Men seni soyaydim, soyaydim oydyan.
Sonky gunler mana bir zada bolyar
Begenmesiz zada begenip yorun
Hemem sahel zada keypim bozulyar.

Men seni soyaydim, soyaydim oydyan,
Seni seredenden gabanyp yorun,
Kate sen yanynda egnimi gysyp,
Ka donuma sygman, gabaryp yorun.

Men seni soyaydim soyaydim oydyan
Sen mana bir hili ýowuz gorunyan
Men senin ýanyna baryp bilemok
Hem onup bilemok sana gorunman.

Men seni soyaydim soýaýdim oydyan
Sen menin elimden gidayjek ýaly
Juda uly saýyp ýoren bu bagtym
Birden iññä donip ýitayjek ýaly.

Men seni soyaydim, soyaydim oydyan.
Gownume sen meni soýmeyan yaly,
Bu zatlary nadip sana aydyp bor,
Nadip duydurup bor agyr ahwaly???

Awtor:?

Men seni soyaydim,soyaydim oydyan.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Bolmasa-da söýmeklige hakym, gyz.
Ýa şo güni didelerňe baglandym,
Ýa bilmedim çenim bilen çakym, gyz.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Söýgim seň ýoluňa badak atýan däl.
Gamly günüň, ýowuz günüň ýada sal,
Bagtly günüň ýatlamagam hökman däl.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Nazarňa nazarym düşen halaty.
Eýsem, göreçlerde ýerleşip bilýän
Dünýäň geldi-geçerlerine agladym.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Baglar öňküsinden juda enaýy.
Bir pursatlyk duýgulara berildim,
Günämi öt, gara gözli humaýym.

Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Aýlar-günler bakýan ýaly soragly.
Kä göwnüme uly ýaly bu dünýä,
Kä göwnüme neçüýn dünýä daraldy?!

Bu ýollardan eňip barýan çyrpynyp,
Birdenem joşýaryn, birdenem gaýdýan.
Bilemok nämüçin, nämüçin beýle,
Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän.

Atamyrat Atabayew.

Edebiýat, soho tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir