Ýedi Alym
Ýedi Alym ýa-da başgaça ady Ýunanystanyň /Gresiýa/ Ýedi alymy. Antik Ýunan äleminiň altyn eýýamy bolan b.e.öňki VII we VI asyrlarda möhrüni uran ýedi sany filosof, döwlet adamlary we kanun goýuja berilen at bolupdyr. Ýunanystanda ilkinji pelsepäniň täsirlerini Gesiotdan bir asyr soň Ýedi alymlar hökmünde ilkinji ahlakçylar orta goýapdyrlar.
Hakykatda düşünjelerini özleşdirip orta goýan bu kişileriň filosof bolmakdan köp pelsepäni başladan düşünjeliler bolandygyny aýtmaklyk ýalňyş bolmazdy.
Hakykatda olar ykdysady we toparlaýyn düzgünleri bozulan we şoňa bagly bolup ahlak ýetmezçiliginden uly kynçylyk çekýän Ýunanystanyň düzgün goýujylary boldular.
Düşünjeleri diýseň aňsatdy ýa-da şol bir wagtyň özünde soňsuzlykdy.
Ýedi alymlaryň sany we kim bolandyklary belli däl. Ýedi adamlyk sahypalar tapawutlanýar. Ilkinji pelsepe taryhçysy Diogenes Laertios ýedi kişini şeýle sanaýar: Kleobulos, Solon, Khilon, Pittakos, Fales, Bias, Periandros. Diogenes Laertios sahypany skif filosofy Anakharsisi, Kenli /Poleponnes/ Mysony, Syrosly Pherekydesi, Knossosly /Kritli/ Epimenidesi hem goşýar.
Aýratynam Ýedi Alymlaryň arasynda ady geçmeýän Milletli Phokylidesi we Megaraly /Afinanyň günbatarynda/ Feogonisi hem goşupdyrlar.
Ýedi Alymlaryň kimligine degişli we düşünjelerine degişli maglumatlary Diogenes Laeriosdan aldyk(1).
Ýedi Alymlar:
1. Miletli Fales
2. Lindosly Kleobulos
3. Afinaly Solon
4. Spartalı Kilon
5. Prineýli Bias
6. Korinfli Periander
7. Midillili Pittakus
Çeşme:
1. Timuçin, Afşar (30 Kasım 2009). "Ahlakın ilk temellendiricileri Yedi Bilgeler | Bilim ve Gelecek".
(türkçe)
Syke Dali 3 years ago- JekspArro