JYN BILEN ŞEÝTANYŇ TAPAWUDY
Jyn we şeýtanlar sap otdan, ýagny tüssesiz oduň alowyndan we howadan ýaradylan ruhy barlyklardyr. Jynda howa, şeýtanda ot /ýalyn/ gaty köpdür. Jynlar hem şeýtanlar ýaly görünmeýän gizlin barlyklar bolup her dürli şekile girip görünip bilýärler hem-de kyn işlerem başaryp bilýärler.
Ýöne jynlar şeýtanlara görä tapawutlydyrlar. Jynlaryň atasy Ebu Jandyr. Şeýtanlaryň atasy bolsa Iblisdir(1).
Jynlar adamlar ýaly durmuş gurup, öýlenip öýli-işikli bolmaklyk düzgünleri bar. Şeýtanlaryň mömini we Allaha ybadat edýäni ýokdur. Jynlar bolsa Allanyň rugsady bolmazdan hiç kime erbetlik ýa ýagşylyk edip bilenoklar.
Jynlar gaýyp habarlaryny bilmezler, Allanyň pygamberlerine bildirýän Ylahy wahyýa garşy bolup bilenoklar. Jynlar adamlaryň beýnisine, aklyna, düşünje sistemalaryna aralaşýarlar we täsir astyna alýarlar. Adamlary gorkuzýarlar, hyýaly duýgulary oýarýarlar, waswasa berip, musallat bolýarlar.
Şeýtanlar bolsa öz duşmanlyklaryny jynlaryň üsti bilen, erbet ruhlaryny üsti bilen adamlara görkezip, özlerini aklaýan ýaly bolýandyrlar.
Bular ýaly gaflatdan halas bolmak üçin, adamzadyň ynanjy kuwwatly, düsünjesi aýdyň, tämiz kalply, ybadathon adamlar bilen gatnaşyk açyp, wagyz-nesihatlara wagtal-wagtal gatnaşyp dünýäni hem myhmanhana ýeri ýaly hasaplamagy gerek.
Jynlar hakynda Pars çeşmelerindäki ýazgylara görä seredilende, şeýtan bilen döwüleri şol bir zat hökmünde kabul edilmeginde galypdyr(2).
Peýdalanylan edebiýat:
1. Ateş( 31 Aralık 1948). "Islam Ansiklopedisi. Islam alemi tarih, cografya ve biyografya lugati". Oriens. 1 (2): 330. doi:10.2307/1579002. ISSN 0078-6527. (türkçe)
2. Lupton, F. M. (1885). The farm and household cyclopædia. New York,: F. M. Lupton