Tasawwuf (sopuçylyk) ýolunyň beýiklerinden bolan Fudaýl bin Iýazyň Aly adynda eýjejik ogly bardy. Fudaýl hezretleri bir gün ony gujagyna aldy-da, posalajyk ýaňagyndan taýly gezek öpdi. Aly käte şeýle täsin zatlar aýdýardy welin, oňa kakasam geň galardy.
Bir gün Aly ýene naşyja hereketleri bilen kakasynyň gujagyna baryp oturdy. Kakasy-da ony atalyk mähri bilen bagryna basdy. Meniklije çaga kakasyndan:
– Kaka, sen meni söýýärsiňmi? – diýip sorady. Fudaýl:
– Elbetde, oglum, sen meniň kalbymyň nury ahyry! – diýip jogap berdi. Täsin çagajyk täsin sorag berdi:
– Allahy söýýärsiňmi?
Fudaýl bin Iýaz hezretleriň bedenini galpyldy gaplap aldy. Ol:
– Söýýärin, söýýärin – diýdi. Oglanjyk bir enaýy ýylgyrdy-da:
– Kakajan, bir ýürekde iki söýgi bolup bilermi? Sende näçe ýürek bar? – diýip sorady.
Fudaýl hezretleri gözünden boýur-boýur ýaş döküp, özüni ýere goýberdi. Ol ýer bagyrtlap aglap durşuna şeýle diýdi:
– Bu sözler meniň kalbymy oda berdi.
Alynyň duýgusy şeýle ýitidi welin, Kurany-Kerimden bir süräni hem soňuna çenli doly okap bilmezdi. Aýatlaryň manysyna doly düşünýänligi sebäpli ýa özünden gidip, çaşardy, ýa-da aglap, özüni ýitirerdi.
Şol günleriň birinde bir hafyzFudaýl hezretleriniň öýüne geldi. Gelen hafyzyň şeýle hoş owazy bardy welin, ony diňleýänleriň kalby aram tapýardy.
Fudaýl hafyz ýigidi ogly Alynyň ýanyna iberip, şeýle diýdi:
– Seret, oglumyň ýanynda «Zilzal» we «el-Karia» sürelerini okaýmagyn! Sebäbi onuň «kyýamat» sözüni eşitmäge gurbaty çatmaz.
Emma ykbalyň oýnuna seret, hafyz ýigit unudyp, «el-Karia» süresini okaýar. Kyýamatyňgopuşyny suratlandyrýan bu süräniň 4-nji aýaty-kerimesine ýeteninde, körpe Aly «Allah!..» diýip, ýere ýykylýar. Hawa, Aly päk ruhuny Rahmana tabşyrýar. Bolan wakany Fudaýla gürrüň berýän hafyz ýigit şu aýaty okan mahaly, oglunyň amanadyny tabşyrandygyny aýdýar:
«Ol gün ynsanlar uçýan kebelekler mysaly eýläk-beýläk urunarlar»(«Karia», 101/4)
Aýdylanlary diňläp, otuz ýyl bäri gülmeýän Fudaýlyň ýüzüne ýylgyryş çaýylýar. Muny görenler onuň uçmahyň baýyrlaryna seredýändir diýip çaklaýarlar. Olar geň galyjylyk bilen:
– Eý, Fudaýl, ogluň öldi, munda gülere näme bar? – diýip soraýarlar. Fudaýl:
– Hudaýa şükür! Heniz dirikäm Serwerimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) çeken hasratyny maňa-da rowa gören Allaha soňsuz şükürler bolsun! Aýdyň, oňsoň, men neneň gülmesin? – diýip jogap berdi.
Hawa, biziň milletimiziň dowamaty ene-atasyndan ýokary derejede Kuran terbiýesini alan, Allah we Kuran söýgüsi bilen ýetişdirilen nesillere baglydyr. Kurany-Kerimiň«Kuran – ýaşaýan her kimi duýdursyn diýip... inderilendir» diýen aýatynda bellenişi ýaly, ol dirilere duýduryş bermek üçin inderilendir. Häzirki döwürde Kuranyň-Kerimiň aýatlary esasynda ýaşaýan we özünden soňky nesillere mysal bolýan Fudaýl we ogly ýaly, kalby Allah söýgüsi bilen püre-pür, giň gözýetime eýe bolan ýaşlar biz üçin diýseň zerurdyr.

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir