#Bäsleşik üçin
Erbet dost ite meñzeýär, özini iñ gowy görýän kişiñ aýagyna buşugýar.
***
Bir dost kimdir? Beýleki mendir.
***
Eger ejiz tarapyñyz adamlara dostluk görkezmek bolsa, onda siz dünýäniñ iñ güýcli adamysyñyz.
***
Dostuñyzy näme üçin boş wagtlarñyz gözleýäñiz? Ony elmydama ýaşaljak pursatlarda gözläñ. Sebäbi ol siziñ bilen ýaşamak üçin bardyr, boş wagtlarñyzy doldurmak üçin däl.
***
Adam şol bir wagtda iki zat bolup biler: Dostunyñ owadan düýşi we özüniñ eýmenç hakykaty.
***
Ýoldaş - elini uzadyp, seni ýerden galdyrandyr, dost bolsa öziniñem taýjagyna gözi ýetip durka, ýykylanyñda elini uzadan kişidir.
Toplan: @GaRa_TmyN
Dostluk barada ýadymda galanlardan
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Omar Haýýam: "Allahym! Meni dostlarymdan gora, duşmanlarymdan özüm goranaryn"
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Aýy dostlugy diýip soz duzumem bolmaly...
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Dost, dost diýilýänlerden şeýle jepalar gördüm,
Müň bir bela sataşyp, akdy gözümiň ýaşy.
Şolar ýaly dostlar bilen müň ýyl artyk ýaşandan
Öz ölmeli pursatyňdan ozal öleniň ýagşy.
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Dostlar bähbit gözläp gitdi tirkeşip,
Sag gitsin de aman bolsun goý, olar.
Barybir günlerim garañkyramaz,
Gijelerin altyn şöhlä boýalar.
Heniz gynanamok meniñ adymdan,
Öz peýdasy üçin geplänlerine.
Men gaýta: "Hormatdan nyşandyr" diýýän.
Naharyma zäher sepmänlerine.
Bähbit bolsun, doslar gitdi terk edip,
Sähel zat üstinde bolduk agzala.
Her kim her zatlara deñeselerem,
Durmuş diýlen meñzeş eken wokzala.
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Aýlygynam telim sanap alardy,
Olar biçak zordy hasap hesibe.
Gel gowsy goýaýyn bu gürriñi,
Adam gider çeken bolsa nesibe.
Ýok olar ýalñyşjak adamlar däldi,
Hökman ýedi ölçäp bir kesendirler.
Belki, çyn bahamy añlamak üçin
Şunça ýyl bialaç tirkeşendirler.
Dostlar gitdi, bulaşypdyr hasaby,
Emma dünýäm altyn şöhlä boýalar.
Tabagyma zäher sepmäni üçin,
Sag gitsinde aman bolsun, goý, olar!..
Çary ÝEGENMYRAT
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Batyr uruşda, dana gaharda, dost horlukda tanalýandyr.
*
Çagakañ iñ uly hossaryñ, ulalañda iñ uly ýürekdeş dost-ýaryñ atañ bn eneñdir.
*
Doganyñ dost bolsun, dostuñ dogan!
*
Dogry sözliniñ dosty Hudaý!
*
Donuñ täzesi ýagşy dostuñ könesi.
*
Akmak dostdan dana duşman ýagşydyr.
*
Akylly dostuny öwer, kemakyl aýalyny, samsyk özini.
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Gurbannazardan bir goşgy ýadymda galypdyr:
Dosta näçe serpaý etseñ az ýaly,
Näçe söýseñ şonça söýup ýörmeli.
Ýokdur dostuñ gymmady ýa arzany.
Dost dost bolar şoña janyñ bermeli
Yzy ýadyma dusenok...
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Ärden gitse ygtybarlar,
Sowar ondan dosty ýarlar.
*
Dura bara dosty sowyr,
Garyp galan barsyz ärden.
*
Dünýe dostlugynyñ tamasyn kesiñ.
*
Köñlüñ tapan dost ýolunda jan bergil.
*
Magşar gün gaýgysyz girer behişde,
Her kim çyndan bolsa dosty atamyñ.
*
Iki dostuñ arasynda,
Ýaman ýowuz iş bolmasyn.
*
Ýaman söz aýyrar ýagşy dostuñdan.
*
Geçi gurt dostlugna meñzär edişiñ.
MAGTYMGULY
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Hergiz ýazgydyndan närazy bolsa,
Ýürekdeş dostuny küýseýär adam.
*
Çagalykda at edindik hyşany,
Ýigit çykyp, dosta serbe ser gezdik.
Dostdan galan ýadygarlik nyşany,
Bir husydyñ baýlygyna bermezdik.
*
Dost gozlabem öñyetene dost diydim,
Emma yer goymadym wada kasama..
*
Dostlar öter gider emgekden gorap,
Soñ bilersiñ ony girse düýşiñe.
*
Erkim ýetse käbir dostlarmy satyp,
Lale uýam saña alardym köwuş.
ÇARY ÝEGENMYRAT
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Dostlarñy ýatdan çykarmak asla gowy däl, onsañam dostly bolmak bagty her kime nesibem edip duranok.
*
Adamlaryñ hatda birzatjagazlar öwrener ýaly wagtlary da ýok. Olar taýyn zatlary dükanlardan alaýýalar. Emma dost sowdasyny edyan dukanlar yok ahyry.
*
Esasy zat dostuñ barlygy. Ine, menem Tilki bilen dostlaşanyma örän şat...
KIÇIJIK ŞAZADA
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Gylyjym duşmany çapsyn, dosta ötmesin.
*
Dost bolup, duşmanlyk etme arada.
*
Dost bolan dostundan syryn gizlemez.
*
Gutulman munuñ destinden,
El tapman ýeriñ astyndan,
Haraý görmedim dostundan
Yat edeyin agam seni.
*
Dost aglap, ganym gülmesin.
GÖROGLYDAN
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Baslesigem bahana boldy, yaltanyp yordim şulary bir ýere toplamaga...
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Başgada üstini doldurmaga kömek etseñiz minnetdar bolardym, hormatly agzalar!!!👍
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Jorama (Suraý Babanyýazowa)
Asman ummanda ak bulut
Özbaşyna ýüzüp barýar.
Dostlañ perwaýsyzlygyna
Ýüregiñi ezip barýar.
Soñam olary bagyşlap,
Gulaçlaýar dag-deñizni.
Asmana garan wagtyñyz,
Şol ak buldy gördüñizmi?!
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Bildim men, dilbere bar bagtdan ozal,
Men gerek ekenim,
Dost gerek eken.
Duşmanyň soň özi seslener eken.
SARY BILBIL
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Ýeriñ yuzi saña señrik yygryp, saña erbetdir öýtselerem, öz wyždanyñ rahatka, hiç wagt dostsuz galmarsyñ.
JEÝN EÝR
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Onuñ töwereginde kitaplaryndan başga dosty ýokdy.
MARTIN IDEN
(ýadymda galşy boýunça, manysy bir hem bolsa, sözleñ ýeri üýtgeýän bolaýmagy ahmal)
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Dostlañ ýanyna eliñ boş barmak, degirmene bugdaýsyz barmakdyr. MÖWLANA RUMY
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Dostlam göge zyñyp herýan,
Eñdiler, agladym girýan.
Indi ýere gaçyp barýan,
Gel yetis gapsana enem!
*
Goý dostlarym gama munsin, men denzi yorap gecerin.
ŞAHRIBOSSAN
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Ýarym dostly bolanymdan, bitin duşman gazanaýyn. BERDINAZAR
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Duşman duşmandygny gizlap duranok,
Heran haçan dostsumakdan aga bol!
*
Erkek duşman bilen oñşaryn özüm,
Daş et, dost saýylan çüpejelerden
*
Bolsun dosta ygtybaryñ,
Saya salsyn eken bagyñ.
Ejizlejek bolan cagyñ
Dayanara arkañ bolsun!
BERDINAZAR
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Kim saňa kömek edýän bolsa we seniň hajatlaryňa tagalla-gaýrat edýän bolsa, seniň dostuňdyr.
Dostuň halamaýan zadyny söýmek dostlukdan däldir.
Şehr ibn Huşyp Eşgary
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Dost-dosty görmeklik ömür bahardyr. Dostluk armagy bilmez, dostlugyň näçe gadymy bolsa, ol şonça-da ýakymlydyr.
Siseron
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Çyn dostuň bilen didarlaşmaga sebäp bolýan zady nesibä ýorup bolar.
Abdylla ibn Mübärek
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Dostuňy köteklemek dost gazanmakdan ýeňildir.
Abu Derda
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Dostuň — saňa özüniň sözünden öňürti gözi bilen düşündirýän kişidir.
Abu Süleýman
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Bulaberme gamçyñy,
Köz galmasyn teninde.
Señ beren duzuñ üçin
Alkyş bar her deminde... birem şu goşgy yadyma dusyar dost diylende...
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- IÑ GOWY GÖRÝÄNLERMIÑ BIRI:
Dokuz-on ýürekli güm et hemmesin,
Barlyk serraby bol, goý il bilmesin!
Bir gün säher Dost gapysyn sübsele,
Dilegiň bitmese, şonda et göwün.
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- ...Şöhrat hem pul meniň üçin hiç zat. Meni bütin ömrüme adamlaryň mähir-mylakaty, dogruçyllygy, ýürekdeş dostlugy heýjana salýar.
FROST
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Çyn dosty küýsemeýän ýokdur, ýöne çyn dostly bolmaga mynasypmykam?" diýen sanjyny çekýänimiz köpmükä?
HYDYR AMANGELDI
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- «Dost men» diýer, lap urarlar ýalandan MAGTYMGULY
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Gynanamda solan dostum sag bolsun,
Begenemde gülen dostum sag bolsun,
Dogan ýyllar boýy gapymdan gelmez,
Her hepde de gelen dostum sag bolsun.
SARY BILBIL
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Pir Soltan ABDAL
* * * *
Müñ jepalar berseñ alman üstime,
Gaty şirin geldi dilleriñ dostum.
Nätanyş ýat ile meýil edäýseñ,
Gyş bolup baglaryn ýollaryñ dostum.
Ylahy oñmaga ýardan aýyran,
Bagdan bilbilleriñ ötýär oýan,
Gula kölge bolsa, Allaha aýan,
Senden aýrylalym gülmedim dostum.
Pir Soltan Abdalam gülim tirmişler,
Bu şirin janyma neneñ dözmişler,
Islesem dünýäniñ malyn berjekler,
Sensiz dünýä malyn neýlärin dostum.
Terjime eden: Nureddin KESEARKAÇLY
GaRa_TmyN 3 years ago- Dost dostuñ aýnasy.
Oziñi süýt bil dostuñy gaýmak. (Nakyllardan)