GÜÝZ GELDI...
(Gurbannazar Ezizowyň ýagty ýadygärligini hatyralap)
Güýz geldi. Dünýäniň ýüzi agraldy,
Sarylyk baglarda başlady “işe”.
Biz indi şatlygy unutdyk biraz,
Gam çekmek güýze-de, maňa-da pişe.
Güýz gelende gussa batýar tebigat,
Öz şahyr oglunyň aglap agysyn.
Köp ýyllyk aýralyk onuň täleýne
Hem agras ýüzüne salypdyr gasyn.
Ol perzent dagyny çekýär,
Men bolsa,
onuň ýowuz ykbalyna aglaýan.
Meger, şudur, ýama-ýama kalbymy
Güýzüň gamly dünýäsine baglaýan.
Gökde bolsa, ak alkymly durnalar
Gykuwlaşyp, göç edende bu ýerden,
Hiç saplanyp, halas bolup bilemok
Tebigatyň agyr derdin duýardan.
Bu baglar, bu daglar, gojaman barlyk
Güýz oglunyň sesi bolup ýaňlanýar.
Şeýdip, günleň ol hakdaky aýdymy
Ebedilik aýdylyp dur soňlanman.
* * *
ÝENE SENI ÝADA SALDY GELEN GÜÝZ...
Tylla reňk ýapraklar dolduryp ýoly,
Köçelerde seýrek duşýar gelin-gyz.
Göwün öz-özünden gozgalaň tapdy,
Ýene seni ýada saldy gelen güýz.
Birden ünjä gitdim, bilmedim, neçün,
Kalbymy siltedi düşnüksiz gussa.
(Duýgulara ýene-de bir baş egdim,
Gandallap goýaýýar kejine tutsa)
Endik boldy dünýä nadyl bakmagym
(Men asla-da ýarymgöwün, dowulbaz).
Bilseň, senli ýatlamalar hemişe
Şatlygymy harpyk kimin sowurýar.
Şu günlere çenli bile duşuşan
Ýerlermizde gezip, etsemem mydar,
Seni juda-juda göresim geldi,
Pikirlermiň sakçysydyň elmydam.
Seni söýüp, pida etdim kän zady,
Ýaşlygymy ýel ugruna sowurýan.
Sebäpsiz taşlanan ýaraty kalbym
Indi gamgyn goşgulary dogurýar.
* * *
GÜÝZ GÜNÜDI...
Ýadyňdamy,
Güýz günüdi. Ikindi.
Saralan ýapraklar örtüpdi ýoly.
Şeýle bir howlukmaç gelýärdiň senem,
Göýä garaşýanmy biläýen ýaly.
Gabadyma geldiň. Seslendim:
— Salam!
— Salam!
— Gowumysyň?
Bermediň jogap.
Şeýdip geçip gitdiň, men bolsa şonda
Dabanyňy öpen topraga togap
etdim öz ýanymdan,
rahatlyk tapdym,
Galpyldy aýryldy on iki süňňümden.
A soň ertir ýene sataşmak üçin
Hyýallaryň jümmüşine siňdim men...
Ençe ýyllardan soň ýene sataşdyk,
Belki, şonda ykbal utandyr meni.
Ine, häzir geçmiş gaýtalanyp dur,
Salamymy alman, utandyr meni!
Ýok, sen salam aldyň, saglyk soraşdyň,
(Gör-ä, ýene güýz gününiň öýlesi!)
Arman... gapdalyňda özge ýigit bar,
Başyňda-da täze gelniň öýmesi...
* * *
GÜÝZ GELENDE...
Päk asmana gussaň reňki çykypdyr,
Öňküsinden agralypdyr pikirler.
Ak kagyza hatar-hatar düzülýär
Kalbyň ysy gelip duran setirler.
Arş ýüzi azajyk agraslanypdyr,
Ümsümlik süňňüne siňipdir kürsüň.
Ýodalar asuda, ýollar asuda,
Daglar, baglar, güller — ählisi ümsüm.
Güýz gelipdir sarylyga boýanyp,
Goýalyp gelipdir.
Goja ýapraklaň
synlap, sapak alyp, bagdan tänişip,
Öpüş kabul edişini toprakdan.
* * *
GÜÝZ. GYZ. SAZ.
Ine, güýz.
Ine, gyz.
Ine, pessaý saz.
Güýzi saz göwünli gyz garşylaýar.
Ýatlamalar saz ritmine goşulyp,
Güýzi yşkdan galan yz garşylaýar.
Ömrüni paýawlan ýapraklar özün
Ene ýeriň gujagyna oklaýar.
Gyzyň gözün dikip oturan ýaby
Öňküsi deý çasly-çasly akmaýar.
Diňe güýz gepleýär agras ses bilen,
Gyz dymýar, diňleýär, ýazýar, diňleýär.
Kalbyň ysy gelip duran setirem,
agras güýzem,
gyzam,
sazam diňmeýär.
* * *
GÜÝZ
Wagtyň gujagynda irkildi zemin,
Baglar ýuwaşjadan dökdi ýapragyn.
Hut şu günler, hut şu görnüş astynda
Täsin duýga bendi boldy kükregim.
Ganat bitdi, galdy göwnüm çarpaýa,
Gözlerim üýtgeşik görýär dünýäni.
Dek düýndi pes otyrşy sussumyň,
Bu gün bolsa, şükür, bar zat gül ýaly!
Bagda guşlar birenaýy saýraýar,
(Tebigat olara eçildi ylham)
Hiç zat meniň keýpim bozup bilenok,
Men bu gün parahat.
Men bu gün tarhan.
Watan ikindisi, gör, neneň gözel!
Iňrik barýar ýuwaşjadan gyzaryp.
Hanha, bir ýyldyzjyk dogdy asmanda
Ulugyz deý bir agaryp-bozaryp.
Ýaşaýyşyň artan ýaly manysy,
Özümde birhili ýeňillik duýýan.
Agraslygňa, sarylygňa döneýin,
Ezizowyň güýzi, men seni söýýän!
Sapa HOMMADOW
Sada... 3 years ago- Tuweleme.
Guyz agzalsa shahyryn shujagaz goshgysy yadyma dushya
Soyyan guyz paslyny sarylygyny
Gownume hosh yakyar onun pes-pali
Olum bilen omrun aralygyny
Olcemeli yaprak shahada hali.