýnuñdan urardy tümlügiñ ysy
Demiñden kükrärdi müñ gülüñ ysy
Meniñ ýigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ.
Kem-kemden golaýlap lebiñe lebim
Çabrap başlanda demiñe-demim
Näz bilen iterdiñ:\"Hany edebiñ?
Söýgi bulaşmazmy Edep az wagty ?\"
Oñuşmaly bordum saçlaryñ ysgap
Leb gadagan wagty-olam bir hasap
Ýöne beýle hasap düşmezdi añsat:
Hasap ýitýän eken Dyzba-dyz wagtyñ.
Çykarmy ýadymdan şol täsin pursat?
(Çykjak bolaýsa-da bermen rugsat !)
Gursagmyñ üstünde gürsüldäp gursak,
Keteniñ içinde gyzyl köz wagtyñ
Sagatlar tiz geçdi,tiz geçdi şeýle,
Ýañja-da guşlukdy,bolupdyr öýle.
Sen diýdiñ:\"Pylan jan,gaýdaly öýe,
Ýigdiñ öz wagty bar Gyzyñ öz wagty
K. Gurbannepesov
kwazimoda 3 years ago- Alemjahan.net saytyna gelin. Adminler topary adalatly. Shasy maglumatlarynyz gizlin saklanyar. Dizayn owadan. Agzalary tertipli.
Alemjahan.net