Sona Myradowa 1914-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Aşgabat etrabynyň Herrikgala obasynda eneden bolýar.
S.Myradowa ilkinji türkmen zenan artistleriniň biri bolup, ol 1933-nji ýyldan başlap, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatra öz ömrüniň altmyş ýyldan gowragyny bagyş etdi. Zehinli artist sahnada dürli döwürleriň zenanlarynyň keşplerini janlandyrmak bilen, ol elmydama ynandyryjy, tolgundyryjy we ýatdan çykmajak keşpleri janlandyrmagy başardy. Onuň ýerine ýetiren keşpleri söýgi, gülküli we tragiki häsiýete eýe bolup, hiç kimi biparh goýmady. Ol T.Esenowanyň «Seniň söýgüň» atly komediýasynda Hajatyň, «Aýgytly ädim» we «Zöhre-Tahyr» pýesalarynda enäniň keşbini oýnap tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy başardy. 1939-1940-njy ýyllarda Sona Myradowa G.Kahianyň «Bagşyň ykbaly» atly operasynda Uzugyň partiýasyny ýerine ýetirdi.
Dürli halklaryň dramaturglarynyň sahna eserlerinde enäniň keşbini ýygy-ýygydan ýerine ýetirmek onuň paýyna düşdi. Bu ony tapawutlandyrýan häsiýetli tarapdy, ýöne olary dünýäniň ähli enelerine mahsus bolan umumy duýgy birleşdirýärdi. Sona Myradowa hem bu duýgulary sahnada ussatlyk bilen beýan etmegi başardy. 1951-nji ýylda ol G.Muhtarowyň «Allan aganyň maşgalasy» atly spektaklynda Bikäniň keşbini ussatlyk bilen janlandyranlygy üçin SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp boldy. S.Myradowa «Zöhre-Tahyrda» Hanymyň, «Keýmir-Körde» Ogulbossanyň, «Duşmanlarda» Polinanyň, «Wassa Železnowada» Wassanyň, «Düşewüntli orunda» Kukuşkinanyň, «Derňewçide» Poşlýopkinanyň, «Kim jenaýatçyda» Dursunowanyň, «Aýgytly ädimde» Aknabadyň, «Ret bol ýaragda» Mis Wan Kampeniň, «Gelinleriň gozgalaňynda» Permanbibiniň «Ýediň enesinde» Enäniň keşplerini ussatlyk bilen döretmegi başardy. Ol ýerine ýetiren zenan keşpleriniň ählisinde öz gahrymanlarynyň häsiýetli aýratynlyklaryny tomaşaçylara ýetirmegiň hötdesinden geldi. Ýaşuly nesliň wekili hökmünde Sona Myradowa ýaş artistler üçin elmydama berk talap ediji we nusga alarlyk halypa hökmünde tanaldy.
Sona Myradowa türkmen teatr sungatynyň ösmegine, onuň kämilleşmegine, ol sungaty halka ýaýmaklyga, tutuş ömürni bagyş eden, türkmen sahnasynyň ajaýyp ussatlarynyň biridir. Uly zehin, sungatda uly yz goýan, ajaýyp artist türkmen zenanlarynyň arasynda ilkinji bolup 1955-nji ýylda SSSR-iň halk artisti diýen hormatly adyň eýesi bolýar.
18.06.2021.
Toplan: Gara Ahmedow
TDBGI-talyby
Zalymm 3 years ago- Gowmy perhat