Göriplik etmäň!
Göriplik süňküňi dyngysyz gemirýän gurçuk ýalydyr. Göriplik süňňüňi berbat edýän ötüşen kesel mysalydyr. “Göribe rahatlyk ýokdur” diýilmeýärmi näme?! Ol mazlumyň geýimine giren zalymdyr. Guzy baganasyna çümen gurtdyr. Dostluk donuna bürenen duşmandyr. Aýtmandyrlarmy näme, Allanyň göribe daraýşynyň adyldygyna gara, görip özüni gemrip başlaýar-da, ilki bilenem özüni heläk edýär.
Beýlekilere nebsimiz agyrmazdan öň, özümize haýpymyz gelsin: görüplik etmäliň! Bu menden saňa pent bolsun! Sebäbi biz olara göriplik etmek bilen, öz etimizi alada-ünji bilen iýmitlendirýäris, ganymyzy gam bilen gandyrýarys, gözlerimiziň, gabaklarymyzyň uçan ukusyny bolsa beýlekilere mugtuna paýlaýarys.
Görip gaty gyzgyn alawly peji ýakýan we soňra özi şoňa köýýän adam ýalydyr. Zäherlemek, hasrata batmak, sowulmaýan ünjülere berilmek göribiň öz rahatlygyny, owadan we ajaýyp durmuşynyň soňuna çykmak üçin özünden döredýän (gozgaýan) keselleridir. Göribiň belasy nämede? Ol ýazgyda garşy gitmekçi bolýar. Ýaradanyň adyl kysmatyna nägilelik bildirýär. Dessuryň öňünde özüni edepsiz alyp barýar. Ýol eýesine garşy gidýär.
Göribiň derdi bar, haýp, onuň bu dert üçin ýalkanjak gümany ýok. Göribiň belasy bar, haýp, bu bela üçin oňa sogap berlenok. Görip soňlugy bilen bu ýyrtyk jindesinde heläk bolýança ýa-da adamlaryň ählisi Hudaýyň beren nygmatyndan boşap galýança, elmydama üznüksiz birahatlygyň içinde gezer.
Islendik adam bilen ylalaşyp, ýaraşyp bolar, emma görip bilen dil tapyşmak hyllalladyr. Ýogsa-da, özüňe berlen nygmatlardan ýüz öwürseň, ukyp-zehiniňi peýdalanyp bilmeseň, ýagşy häsiýetleriň soňuna çyksaň, mertebäňden taýyp düşseň, abraýdan aýrylsaň... göribiň azda-kände ynjalmagy mümkin. Görip adam ini zäherli ullakan apy ýylan ýalydyr, bigünä birine neşterini sokmasa, ynjalýan däldir.
Hergiz göriplik etme, rysgyňy, ömrüňi köýdürersiň! Göribiň hereketleri üçin hem birjikde dowla düşme, ol müň çyrpynany bilen ýazgydyňy üýtgedip bilmez. Almalysyny alarsyň, görmelisini görersiň. Her näme-de bolsa, göribiň şerinden goramagy üçin Alladan pena soramak ündelen öwütleriň biridir.
***
Aid al-Karni
Gamgyn bolma!
Arap dilinden terjime eden
RAHMET GYLYJOW
çeşme: Dostluk.ru
Göriplik etmäň!
-
Aygul nuralyyewa
3 years ago
- ...Ol namedir içi doly garanky,
Kate dashyna-da çykar renki...
...Ol gôripdir içi doly garanky,
Kate dashyna-da çykar renki...K.G.Sowal-jogap. @Shahyrana
-
yyldyz.
3 years ago
- Salam Shahyrana :) gowmy ýagdaýlaryñ
Aygul nuralyyewa 3 years ago- ...Men yyldyz bilen sohbetdesh boldum,
Baryp oñ halyndan men habar aldym,
Diydim:"yyldyzlañam taylary bar?my"
Ol diydi:"dùnyade taysyz zat bar?my..."
@Shahyrana-dan *ÿyldyz-a yalkymly salam.