“Mançester Ýunaýtediň” eýeleri iňlis klubunyň satuw bahasyny kesgitlediler diýip, “Irish Mirror” neşiri habar berýär. Muny prostoprosport.ru ýetirýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, işewür doganlar Joel bilen Awram Gleýzer başlangyç satuw bahasyny 4,6 mlrd ýewro möçberinde bellediler. Eýeleriniň özleri “Mançester Ýunaýtedi” 2005-nji ýylda 790 mln funta (910 mln ýewro) satyn alypdylar.
“Mançester” täze ýaryşa giren Angliýanyň Premýer-ligasynyň alty klubunyň hataryndady. Ýöne birnäçe günden soň janköýerler, oýunçylaryň özleri we britan hökümeti tarapyndan köp sanly garşylyklaryň we tankytlaryň bolmagy sebäpli, ol täze ýaryşdan çykdy.
Klub 2012-nji ýyldan bäri Nýu-Ýork fond biržasynda söwdalaşýar, ýöne Gleýzerler paýnamanyň dolandyryş bukjasyny saklaýarlar. Super liganyň taslamasynda esasy şahsyýetleriň biri bolan klubuň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ed Wudword 2021-nji ýylyň ahyrynda “Ýunaýteddäki” wezipesinden aýrylar.
Mançester Ýunaýtediñ eýeleri kluby 4,6 mlrd ýewro satmak kararyna geldiler.
-
shаhyr
3 years ago
- Saturn dal Satyn
-
Zalymm
3 years ago
- Yunayted shu yyl europa ligasynyñ kubagyny alar MAN UNITED 6- 2 ROMA
shаhyr 3 years ago- Kluby Conor Macgregor Saturn almakcy,Ronaldo transfer bolmaly,Zidan treyner.