Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki zaman halkara hyzmatdaşlyk ulgamynyň iň bir işjeň gatnaşyjylarynyň biri bolmak bilen, sebitde we dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işine öz mynasyp goşandyny goşýar. Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasaty oňyn bitaraplyk, parahatçylygy söýmek, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek bilen amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine barha işjeň goşulmagy netijesinde energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň sarp edijilerine elýeterli etmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygy we halkymyzyň geljekki ykbaly üçin Diýarymyzyň ykdysadyýetinde esasy orunlaryň birini eýeleýän energetika ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we kuwwatynyň barha artdyrylmagy bu ulgamyň ýeterlik derejede ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň energetikany ösdürmekde alyp barýan syýasaty we öňe sürýän başlangyçlary, ilkinji nobatda energetika ulgamynyň kuwwatyny düýpli artdyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň durnukly depginini gazanmaklyk bilen birlikde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygynyň täze derejesiniň esasynda çalt depginler bilen ösýän kuwwatly energetika insfrastrukturasy emele gelip, elektrik energiýasynyň ulanylşynyň netijeliliginiň ýokarlanmagy, energiýanyň aýawly saklanylmagy, pudaga innowasion tehnologiýalaryň we döwrebap dolandyryş usullarynyň girizilmegi, ekologiýany gorap saklamak hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak, energiýa göterijileriň halkara üstaşyr geçirilişini deňhukukly we adalatly esasda amala aşyrmaklygyň netijesinde bu meselelere aýratyn üns berilýär.
Ýakynda “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” kompaniýasy tarapyndan Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli täze, kuwwatly Lebap döwlet elektrik stansiýasy ulanyşa girizildi. Bu elektrik stansiýasynyň gurluşygyna 2018-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berlipdi we gurluşyk-gurnama işleri 2021-nji ýylyň awgust aýynda 33 aýyň dowamynda tamamlandy.
Döwrüň ösüşleri şol zamana mahsus bolan ruhy edähetler, kabul edilen ynançlar we halkyň ýüregindäki ynam bilen baglanyşykly hasaplanýar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň dünýä ýaýan parahatçylyk taglymynyň esasynda amala aşyrylýan beýik işlerde bolsa beýik ynam bar, egsilmez ruhy güýç bar. Ýer ýüzüne parahatçylyk ýörelgesini ýaýmak bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyz dünýäniň ösüşine, adamzadyň ykbalyna dahylly meselelere oňyn täsir edýän ýurtdygyny dünýä jemgyýetçiligine aýan edýär.
Ýurt Baştutanymyzyň başlangyjy bilen täze gurlan elektrik stansiýasynyň bellenen kuwwatlylygy 432 megawatt bolup, onda her biriniň kuwwatlylygy 144 megawatt bolan üç sany gaz turbina enjamlary oturdylan. Bu gaz turbina enjamlary Ýaponiýanyň “Mitsubishi Power Ltd.” kompaniýasynyň önümi bolmak bilen, olaryň ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynda ilkinji gezek ulanylýandygyny bellemek ýakymlydyr.
Desganyň çäklerinde esasy enjamlardan üç sany gaz turbina generatory oturdylan, stansiýanyň kadaly işlemegine ýardam berýän açyk paýlaýjy gurluş we beýleki kömekçi binalar gurlan, hünärmenleriň öndürijilikli işlemegi üçin ähli amatly şertler döredilen, döwrebap sanly ulgamlar ornaşdyrylan.
Görşümiz ýaly, ähmiýeti uly bolan Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde durmuşa geçirilen işleriň we şol sanda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky kuwwatlylygy 432 megawat bolan täze gazturbinaly elektrik stansiýada her biriniň kuwwatlygy 144 megawata deň bolan gaz turbinasy oturdyldy. Bu elektrik stansiýanyň ulanyşa grirzilmegi bilen öňden hereket edýän lebap Döwlet eletrik stansiýasynyň kuwwatlygy 581,2 megawata çenli, şeýle-de ýurdumyzyň tutuş energoulgamynyň kuwwatlygy ýokarlanar we energoulgamyň kuwwaty ýenede birnäçe esse artar. Şol nukdaýnazardan türkmen elekrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilikler döreýär. Has takygy, merkezi aziýa ýurtlaryna, şol sanda Eýran we Owganystan Yslam Respublikalaryna, Özbegistan we Gyrgyzystan Respublikalaryna energiýanyň iberilişiniň möçberini artdyrmaga mümkinçilik dörär. Diňe bir eksport mümkinçilikleri däl,eýsem Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlygy artar, täze iş orunlary dörediler.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Senagat desgalary, şol sanda energetika desgalaram gurlanda daşky gurşawa bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberlerini azaltmaga ýardam berýän döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek Türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, elektrik energetikasy pudagyna döwrebap täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde kuwwatlygy 1574 Mwt bolan utgaşykly dolanşykda işleýän elektrik stansiýasy 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berilmegi türkmen halkymyzy hasda guwandyrdy. Ýakyn geljekde Ahal we Daşoguz Döwlet elektrik stansiýalaryny bug we gaz turbinalary ulanmak arkaly utgaşykly dolanşyga geçirmek meýilleşdirilýär. Diňe bir daşky gurşawy gorap sakalamak, oňa aýawly garamak ýeterlik bolmaýar, eýsem-de, gaýtadan dikeldilmeýän energiýa çeşmelerine juda aýawly çemeleşmek, olary tygşytlamak örän möhümdir, adyndan belli bolşy ýaly gaýtadan dikeldilmeýän energiýa çeşmeleriniň öwezini dolup bolmaýar. Şonuň üçin hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan Günden we ýelden elektrik energiýasyny almagyň taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin giň gerimli işler alnyp barylýar we bu başlangyçlaryň geljegi uludyr. Mälim bolşy ýaly energiýanyň arzan ygtybarly we döwrebap çeşmelerine giň elýeterliligiň bolmagy ähli döwletleriň yzygiderli ösmegi, olaryň halklarynyň abadançylygy üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Bütin dünýäde parahatçylygyň hem dost-doganlygyň juda zerur bolup durýan häzirki döwründe gahryman Arkadagymyzyň halkymyz üçin şeýle ajaýyp desgany gurup ulanmaga bermegi taryhy wakadyr. Haçan-da halk ýagty hem bagtly geljegine mynasyp Baştutany bilen gadam basanda, jemgyýet özgerýär, döwür gülleýär. Mukaddes Garaşsyzlyk bilen bat alan, hemişelik Bitaraplyk bilen dünýäde öz ykraryýetini gazanan ykdysady ösüşlerimiz, umumadamzat bähbitli dünýä ähmiýetli beýik işlerimiz halkymyzyň göterilen ykbaly, döwletiň jümle-jahana ykrary. Dünýäde ykrar edilen Lideri bar milletiň mydama başy belentdir, mertebesi ýokarydyr, ýaşaýyş-durmuşy ösüşleriň belentliklerine sarydyr.
Ýurdumyzyň dänýäniň ykdysady hojalygyna barha işjeň goşulmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagy, öý hojalyklarynda we senagatda elektrik energiýasyny sarp edýän döwrebap hojalyk we senagat enjamlarynyň giňden ornaşdyrylmagy, täze önümçilikleriň döredilmegi, telekeçilik işlerine giň ýol açylmagy, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän önümçilikleriň döredilmegi bilen ýurdumyzyň energetika syýasatyna laýyklykda türkmen energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň sarp edijilerine elýeterli etmek we elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze energetika kuwwatlyklaryny döretmek, energiýa paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan bu beýik işler halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Halkymyzyň arasynda ir döwürlerden bäri “Daşdaky dogandan ýakyndaky goňşy” diýen pähim juda ýörgünli bolupdyr. Ýaşaýyş-durmuşymyzda aýratyn orun tutýan goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mäkämligi ýurduň abatlygynyň alamatydyr. Hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň amala aşyrylmagy netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyz dünýäniň ösüşine, adamzadyň ykbalyna dahylly meselelere oňyn täsir edýän ýurtdugyny dünýä jemgyýetçiligine aýan edýär.
Hormatly Prezidentimiz ,,Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda: “Halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostluk dünýäde ynsanperwerligi ýola goýýan taglymatdyr” diýip belleýşi ýaly, “Türkmenistan - parahatçylygyň hem ynanyşmagyň Watany” ýylynda dostlukly goňşy döwletler bilen amala aşyrylýan hem geljekde meýilleşdirilýän mährem gatnaşyklar her bir ojaga ýagtylygyny hem ýylylygyny paýlaýar.
Bu gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň ulanyşa girizilmegi ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygyny artdyrmaga, Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, goňşy ýurtlara, şol sanda Eýran we Owganystan Yslam Respublikalaryna, Özbegistan we Gyrgyzystan Respublikalaryna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga, täze iş orunlarynyň döredilmegine, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer energetika syýasatynyň dünýä ýüzünde dabaralanmagyna ýardam eder.
Halkymyzy bagtyýar durmuşyň goýnunda ähli ýaşaýyş-durmuş şertlerinden giňden peýdalanyp ýaşamaga şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
LadaKalina. 3 years ago- Druk agentda i$leyañmay?