1. Okamaga het edip bilmedik, ýöne isleýän kyn kitaby saýlaň. Ony 100 gün möhletde okap boljak boluň.
2. Her gün täze bir zat öwreniň. Mysal üçin, gülüň ady, uzak ýurduň paýtagty, halaýan it tohumynyň ady we ş.m. Agşam bolsa, geçen günüň dowamynda öwrenen ähli zatlaryňyzy kelläňizde aýlap, sözlük alyp, täze söz öwrenip bilersiňiz.
3. Iň soňunda, ähli ýurtlaryň psihologlarynyň we düýbünden başga pikirleriň gaýtalaýan maslahatyna eýeriň - her gün durmuşyňyzda minnetdar bolýan 5-10 zady kagyz ýüzüne ýazyň.
4. Geljekki 100 günüň dowamynda arz etmegi bes ediň. Ýaramaz pikirler negatiw netijelere getirýär. Her gezek arz etmek isleýän bolsaňyz, özüňizi saklamaga synanyşyň.
5. Geljekki 100 günüň dowamynda, Säher sahypalaryny ýazyň - irden ýörite bir depderiňize ýazjak ýönekeý aň akymy. Bu oýanandan soň eden ilkinji işiňiz bolmaly.
6. 100 günüň dowamynda, günde azyndan 1 sagat goşmaça girdeji çeşmesini tapmaga ýa-da döretmäge sarp ediň.
7. Yzygiderli maşk ediň.
8. Geljekki 100 günüň dowamynda ünsüňizi kim bolmak isleýändigiňizi we nämä ýetmek isleýändigiňizi pikirlere, sözlere we şekillere gönükdirmäge synanyşyň.
Yylgyn 3 years ago- Gowy eken