Isle söýýän diý, isle ýürekdeş,
Ýöne bolmasyn aramyz daş.
Isle ýoldaş bol, isle ömürdeş,
Men seni saýladym bolaý ýürekdeş.

Ýürekdeşim diýip saýladym seni,
Çyn ýürekden söýýärin, örteme meni.
Seniň adyň bilen alýaryn demi,
Men seni söýýänä, söýäý ýürekdeş.

Ýa meniň söýgimi ýalan görýäňmi,
Ýa sözimde, biwepalyk duýýaňmy,
Ýa başga birin söýýäňmi,
Meni beýdip ýakma, söýäý ýürekdeş.

Seniň üçin bu ömrümi bererin,
Maňlaýymda näme bolsa görerin,
Ýaradandan hemişelik dilegim,
Bu durmuşda bersin meniň söýenim.

Şunuň bilen gutarýaryn namany,
Bu durmuşda ýaşamaly bimany.
Unutmaryn saňa söýýän diýmäni,
Men seni söýýärin, söýäý ýürekdeş.

Awtory: Bägül Baýramowa & Çerkez Baýlyýew

Edebiýat, Crazy boy tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir