Türk edebiýatynyň ezber galamy Elif Şa­fak or­ta mek­de­bi Mad­rid­de oka­dy. An­ka­ra­da­ky Ýa­kyn Gün­do­gar Teh­ni­ki uni­wer­si­te­ti­niň hal­ka­ra gat­na­şyk­lar bö­lü­mi­ni ta­mam­la­dy. Yl­my işi­ni hem şol uni­wer­si­tet­de alyp bar­dy. Bu uni­wer­si­te­tiň sy­ýa­sat bö­lü­min­de “Türk döw­re­bap­laş­ma­syn­da ze­nan pro­to­tip­le­ri we gaý­rya­ňy­ýe­te ta­kat­ly­ly­gyň çäk­le­ri” di­ýen mow­zuk­dan yl­my işi­ni go­ra­dy. Elif Şa­fagyň ys­la­my­ýet, ze­nan we mis­ti­sizm mow­zu­gyn­dan ýa­zan işi Dur­muş bi­lim­le­ri gu­ra­ma­sy­nyň baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Elif Şa­fak Ys­tam­by­lyň Bil­gi uni­wer­si­te­tin­de “Tür­ki­ýe we me­de­ni kim­lik­ler (men­ta­li­tet)”, “Ze­nan we ede­bi­ýat” mow­zuk­la­ryn­dan sa­pak ber­di. 2003-2004-nji aka­de­mik ýy­lyn­da Elif Şa­fak Mi­çi­gan uni­wer­si­te­tin­de iş­le­di we sa­pak ber­di. Hä­zir Ari­zo­na uni­wer­si­te­ti­niň Ýa­kyn Gün­do­ga­ry öw­re­niş bö­lü­min­de sa­pak ber­ýär. “Ede­bi­ýat we sür­gün”, “Ha­ky­da hem sy­ýa­sat”, “Mu­sul­man dün­ýä­sin­de jyn­sy­lyk we jem­gy­ýe­te mah­sus jyn­sy­ýet” mow­zuk­la­ryn­dan sa­pak ber­ýär. Tür­ki­ýe­de dür­li gün­de­lik we aý­lyk ne­şir­ler­de ýaz­gy­la­ry bi­len yzy­gi­der çy­kyş edip dur­ýar. Tür­ki­ýä­niň “Re­fe­rans” ga­ze­ti­niň baş ne­şir mü­di­ri Eýüp Jan Sag­lyk bi­len maş­ga­la gu­ran Elif Şa­fa­gyň Şeh­ra­zat Zel­da (2006) at­ly gy­zy we Emir Za­hyr (2008) at­ly og­ly bar. 2009-njy ýy­lyň ap­rel aýy­na çen­li Tür­ki­ýä­niň “Za­man” ga­ze­tin­de we onuň “Pa­zar” at­ly go­şun­dy­syn­da ma­ka­la­lar bi­len çy­kyş et­di. 2009-njy ýy­lyň ap­re­lin­de “Ha­ber­türk” ga­ze­ti­ne geç­di. Elif Şa­fa­gyň il­kin­ji ki­ta­by “Ba­hyl göz­ler­de Ana­do­ly” 1994-de, il­kin­ji ro­ma­ny “Pyn­han” 1997-nji ýyl­da ne­şir edil­di. Ýa­zy­jy­nyň bu eser 1998-de Möw­la­na Je­la­led­din Ru­my­nyň ady­ny gö­ter­ýän Uly baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Eli­fiň ikin­ji ro­ma­ny “Şä­he­riň aý­na­la­ry” bol­sa, 1999-da çap edil­di. Ýa­zy­jy 2000-nji ýyl­da Tür­ki­ýä­niň Ýa­zy­jy­lar bi­le­le­şi­gi­niň baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lan “Mäh­rem” ro­ma­ny ar­ka­ly giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­niň ara­syn­da meş­hur­lyk ga­zan­dy. Ýa­zy­jy­nyň bu ese­riň do­wa­my­ny “Bit myh­man­ha­na­sy” (2002) we iň­lis di­lin­de ýa­zan “Di­war” (“Araf”) (2004) at­ly ki­tap­la­ry ýe­tir­di. Ylaý­ta-da, Elif Şa­fak 2004-nji ýyl­da bäş ýa­zy­jy­nyň bir ro­man ýaz­ma­gy bo­ýun­ça dö­re­di­len tas­la­ma­da orun al­dy, ol ro­man “Beş­pe­şe” ady bi­len çap edil­di. “Joş­gun bi­len gaýt­gy­nyň ara­ly­gyn­da” (2005) at­ly ki­ta­byn­da Elif Şa­fak ze­nan, kim­lik, me­de­ni bö­lün­me­ler, dil we ede­bi­ýat ha­kyn­da­ky ýaz­gy­la­ry­ny bir ýe­re jem­le­di. 2006-njy ýyl­da çap et­di­ren “Ka­ka­sy we çöp­düý­bi” at­ly ese­ri­ni iň­lis di­lin­de ýaz­dy. Türk-er­me­ni gat­na­şyk­la­ryn­dan söz aç­ýan ro­ma­ny üçin gar­şy­sy­na iş goz­gal­sa-da, hiç hi­li gü­nä­si ýok diý­lip ak­lan­dy. 2007-nji ýyl­da ze­nan­la­ryň dur­mu­şyn­dan söz aç­ýan “Ga­ra süýt” ro­ma­ny oky­jy­la­ra go­wuş­dy. Bu ese­ri oky­jy­la­ryň ara­syn­da giň ses­len­me tap­dy. Elif Şa­fa­gyň ahyr­ky ro­ma­ny “Yşk”-dyr. Bu eser­de yla­hy we za­hy­ry söý­gü­den söz açyl­ýar. Eser köp­çü­li­ge ýe­ti­ri­len gü­nün­den baş­lap iň köp sa­ty­lan ro­man­la­ryň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Elif Şa­fak dün­ýä­de iki dil­de (türk hem iň­lis dil­le­rin­de) eser dö­red­ýän az san­ly ýa­zy­jy­la­ryň bi­ri­dir. Ýa­zy­jy­nyň eser­le­ri­niň en­çe­me­si iň­lis, ne­mes, ital­ýan, pol­ýak... dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­di.

Köneler, Ga1taman tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir