Gününden nägile, Allanyň berenine näşükür, nygmata bigadyr adamlar rysgal
beriji we etjek işini anyk bilýän Beýik Ýaradandan hem närza bolup, Biribardan
zeýrenýärler. Ýeri, onsoň ýazygy, günäsi çökder bolan ikimiz ýalylar şeýle
adamlardan nämä garaşsyn? Olara gulak gabartjak bolsaň, onda durmuşyňy uruş
bilen ötürmeli bolýarsyň. Olaryň ajy, hiç hili rehim-şepagaty, geçirimliligi,
pälinden gaýtmyşy bolmadyk tankydy bilen ýüzbe-ýüz bolarsyň. Sen olaryň
bilkastlaýyn we öň torç edilen sapaklarynyň öňünde döwülermiň? Bilgeşleýin
kemsitmelerine çydam etmän, ejizlärmiň?
Sen eliňden gelen ýagşylyklary edýärkäň, mätäçlere ýardam goluny
uzadýarkaň, gurýarkaň we özgelere enaýy pikirleriň bilen täsir edýärkäň, şugla
saçýarkaň, öwüşginiň barka, beýle gyýagöz tankytlar dowam eder durar. Ýeriň
ýüzünde bir döle ýasap içine girmeseň ýa-da bir basgançak tapyp, asmanlara
galmasaň, adamlaryň teýeneli sözlerinden, hak-u nähak ýazgarmalaryndan halas
bolup bilmersiň. Bu zeýilli adamlaryň arasynda gezip ýörseň, olar seniň ýüzüň
gussaly bolmagyny, gözleriň ýaşaryp durmagyny islärler, ukusyzlyk ejirini
çekmegiňe garaşyp gezerler. Ýogsam bu zatlardan olara jinnek ýaly bähbit hem
ýokdur.
Ýeriň üstünde oturan adam ýykylmaýar. Adamlar öli maslyga kesek atmaýar,
ýöne olaryň saňa welin gahary geler. Sebäbi sen adamkärçilik, haýyrsöýerlik,
edep-tertiplilik, ylym-bilim, baýlyk babatda olardan üstün, olardan ýokarda,
olardan beýik sen. Olaryň arasynda sen, hamana, müýnli bir adam. Tä özüňe berlen
zehinleri, üşükleri, akyl-ukyplary, Allanyň bagyş eden nygmatlaryny terk
edýänçäň, ähli öwgüli häsiýetleriňi taşlaýançaň, ähli asyllylyk manylaryňy
ýitirýänçäň, bu artykmaçlyklardan ýüz öwürýänçäň, ýalaňaç, bigörk we bibaş
bolup galýançaň, olar seniň "tobaňy" kabul etmezler. Hawa, akylsyz, tentek,
gugaryp galan, argyn, ýadaw bolup galaryňa garaşarlar. Bu hut olaryň isleýän
zady. Şeýle bolsa, olaryň teýeneli sözlerine, tankytlaryna, kemsitmelerine, hyşy-
wyşylaryna döz gel. Çydamly bol, beýik bolarsyň. Gaýalar ýaly dym, haýbatly
bolarsyň. Depäňden inýän doly däneleri hem saňa gelip urlanda, özi döwülsin
dursun. Mäkämlik, sarsmazlyk, ýanbermezlik beýikligiňi, başarnygyňy we
barlygyňy saklap galmak üçin zerurlykdyr. Eger-de sen bu zeýilli adamlaryň boş
gürrüňlerine gulagyňy gabardyp, olaryň hörpünden gopjak bolsaň, öz arzuwlaryňy
däl-de, olaryň matlaplaryny hasyl etjek bolsaň, onda durmuşyňy bulandyryp,
ömrüňi çaňa garmaly bolarsyň. Heý, adam ogly, olara görä gopma-da, elmydama
ýagşy niýetde, ýagşy amalda, ýagşy edepde bol. Olardan ýüz öwür we olaryň
edýän hile-mekirliklerinden hiç wagt howatyrlanma. Ynsan gatnaşyklary
sözlüginde olaryň bu bişeýkel tankytlary köpçüligiň saňa bolan hormaty hökmünde
terjime edilýär. Jemgyýetdäki ornuňa, agramyňa görä hem seniň tankydyň, teýenäň
artar durar.
Sen hiç mahal olary agyzzyryklap (agzyny baglap) bilmersiň. Dillerini daňyp
bilmersiň. Ýöne sen olaryň teýenesini, tankydyny öz hoşgylaw häsiýetiň, haýyr işe
yhlasyň, olaryň sözlerine bolan biperwaýlygyň, gürrüňlerine üns bermezligiň bilen
ýere depin edip bilersiň. Artykmaç gylyk-häsiýetleriň, haýyr-sahawatlaryň,
şähdaçyk gülerýüzlüligiň bilen, gowy häsiýetleriňi has köpeldip, egri ýerleriňi
düzetmek arkaly, olaryň hindi burçy ýaly ajap duran agyzlaryna suw sepip bilersiň.
Eger-de sen ähli adamyň ýanynda salykatly, hiç kimiň göwnüni ýykmaýan, ähli
nogsanlyklarkdan sap adam bolmak isleseň, sen bu maksadyňa hiç wagt ýetip
bilmersiň. Bu seniň bolmajak zady isleýändigiňi aňladýar, çünki ähli adamlaryň
göwnünden turmak mümkin däldir.

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir