DEÇJAL HAKYNDA
Deçjal hakynda Yslam dininiň çeşmesi bolan Gurhany Kerimde hiç zat agzalmasa-da bu hakda Muhammet aleýhissalamyň hadyslary bardyr. Deçjal diýilende Magtymgulynyň şygyrlarynda habar berilýän bir gözli, başy asmana ýetip duran eýmenç döwi sypat, pähimdar hem gaty güýçli zat göz öňüňe gelýär. ''Musulman Rowaýatlary'' atly kitapda bu hakda şeýleräk maglumatlar bar: ''...Iblis bilen baglanyşykly bolan Deçjal, Hind okeanyndaky adada saklanýar. Rowaýata görä ol daga baglanyp berkidilipdir we jynlar tarapyndan goralýar. Şol adanyň golaýyndan geçýän deňiz syýahatçylaryň adadan gelýän saz sesini eşidýärler we adamlara hiç haçan görünmeýän özem harytlaryny kenara çykaryp goýup gidýän adanyň ýaşaýjylaryndan müşki anbarlary satyn alýarlar. Ýajuj-mäjuj Kyýamat gününiň öň ýanynda özlerini saklap duran diwary deşenlerinde, Deçjal gandaldan boşadylyp, äpet uly eşege münüp, goşunyň öňünde peýda bolýar ..'' (Musulman rowaýatlary 13 sah)
Deçjal hakynda her hili rowaýatlar döredilipdir, Hristiýan dininde Deçjalyň prototipi Antihrist diýilýän eýmenç jandar hakynda hem hristianlaryň arasynda agzalýar. Rowaýatlaryň hakykat bilen badaşýandygyny bilmeýänimiz ýok bolsa gerek...
Yslam dininde bolsa şeýleräk rowaýat bar: ''Temimidary diýilýän sahaba Pygamberimiziň ýanyna barypdyr. Temimidary dünýäni gezen täjir hem ýurtlary gören adam bolupdyr. Ol Muhammet aleýhissalama ýüzlenip ''Eý Allanyň resuly, söwda-satyk etmäge çykan wagtymyz derýadan (belki deňiz - a.b.) barýardyk, derýa tolkun atyp bir aýlap azaşyp gezdik. Ahyryn bir kenara bardyk. Ol ýere gämi sygmady, biz kiçi gaýyklar münüp şol jülgä bardyk. Bir tüýlek haýwana gabat geldik. Ýanymdakylar gorkdular we sen kim diýip sorag berenimizde ''Men Jessaza'' /Habarçy - diýmekligi aňladýar/ diýip jogap berdi-de ol gürrüňini dowam etdirip şeý diýdi: ''Şu Jülgede bir adam bar, gören eşiden zatlarymyzy şoňa habar berýäris'' diýdi. Aňyrda bir uly oý ýer bardy. Biz şol ýere bardyk. Görsek bir uly adama meňzeş bir zat ýatyrdy, el - aýagy zynjyrlanandy. Şonuň ýanyna bardyk. Ol aýtdy: ''Sizden sorajak zatlaryň bar'' diýdi we ol: ''Jeýsan diýen ýurt bolmaly, şonuň kän hurmasy bolmaly. Şol Jeýsanyň hurma baglary miwe berýärmi?'' diýip sorady. Biz ''Hawa miwe berýär'' diýdik, soň ol: ''Bir gün geler, şol hurma baglary gurap miwe bermez'' diýdi. Şamda bir derýa bardyr adyna Buhariýa, Tabari diýýärler. Şonuň suwy barmy akýarmy?'' diýip sorady we biz: ''Bar akýar'' diýip jogap berdik we ol hem: ''Bir gün geler, şol derýada bir damja suw galmaz'' diýdi. Soňra: ''Sowatsyz zatsyz bir pygamber döremelidi, şol dünýä indimi'' diýip sorady. Biz ''Howa ol bar'' diýip jogap berdik. Soň ýaňky zynjyrlanan adam perişan boldy, ah urdy we ''Men size aýdaýyn, men ''Tejjaldyryn'' meniň ýaňky soran zatlaryň amala aşjagy ýakyn gelendir we maňa rugsat berilen güni çykyp ýeriň ýüzüne seýl ederin 40 günüň içinde ýeriň ýüzüne barmajak şäherim bolmaz, diňe Mekge we Medinä we galan üç ýere baryp bilmerin'' diýipdir...
Bu aýdylanlary Muhammet aleýhissalam diňläp oturypdyr.
Deçjalyň dogulmagy hakynda hem şeýleräk rowaýat bar: ''Deçjalyň enesi hamylady. Hamyla bolan wagtynda enesi öldi. Enesini jaýlansoňlar gabryň içinde şol oglan dogulypdyr. Şol Deçjal enesinden dogandan soň zenanlar teleke /nikasyz/ adamlary dogurmaga başlapdyr'' diýen gürrüňler bar...
Başga bir rowaýatda: ''onuň enesi bir perdeli çaga dogrupdyr. Göbek enesi aýdypdyr ''bu oglan bolmaly däldir'' diýipdir. Enesi hem ''Ýok, ol maňa garnymyň içinde köp ezýet berdi, hökman oglandyr diýdi we pyçak bilen ýaňky perdäni kesdiler, içinden betşekilli çaga çykypdyr. Soňra ony asmandan bir Şakyýa gelip alyp, uçup gidýärde bir jülgä zyňypdyr. Onuň sol tarapdaky gözi ýok, özem tüýlek eken''
Ine rowaýatlaryň berýän habarlary şular we başga-da köp kyssalardan ybarat.
Magtymgulynyň goşgularynda habar berilmegine görä Deçjal dünýä inensoň musulmanlar ''Şam /Yrak/, Şerife, Ruma /häzirki Türkiýe/ Mekge, Medinä'' barmaly we Deçjal özüne ynanýanlary daşyna ýygnap Ýer şary basyp alýarlar. Ýöne ýaňky bäş ýere baryp bilenok. Soň Isa pygamber gelip Deçjala garşy çykyp söweşýän topara baştutanlyk edip Deçjala garşy çykmaly. Deçjaly heläkläp öldürensoňlar Ýer ýüzünde parahatlyk emele gelmeli...
Bu gürrüňleriň hemmesi musulman rowaýatlardan ybarat toplanan maglumatlardyr... Emma bularyň haýsysy ynamdar Sahyh hadyslar!? Muny welin bilemok...
@Jeksparro
Hercai 3 years ago- Sen Dejjal diydi Äjit Mäjit diydi kan gyzyklanyanlay ya duyshune giryami birden giraymesin men duyshuma gunde تاينث ابلس yene birki sanysy bar ady yadyma dusenok bir gun duysumde olup yorn الله yanyna baryan