Günälerim bihetdir, ýuwjak çyn tobam bolsun,
ol ýaramda jerhetdir, tobamda sabam bolsun!

özüm bolsam gödeňsi sözümde ibam bolsun,
ýagşym ýaýyp, ýamanym ýaşyrýan obam bolsun!

iliň kemin görmäýin, öz ýetmezim ýetikkä,
kalbymda mydamalyk gurulgy mizan bolsun!

bir möwsümlik gögerip, topragymdan nem sorup,
bag bolup biten bolsam, bal-şirin miwäm bolsun!

gyýa gözleň gyçagy gyýan gara gözlermiň,
garaşyp gamhoruna göwrümi giňän bolsun!

emgegim it tezegne, bilmen ili gönertläp,
ol meniň nesibim bolsa, ilden nä kinäm bolsun?!

elbetde, ýaran ýagşy, ýeke galma ýollarda,
dileglermiň seresi saldamly sonam bolsun!

ömür maksat maýasy, ykbal oňa per bolsa,
amal ýoluň aşara kalbymda iman bolsun!

dünýe - ýalan dünýedir, ýalançydyr ýarany,
meň ýalandan ýadyrgan, hak bilen aram bolsun!

Men köplere düşünmen, köpem maňa düşünmez
emma ýadymda Alla'm, alnymda Käbä'm bolsun!



Awtoryny bilemok, zametkada bellap goyupdyrn.

Edebiýat, soho tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir