Welosiped sözüni ilkinji bolup, 1817-nji ýylda Fransiýaly Baron Karl Won Drez ulanypdyr. Latynça “Velox” (tizlikli) we “Pedes” (ýöreýiş, hereket) sözlerinden emele gelipdir.

Dünýäde iň köp welosiped Hytaýda bolup, 1,3 milliard ilaty bolan bu ýurtda 450 milliondan gowrak adam yzygiderli ýagdaýda welosiped münýärler. Ýer şarynda iň köp welosiped münýän ýurtlar hökmünde Hytaý, Gollandiýa, Daniýa, Ýaponiýa, Şwesiýa, Bangladeş döwletleri görkezilýär.

Dünýäde welosiped önümçiliginiň bazar gymmaty 70 millard dollara golaý bolup, her ýylda 150 million töweregi welosiped satylýar. Welosiped önümçiliginde Hytaý 66 göterim bilen öňde barýar. Dünýäniň iň köp welosiped ulanylýan ýurtlarynyň biri bolan Gollandiýada 17 milliondan gowrak ilat ýaşaýar. Bu ýurtdaky welosipedleriň sany bolsa, 19 milliondanam köpdür. Gollandiýada ilatyň 36 göterimi işe welosipedli gatnaýarlar. Bu döwletde 35 müň kilometrdenem gowrak uzynlykda welosipedlere niýetlenen ýörite “Fietsstraat” diýilýän ýollar bar.

Gollandiýanyň Amsterdam şäherine “Dünýäniň iň gowy welosipedli şäheri” diýilýär. 850 müň ilatyň ýaşaýan şäherinde 1,2 milliondan gowrak welosiped bar. Gollandiýanyň iri şäherlerinden Utrehtde 2014-nji ýylda dünýädäki iň uly welosiped duralgasy gurlup ulanylmaga berildi. Merkezi demirýol menziliniň ýanyndaky bu duralganyň bahasy 48 million ýewro bolup, oňa birwagtda 12,5 müň welosiped ýerleşýär.

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir