IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 19
191. Adatça gymmat-baha daşlaryň ölçeginde karat ulanylýar. Grek dilinden terjime edileninde "keration", çowdary(рожкового) ösümliň dänesiniň adyny aňladýar(Seratoni). Bir-birinden düýbünden tapawutlanmaýan bu däneleriň agramy 0,2gram bolup, ol däneleri grekler, gaty dogry ölçegler üçin ulanypdyrlar.
192. Möjekler aýa(луна) bakyp uwlanoklar. Olar üçin uwlamaga haýsydyr birzat gerekdäl. Bu aň-düşünjeli jandarlar bir-birleri bilen ara-gatnaşyk saklamak üçin uwlaýarlar, şeýle usul bilen olar ýoldaşlaryna aw tapandyklaryny duýdurýarlar(eger siz möjek uwwuldysyny eşitseňiz onda goragyňyzy has-beter güýçlendirmeli sebäbi möjekler tarapyndan iýilmegiňiž ahmal), toparyň hereketlerini aýdýarlar, beýleki toparlara özleriniň ara-çäklerini duýdurýarlar. Olaryň aýa bakyp ulamalary baradaky rowaýatlar bolsa, möjekleriň diňe agşamlaryna uwlap, agşamky awçy bolup, kellerini ýokaryk galdyryp ulaýanlary üçin döredilden.
193. Garynjalaryň bir-birlerine maglumat bermekleri üçin feramonlary(yslary) ulanylýanlygy alymlara bir-eýýämden bäri mälim, emma garynjalaryň hasaplap bilýänini bolsa ýaňy-ýakynda bildiler. Barlaglar(экспериментов) edilen mahaly, gözleýji-garynja(разведчик) barlag-labirintde iýmit tapan wagty, şol iýmit baradaky maglumaty öz egindeşlerine iberýär, ol bolmaşynada labirint näçe kyn-çylşyrymly boldugyça, şonçada köp maglumat iberdi. Netijede beýleki garynjalar, gözleýji-garynjaň görkezen ýerine bardylar. Alymlary "eger gözleg-garynjanyň feramon yzyny pozsaň onda başga garynjalar näderlerkä?" diýen sorag gyzyklandyrdy. Görülip otyrylsa hatda feramonly yz pozulanyndan soň hem başga garynjalar iýmitiň bar ýerine ylgadylar(labirint ys geçirenok, iýmit labirintde görünenok). Bu diňe birzady, ýagny gözleg-garynja egindeşlerine iýmitiň nirdedigini aýtman, eýsem "nirde näçe öwrümleriň barlygyny, nirelerden nädip öwrülmelidigini" aýdýar. A beýleki garynjalar bolsa aýdylan zatlary ýatda saklap, üste-üstüne şol öwrümleri hasaplabam bilýärler.
194. Gurbagalar ýuwdunan mahaly çeýnäp ýa-da dillerini ulanyp bilenoklar. Onuň ýerine, ýörüte myşsalar arkaly gözlerini içlerine çekip iýmiti aşgazana ugradýarlar. Ine şu sebäpli iýmitlenen wagtlary gözlerini güýçli ýumýarlar. Köplenç olar aşgazanlaryny agyzlaryndan daşyna çykaryp elleri bilen arassalaýarlar. Belki şu sebäplidir, ertekidäki şazadalaryň gurbagalara deňelmegi.
195. Ýapon Sumoçylarynyň çaga agladyşlary baradaha belläp geçipdik. Şuňa meňzeş milli-däpler başga ýerlerdede duş gelýär. Hindistanda ýaňy dogulan bäbegi, hramyň(hindileriň çokunýan ymaraty, binasy) üçeginden(depesinden) aşak, açyk duran tente(uly mata bölegi) oklamak milli däp-dessurdur. Bu adat(ритуал) bala-çagalara hökman bagt we şowluluk getirer diýip ynanýarlar. Beýikligi hem gorkuly: Maharaştra ştatynyň Musti obasynda bolsa, balalary 5-nji etaždan zyňýarlar.
196. Nadýa Wessiniň aýagynyň dogabitdi kemçiligi bolanlygy sebäpli ol aýaklaryndan amputasiýa(kesmek) arkaly jyda düşdi. Emma bu onuň suwda ýüzmegine we gowy sport ýarşlara gatnaşmagyna päsgel bermedi. Bir gezek bir kijijek oglanjyk onuň "aýaklarynyň nämçün ýoklugyny" sorady. Nadýa bolsa "Men SuwPeri(Русалка)" diýip jogap berdi. Bu pikir oglanjyga şeýlebir ýarady weli Nadýa bu arzuwy amala aşyryp, SuwPeriň guýrugyny edinmegi ýüregine düwdi. Dünýä belli "Awatar" we "Ýüzükleriň şasy(Властелин Колец)" ýaly filmleriň wizual effektlerini döreden "Weta Workshop" studiýasy Nadýa kömege geldi. 2011-nji ýylda şol studiýanyň ussatlary taýyn rekwizit(oýunda artistleriň ulanýan hakyky ýa-da ýasama geýimleri we ş. m. zatlary) bilen polikorbanatdan guýruk ýasadylar. Nadýa bu guýrukda ýüzmegi öwrendi hem filmlerde, reklamalarda surata düşüp başlady. Bu üsdünlik Nadýa köp girdeji we şöhrat getirdi.
197. XVII-XVIII-ýüzýyllykda Rossiýanyň baýlary we söwdägärleri ýönekeý halk-adamlara garanyňdan köpräk garabükür(цинга) keselinden keselläp başladylar. Sebäbi ýönekeý halk turp, sogan, kelemýaly ýönekeý emma witaminli gök-önümler iýýärdiler. A baýlar we söwdägärler bolsa beýle gök-önümleri iýenokdylar(sebäbi özlerine kiçilik bilýärdiler). Şol sebäpli hem şol döwürler adamlary baýlygyndan-garyplygyndan aňsat tanap bolýardy. Ýagny garabükür keselli bolan adam baý, sebäbi ol gök-önüm iýenok, sagat adam gök-önüm iýýär. Şol sebäpli hem "garabükür kesel-abraý" hasaplanypdyr.
198. Italýanlar görüşenlerindede, hoşlaşanlaryndada "Çao" sözi ulanýarlar. Polşanyň halky bolsa "Çeşç", Wengriýallar "Sia", Gawaýalylar bolsa, hem "Salam" hem "Hoş sagbol" sözleri aňladýan "Aloha" sözüni ulanýarlar.
199. Hytaýyň merkezine köp kömür getirýän uly ýük maşynlaryň köp gatnawy we Hytaý-Tibet uly gatnaw ýolunyň 2010-njy ýyldaky abatlaýyş-işleri wagtynda(ремонт)-taryhda iň uly awtoulag garaşygynynyň döremegine(пробки) sebäp boldy. Ol probkanyň uzynlygy 250km bolup 12 gün dowam etdi. Ýurdumuzda probka bar diýip güldürmäň.
200. 1938-nji ýylda Uolt Disneý "7 girdenek we Garpamyk" animasion filmi üçin "Oskar" baýragyny aldy. Oňa 1 uly we girdeneklerýaly kiçi 7 heýkel berdiler. Disneý taryhda iň köp 26 "Oskar" alan adam.
Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.
Real.123. 3 years ago- 👍👍👍