ÝAHÝA PYGAMBER /gysgaça/

Dini rowaýata görä, Ýahýa Zekerýanyň ogludyr. Zekerýa 90 ýaşyndaka, ogly bolýar. Oňa Ýahýa diýip at goýýar, ol soň pygamber bolýar. Bir gün Palestinanyň patyşasy Herodyň öz dogany Hirodiýanyň gyzyna aşyk bolup, şoňa öýlenjek bolýandygyny Ýahýa esidýär, ol kanuna ters gelýän bu nika garşy çykýar. Onuň garşylygy baradaky habar Heroda ýetýär. Hirodiýa gyzynyň galyňyna Heroddan Ýahýanyň başyny talap edýär. Patyşa bu haýyşy kabul edýär we Ýahýanyň kellesini kesdirip bir tylla tabaga saldyrýar, şony-da Hirodiýa eltip berýär. /Herod - Irod/

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir