Asmana göterilip bilýän, uçýan apparady ýasamak pikiri köp asyrlaryň dowamynda döräpdir. Ganatlar arkaly uçmak planyny ilkinji gezek Leonardo da Winçi düzüpdir. Leonardo da Winçi guşlaryň ganat kakyşyny synlap, guşlaryň uçuşyna esaslanýan enjamy ýasaýar. Emma bu enjam kämil bolmaýar. Leonardo da Winçiniň şägirdi onuň ýasan enjamynda uçmaga synanyşýar, emma belentlikden ýykylyp, agyr şikeslenýär.
Ýene-de bir uçuş apparadyny gurmaga Robert Guk 1660-njy ýylda synanşyp görýär. Emma, onuň bu apparadynda uçmak howply bolany üçin hiç kim ony synagdan geçirip görmandir. 1842-nji ýylda Henson atly iňlis bug maşynynyň kömegi bilen uçýan apparady döretmage synanyşyp görýär, emma onuň apparady agyr bolanlygy sebäpli uçup bilmeýär. 1870-nji ýylda Jorj Keýli uçary gurmaga ýardam berýän periň (uçarlary herekete getirýän çarh şekilli enjam) nazary hasabyny teklip edýär. Onuň pikirlerine esaslanyp, rus deňiz inženeri A.F.Mozaýskiý birinji uçary döredýär we onda uçup görýär. Bu waka 1882-nji ýylyň tomusynda bolýar. Bu uçuş birnäçe wagt dowam edýär. 1897-nji ýylda nemes konstruktory Adden tarapyndan döredilen ,,Avion’’ diýip atlandyrylan uçuş apparady bilen hem edil şu ýagdaý gaýtalanýar.
Aradan alty ýyl geçensoň, doganlar Orwill we Uilbur Raýtlar örän ýeňil hereketlendirijini ýasap, ony özleri döreden flaýer-1 uçaryna ýerleşdirýärler we 1903-nji ýylyň 17-nji dekabrynda ol asmana göterilýär. Şol günüň özünde olar asmana dört gezek uçup görýärler. Ondaky per benzin hereketlendirijiniň kömegi bilen aýlanypdyr. Olar 1905-nji ýylda ýene-de bir uçary – flaýer-3-i döredýärler. Bu apparat 12 sekuntda 50 metr aralygy uçup geçýär. Olar 1909-njy ýylda sagatda 60 km tizlik bilen uçýan uçary döredýärler we şu modelden Amerikada we Ýewropada uçar öndürilip başlanýar. Doganlar Raýtlaryň bu oýlap tapyşyna ABŞ-nyň harbylary ýokary baha berýärler we uçaryň harby görnüşini ýasamagy sargyt edýärler.
Zalymm 3 years ago- ++++